Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

KERIM GURBANNEPESOW


Mazmuny:

(gurbannepes-2.htm)

(gnepes-yurek.htm)

 

ÖMRÜME PENT

ªahyr! ªahyrlygyò çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyò çuò bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliòden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyò demiò bilen ýakyp al,
Soò ýene-de ýeriò süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda - çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda - tirkeº-tirkeº bulut bol.
Teºne görseò, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr: müò ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna ºaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garºy yòyp git.

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soò tapylar, galan zady zyòyp git.

Dost paýlansa “Äber” diýip gyssanma,
Alaòdan soò - gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse -
gözleròi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oòup git.

Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý -
Parhy ýokdur: geýseò bolar erkek deý.
Ýöne weli ºypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doòup git.

Sorasaò aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa - kyýamat ºodur.
Her baºy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäº telpegi
bir gyòaja daòyp git.

Gözelligi
sor bagryòa, öýkenòe.
Söýülseò söý, söýülmeseò süýkenme.
Söýgi hem goºgudyr! Kiºä öýkünme,
Öz möhrüòi, öz közüòi goýup git.

Ýeòip ýaºa: ahyrda ýeò, baºda ýeò,
Tomusda ýeò, ýazda, güýzde, gyºda ýeò.
Söýgiòde ýeò, gaýgyòda ýeò, iºde ýeò -
Bir oguldan
ýeòilip hem ýeòip git.

Ýeòsin ogul
dil bilen däl, iº bilen.
Seòkä görä has ýitiräk huº bilen.
Aýak däl-de, parasatly baº bilen
Ýeòse ogul -
gözüò rahat ýumup git.

Gözüò sürtüp merhum enäò alnyna,
Bir aglapdyò. Indi beri aglama:
Öz balaòy eliò bilen jaýlama,
Nobatynda mele ýere sümüp git.

Dünýä gelmegiò-de
nobaty ýagºy,
Ýene ölmegiò-de
nobaty ýagºy.
Men diòe bir zatda nobata garºy:
Dost öýünde islän çagyò gonup git.

Baºarsaò - köplügiò içine garyº,
Tanyºdan dost tutun, ýatlardan - tanyº.
“Žiguliò” içinden gözleme durmuº,
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüòde ýürekdeº myhman -
Ýary iºçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, ºahyram hökman.
Üýºüp, çaºyp,
çar tarapa eòip git.

ªeýle dostlar bilen gezseò birsellem -
Ýetersiò iò uly matlaba çenlem.
Gadamyò giòden ur!
Entekler ellem
Hol öòde-le... Ýaº hakynda dymyp git.

Haly wagtyò meòzemegin kilime,
Diri wagtyò gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyò öýkünmegin çilime -
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daº oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriò astynda-da daº gyt däl,
Bakylyk ºol:
ªol daºlara siòip git.

ýokaryk


ÝAZMASY AGYR DܪEN GOªGY

Bütin oba garaºyp dur.
Ýola bakýar hemmeler.
Atasy pyºyrdaýar:
“Geler. Geler. Geler”.

Gelnejesi pyºyrdaýar:
“Gelermikä? Kim biler...”
Atasy göwünlik berýär:
“Geler-le... hökman geler”.

Gök toraòòyò saýasynda
Ýüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
Turºy damja damyp dur.

Ýygnanyºdy babadaºlar,
Içginler hem daºgynlar.
Ne signal bar, ne ºowhun-
Dymyºyp dur maºynlar.

Geldi dürli maºynlar -
Gyzyl, sary, ýaºyl, ak.
Geldi garaºylmaýanlar.
Garaºylýan gelenok.

Göýä pikir hem etmän
Bu gürrüòler babatda.
Ak guº kimin irkilip,
Ene ýatyr tabytda.

Göterlerne garaºyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene ýatyr üstünde
Giò maòlaýly,
Agajet.

ªol enäniò ogluna
Garaºyp dur hemmeler.
Geldi tanyº, nätanyº -
Geldi ºondan öòòeler.

...Ol henizem gelenok.
Meger, häzir ýoldadyr.
Iò söýgüli ulagy
Samolýot däl, “Wolgadyr”.

Ýöne weli uçurýandyr
Samolýota deòeçer.
ªondan yza-ha galmaz,
Oòarsa öòe geçer.

Ol henizem gelenok...
Meger, häzir ýoldadyr.
Ýa-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.

Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
Ýaòy bolsa has ullakan
Bir stula mündi ol.

“Sypaýmasyn birden!” diýip,
Oturandyr ýapyºyp.
Owadanja gelinler
Çaý çekýändir çapyºyp.

Üýtgeºikdir öòündäki
Kiºmiº, kemput, ºokolad.
Ýa gök çaýyò humaryna
Ýazýandyr bir doklad.

Ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,
Ýazýandyrlar baºgalar.
Ýaranjaòlar her sözüne
Ellerin çarpyºarlar.

Ol bolsa özi ýazýan dek
Gülümsirär, ýylgyrar.
Ýazanlar onuò deregne
Utanjyrar, ýygrylar.

...Ýigrimi ýyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony oòa gutardan hem
Tabytdaky ezizi.

Güýzde pagta ýygypdy.
Gyºda körek çöpläpdi.
“Oglum ullakan okuwda!”
Buýsanç bilen gepläpdi.

Howdan gurdy, gazy gazdy
Laýa batyp dyzyndan.
Ýygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.

Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
Üçlügini, manadyny,
ªaýysyny, köpügni-

Artdyranja puljagazyn
Atdy ºonuò içine.
ªeýde-ºeýde kyrk ýaºynda
Ak çozupdy saçyna.

Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp ýykyldy.
Ol ºonda sypap otyrdy
Bir gözeliò çokulny.

Dakýardy enäò pulundan
Her barmagna bir ýüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegine bilezik.

Söýüºdi, gujaklaºdy.
Paýtagtdan jaý tutundy.
...Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.

Ene käte paýtagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diýdi: “Ýok etsene
Bu porsy garabagty!”

Ogly diýdi: “Ýakymsyz
Ysyò bar-la, jan eje.
Bu eýýamda arassa
Bolmaly myhman, eje!”

Ene diýdi: “Wah, jan ogul,
Her niçe porsasak-da,
Ulalansyò, ýetiºensiò
ªu porsuja gujakda...”

Soòra bolsa uzak gije
Ýorganynda aglardy.
Daòyò atarna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.

...ªeýde-ºeýde günler ötdi,
Aýlar ötdi nobatly.
Edeni ºowuna boldy.
Durmuº ony aýnatdy.

Her sözünde bir oýun,
Her elde bir desmaly-
Bir ýyl bäri saklap otyr
Has uly bir stoly.

Bu gün bolsa enesi
Amanadyn tabºyrdy...
Gelen telegrammany
Stolunda ýygºyrdy.

Ony aýalyndan baºga
Görkezmedi hiç kime.
Är-heleý karara geldi:
“Barsak bor-la üçüne!”

...Bütin obaò gözi ýolda.
Garaºyp dur hemmeler.
Atasy pyºyrdaýar:
“Geler, geler, geler”.

Onýança-da
“Gelýär!” diýip,
Ardyndy bir ýaºuly.
Göründi ýaºyl meýdanda
“Wolgalaryò” ýaºyly.

“Geler diýdim ähbeti!”
Bir daýandy atasy.
Gara-köýük ýüzüniò
Artyp gitdi ýagtysy.

Onýança-da ýaºyl “Wolga”
Aºak indi ýapydan.
Geljek adamyò deregne
ªofýor çykdy gapydan.

“ªu gün gelip biljek däl.
Gyssagly bir iº çykdy...”
Birden ataò gözlerinden
Iki çogdam ýaº çykdy.

Ýetmiº ýaºyò içinde
Aglamadyk ol goja,
Gözýaºyny süpürdi-de,
Bir
ýylgyrdy çalaja.

Ol ýylgyryº ömürbaky
Çykmaz meniò ýadymdan.
Beýle aýylganç ýylgyrºy
Görmändim men adamda.

...Göterdiler enäniò
Ak guº ýaly tabydyn.
Ýaz ºemaly ykjatdy
Üstündäki mawudyn.

Salladylar çukura
Ak saçly bir dünýäni.
Içki öýüò gapysyna
Eltilende enäni -

Iki omzuny diräp
Çukuryò eròegine,
Hiç giresi gelmedi
Öz girmeli öýüne.

Iò soòkuja pursatda-da
Öz ogluna garaºdy.
...Ýazsamam ýazdym weli,
Agyr düºdi bu goºgy.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / XX asyr türkmen edebiýaty / Kerim Gurbannepesow

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

Kerim Gurbannepesow
(1929-1988)

Türkmenistanyò halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyò eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyò Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruº döwrüniò agyr kynçylyklary sebäpli olaryò maºgalasy Tejene göçmeli bolýarlar. ªahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyò boýunda gurulýan suw howdanynyò gurluºygynda iºlän döwründe ýörite gurluºykçylar üçin çykarynýan gazetde jogapkär sekretar bolup iºleýär. 1949-1951-nji ýyllarda goºun gullugynda bolup dolanyp geleninden soò ýene-de žurnalistlik kärinde iºe baºlaýar.

Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleºiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde iºledi. Ol Ýazyjylar soýuzynyò baºlygynyò orunbasary, Prawleniýe agzasy, Türkmenistanyò Ýokary sowetiniò deputaty bolup, il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat etdi.

Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyò 1-nji sentýabrynda aradan çykdy.


ªahyr! ªahyrlygyò çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp,
ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyò
çuò bolýan bolsa,
Gara ýere
çümüp, çykyp,
çümüp git.