Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

ÜMÜR ESENIÒ belli ºahslar barada toplan rowaýatlaryndan


Mazmuny:

(rowayatlar-2.htm)

(rowayatlar-3.htm)

 

ÝAGªYLYK EDIP ÝETIªEMOG-A

- Magtymguly aga! Siz ile belli ºahyram weli, hol pylany bar-a. Ana, ºol siz barada bir ýakaºyksyz çöwre gürrüòe baºlasa, asyl, gutarar ýerde gutarybam bilenok-da.
- Ýok, sen meò ýanymda beýle bolar-bolgusyz zady aýdyp oturma. Aýdaýsaòam, bilip goýgun, oòa ynanman. Sebäbi o diýýän adamyò meò gürrüòimi etmez. Üçinimi? Häzirlikçe men ol kiºä ýagºylyk edip ýetiºip bilemok. Çünki bu külpetli eýýamda ýagºylyk edenleriò ilki garºyòa çykyp ugragyç bolupdyr-a.

ýokaryk

AZADYNYÒ DÜݪI

- “Ýaz düýºüniò ýary ýalan, gyº düýºüniò bary ýalan” diýipdirlerem-ä welin, halypa, öten agºam bizem-ä geò galaýmaly düýº görendiris.
- Aýdyò, Döwletmämmet molla, erenler düýºi, pygamberler ýorgudy bolsun.
- Daòa golaý elime bir düwme gowºurýarlar. Gabarasy goçagam däl ýaly welin, ºeýle bir ºirin owazy bar, hoºuò gelsin. Süòòüòe sarsgyn salºyna, ed-dil aòkaòy aºyryp gelýär. Onuò nägeòsi gudratlygyny soramda-da: “Munuò mukamy magrypdan maºryga ýetäýmelidir” diýºip otyrlar.
- Dogrudanam, düýºüòiz-ä oraºan ýaly. Ýöne aýtsaòyzlaò, zagypaòyz hamyla dag-a däldir-dä?
- Hamyladyr özün-ä.
- Onda siziò ogluòyz bolup, onuò pähim-paýhasdyr hoº zybanlyk owazasam magrypdan maºryga ýaò salar, Döwletmämmet molla - diýip, bu düýºüò ýorgudy ýetirilensoòam, uzaga galman Magtymguly Pyragy dünýä inipdir.

ýokaryk

 

EGRI OTURYP, DOGRY GEPLEªMÄGE...

- Ýeri, how, Keýmir, maslahata ºeýdip gelmelimi? Bagyrak arwanaò bilen bu gotur geçileò nämäò alamaty? Geòeºe getirmäge geòeºdar ýaºuly kethudaò, aksakgaldyr garasakgalyò ýokmudy? Nä olaò gyryldymy?
- Sen, Nedir, gaòòaòy gyºardyberme! Ýaºulyò ýerine ºu keººik janawer. Aksakgalyò dereginem ºu ak azman, gara sakgalyò ornunam hol, gara erkeç tutmasa hasabam däl. Akylly-baºly maslahatyòa-da özüm bar. Seò bilen egri oturyp, dogry gepleºilmäge gelnendir.

ýokaryk

OL "OTUM-ORAGYM" DIÝÝÄR-Ä

Keýmir kör bir ýola Annaseýit wekil dagy bilen ýaýlymly küreniò içinden geçmeli bolýar. Obanyò orta gürpüne ýetiberenlerinde, olara çaganyò aglamyºlaýan sesi eºidilýär. ªonda Keýmir aga töweregindäkilere yºarat ediºine, atynyò jylawyny çekýär:
Diòºirgenip durºuna-da:
- Merez! Zäher! Zakgun! Haý, sesine suw sepilmiº-ä - diýip, käýinjiräp ugraýar. Soòam hyrçyny diºleýºine, ýoluny dowam etdirýär.
Esliräk ýörelensoò, ýene-de bir oglanjygyò agy sesi gulaklaryna ilýär. ªol halat Keýmir ýaºuly ýanyndakylara elini salgaýºyna, üzeòòä galyp:
- Hany, hany! Biraz tagapyl kylyò! Be, be, gerçegim! Heý, beýdip ökdin-ökdin edibem adam aglarmy? Goýaweri. Aýp bor-a! Seò ýaly ogla, asylha-da, aglamak ýaraºanog-a - diýºine, ugramak bilen bolýar.
- Keýmir aga! Biz-ä size düºünen daldiris. Öòküjän-ä döwdüò, soòkujanam öwdüò. Aýtsaòyzlaò! Bizem olaò sebäbini eºidäýsek.
- Sebäbini diòläsiò gelse, Annaseýit kethuda, ilki peläket-ä “Oturym-oragym”, ýaòkyja ballymam “Atym-ýaragym” diýip aglaýar ekeni.

ýokaryk

 

ªEÝLE OGUL DOGRAWERIÒ...

- Keýmir aga, kyn görmän, atyòyzdan düºägetdin, haýsymyzyò il derdine ýarajak çyn ogul dogurandygymyzy takyklap beräýseòiz.
- Wah, oò kynçylygy bolmaz, gelinler - diýen Keýmir kör ilki birinji gelniò goltugyndaky çaganyò çekgesine çalýar. Gör-ä, ony, çyrlap beýleki etmeden-ä elli bizar, gaýta. jykyrdap otyr.
- Bu bir binamys. Baºarsaòyz, il-güne gep getirjek bu kysmylar üçin agzyòyzam bimaza etmäweriò.
Soòra Keýmir aga ikinji gelniò gujagyndaky bäbegiòem dulugyna berkdirýär. Ol kemiº-kemiº ediºine, aglajagyny-beýlekisini bilmän, serimsal halda galýar bir azara.
- Bunyòam, gelin, aý, ýöne bir zat-da. Çöpe-çöre çöròeºip, mal-garaò gapdalynda görnäýmese, bilmedim-ow. Baºga bitiren goºy bolaýs-a.

Ondan soò Keýmir aga üçünji körpäòem ýaòagyna ýelmeýär. Oòa namys eden çaga bolsa, gözüniò agyny köpeldiºine, içigip-içigip, uly ili bilen zörledip ugraýar.
- Ine, munyò edenli ogul, jan gelin. Gaýratyòyz çatsa, ºunuò ýaly ogul dogurjak bolaweriò. Çünki bular gylyjyny ýalap, ýaga garºy durup, il-ulus üçin baºyny beribem biler.

ýokaryk

TAMDYRLARA SER SALYP...

- Be, ýigitler, birhili içimiz gorlup ugrady welin, asyl, çaý wagtam golaýlaýan ýaly-la?
- Aýtsaò-aýtmasaò-aýt, Keýmir aga, onda näme, ine, ºu gabadymyzdaky obada düºläp, billenip ötäýdeliò-dä?
- Ýok, ini, häli-häzirlikç-ä, üç oòurgadan ýum-da, arkaýynja sürgüläber. Bu kürende seò bu agyr lakaºaòy myhman alybiljek ýüregi tamdyr ýaly bir kiºem ýok - diýen Keýmir kör ýanyndaky geçeklerini eýgerdip barºyna, baºga bir uzyn hataryò gyrasyndan girýär.
- Onda bu obada ýük ýazdyryp, ýürekse edinäýeliò-dä, Keýmir aga?
- Ýok, namazyòy bozman, ýöräber entejigem. Bu ýerde hem: “Hany, geleweriò, gadyrdanlar” diýip, ähli mürdi-melamadyòy boýnuna göteribiljek ýüregi gola kysmy ärmämmet tapylaýmasa gerek - diýip, atlylarynyò öòüni çekip barýan Keýmir aga ahyry ýene bir uly syrgynyò orta gürpürägine aralaºýar.
- Keýmir aga! Nähili bu hatarda bir aýak saklap bilermikäò?
- Bu obadamy? Haý, ini, bu obaò haýsy tüýnügine barsaò baraý. Atyòy tutup, söwüº soýma bilen bolubererler - diýen Keýmir kör ýanyndaky ýigitleri tirkäp, bir ak öýüò iºigine golaýlasa, ediljek aýdylyºy ýaly.
ªeýdip, ol ýerde bir täk dagy myhmançylykda bolan Keýmir aga öý eýeleri bilen allaýarlaºyp ýola düºýär.
- Keýmir aga, aýtsaòyzlaò. Näme üçin gabat gelen ilki obalarda düºlemän, ala-böle bu syrgyna sowlaýdyòyz-la?
- Soranjaòlygyò üçin bir “Berekella!” Jan ini! Sen-ä “Öýkeländenem, soranjaòdanam tama ediber” diýenlerine ýetip barýaò, tüweleme.
Hawa, birinji kürende her hütdügiò alkymynda öz tamdyry bar. Seredensiò-ä. Guýyò gapdalragyndaky bir öýde bolsa, iki tamdyra-da gözüm kaklyºdy.
Ol öýüò bulamakçysy töweregindäkileriò ählijesi bilen itiòkini iki kesiºip, enjebiýlige ýetiºine, her gün bir tamdyrynda ot goýberip, has tirsigen goòºusynyò gözüne tüsse gapdyrmaga çalyºýan bora çemeli. Onsoò, näme, ol obanyò agzybirliginiò nägeòsi boljakdygy barasynda özüò oýlanyber.
Soòky gapdalyndan geçen obamyzyò oòºukdyr tabrymbirligem seniòmi däl. Diýseò ýabygorly. Gördüòiz-ä, her iki-üç öýe bir tamdyr. Onsoò bir agza bakybilmän, tamdyryny kömelek kysmy köpeldýän oba seò bi on oýnam atlyò ha hötdesinden geler bil, ha gelmez bil.
Ýaòky düºläp gaýdan obaòyz bolsa, uçursyz agzybir. Synladyòyz-a, bary-ýogy üç tamdyrlary bar. Özlerem bir kellebaºaýagyò dogramasynam deò-derman dadyºjak bolup gara heläk. Çüpejeleriniò goòºy okara gezdiriºleri dagam diýseò täsindir.
Hawa, ýigitler, ol obada öwrenere-saldarlara zat uçursyz kän. Kethudalary dagy nähili! Bir ardynjyradygy, ýedi ýaºardan ýetmiº ýaºlysyna çenl-ä däl, hatda ýaòy ýörjen-ýörjenlerem sesini kesip, gözüni tegelemek bilen.
Düºlänimiz-ä, bir orta hal öý welin, dessine, daºymyza hümer bolup, elimize suw akydyp ugradylar.
Ana, iniler, türkmen agaò ogul-gyzy ºeýle agzybir obalary emele getirip, tapanlaryny deò ýalaºyp, myhman-mediwanyna-da edil size ýaòky garalyºy ýaly garamagy baºarsa, onda olaò almajak galasy, bitirmejek biteligi bolmaz - diýen Keýmir aga jylawy deòläp ugraýºyna: - Onsoòam, ýeriò giòinde bir zat sargap goýaýyn. Eòòidiòiz agzybirlige bolsun. Çünki yrsgalam, döwletem agzybirlikdedir - diýip dillenipdir.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Rowaýatlar (mazmuny)

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk


Durmuºda bolup geçen bir taryhy waka, ºahs bilen baglanyºykly erteki häsiýetli hekaýa rowaýat diýilýär.