Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

KERIM GURBANNEPESOW


AKTUAL POEMA ÝA-DA GOªGULAR ÇEMENI
(bölekler)

***

POEZIÝA MODADAN GAÇÝAR diýýärler,
Beýle gürrüò daºgarydyr kadadan.
Bir mahal poeziýa modadan gaçsa,
Ertesi Söýgi hem gaçýar modadan.

Ýer ýüzünde barka Ýigit bilen Gyz,
Hem barka ýanynda Wysal, Aýralyk-
Poeziýa hemra bolar Ýaºlyga,
Öz söwer dostundan gitmez aýrylyp.

Ýer ýüzünde barka Ak bilen Gara,
Bile gezip ýörkä Haýyr bilen ªer-
Poeziýa ähli ºerlere garºy
Göreºipdi,
Göreºip ýör,
Göreºer.

ªer diýilýän zatdan halas bolup Ýer,
Haýyr tutan güni önuò öwezin-
BEÝIK MISSIÝASYN BITIREN ªYGYR
Lowurdadar
öz ýeòiji gözlerin.

Gomerden, Puºkinden, Magtymgulydan,
Ýene kän uludan baºlanyp gaýdan
Çyn ºygyr hiç haçan modadan gaçmaz,
Ony asyrlara äkider adam.

Ýöne kör goºgulaò,
göýdük goºgulaò
Ykbaly hemiºe bolupdy agyr.
ªolardyr ºu günki modadan çykýan
Hem ertir hasapdan çykmaly ºygyr.

...Öz gözlerim bilen gördüm men ºu gün
(Kime gerek bolsa-adresi anyk):
Bir ºahyry
satyp duran ekenler
Baºga bir ºahyryò biline daòyp.

Dýuma ata bilen Pýotr Birinjiò
Biline saralgy ýene-de biri...
Geldi-de owadan zenan maºgala,
Tussagdan boºatdy iki ýesiri.

“Ýesirleò puluny töläýin, ýöne
Özleri durubersin!” diýdi-de zenan,
Gerekli kitabyn aldy-da gitdi.
(Ne günlere düºdüò,
Eziz Poeziýam!)

Zenan ºeýtdi gitdi. Satyjy bolsa
Öwrendekli eken. Däldi piòine.
ªerlogyò biline daòdy-da ony,
Atdy ýene alyjyò öòüne.

Bir gapdalda duran ak bägül gelin
(Ýanynda-da nika ýüzükli gerçek)
Hümürdedi:
“ªeýdip ºahyr bolandan,
Biz-ä ölenmizem gowurak görjek...”

Ine,
ªu “poeziýa” modadan çykýar,
Tutuº hasapdan-da çykar ol ertir.
Ýer bilen asmanyò aralygynda
Galypdy, galyp ýör, galar ol ýetim.
Ýetime hemiºe kömek beriler,
Emma bu ýetime... kim kömek ýetir?!

***

TAMDYRA MODADAN GAÇÝAR diýýärmiò?
Düºünýän: tamdyra diýýäniò dutar.
Ýöne tamdyra modadan gaçsa-
ªo gün tamdyryò hem modasy gutar.

Arkaýyn çalyber tamdyrajygòy.
Modalar sowular. Myº-myºlar geçer.
Eje, kaka hiý modadan gaçarmy?
Tamdyra-kakaòdyr,
Tamdyr hem ejeò.

***

BEDEWLER MODADAN GAÇÝAR diýýärler
Beýle zada ýol berilmez hiç haçan.
Modadan gaçsa-da, bedewler däl-de,
Bir topar eºekler
Modadan gaçar.

At planyn
öwrüp et planyna,
Bedewleri ete tabºyran nadan,
Indi ne-hä athananyò ýanynda,
Ne-de öz postunda görner ýaòadan.

Bedewleriò ete berilºi hakda
Obalaò birinde bolan ýygnakda,
Segsen bäº ýaºynda (ilkinji gezek!)
Tribuna çykanmyº Gulmyrat Akga.

ªonda ºeý diýipdir Gulmyrat ata:
“Kimde-kim ýene-de kast etse ata,
Olaryò özlerin tabºyrys ete!”...
Elbetde, azajyk geçse-de öte,
Örän hak aýdypdyr
Gulmyrat ata...

Bedew entek-entek çarpaýa galyp,
Gider, asyrlaryò çuòlugna gider.
Dünýä gözellerni aòk etse bili,
Mert bakyºy
mert ärleri aòk eder.

Dünýäde hiç haýwan deòeºip bilmez
Onuò AKYLY hem EDEBI bilen.
Dünýäò mallaryndan bir Döwlet düzseò-
Prezidenti TÜRKMEN BEDEWI bolar.

***

SALAM HEM MODADAN ÇYKÝAR diýdiòmi?
Hawa, köpelipdir ses-üýnsüz salam.
Eliòi ýetir-de gulagyò ýanna,
Arkaýyn geçiber.
Tamam.
Wessalam.

Tanºyòmy, dostuòmy, goòºyòmy kimmi-
Hökmanmyºmy ýanna dykylyp barmak!
Biperwaý kelläni çalaja silk-de,
Geçiber. Geplemek nämäòe gerek.
Ýaºaýarkak tygºytlylyk döwründe,
Her tygºytlan sözüò-bir döwüm çörek...

“Salam!” diýmek-parahatlyk dilemek.
ªol mukaddes sözden güýç alýar zaman.
Arada Pöwrize daglarna çykyp,
Üç gezek gygyrdym: “Salam! Salam! Salam!”

Näçe salam bersem,
ºonça-da gezek
“Salam!” diýip, jogap gaýtardy daºlar.
Görýän weli,biziò käbirimizden
ªol daºlaram asyllyrak ýoldaºlar!...

ýokaryk


ATAMYÒ KÖP GAÝTALAN SÖZLERINDEN

Gara garnyò bolsa gaýgyò-aladaò,
Gurruga gaçsaòam tapdyr bir mydar.
Ýöne weli ikaýakly bendäòi
Dört aýakla meòzetmäwer, ýa hudam.

Dostuò bürgüt bolsa - daglara elter,
Dostuò bilbil bolsa - baglara elter.
Dostuò elguº bolsa - bir oba elter,
Dostuò baýguº bolsa - haraba elter.

Ýekedaban bolsaò - urmak ýaraºar,
Sandal bolsaò - çydap durmak ýaraºar.
ªyòk-ºyòk edip dursa kiçijik çekiç -
ªodur içýakgyç.

Aman, aman... Dynmak üçin derdimden,
Elli ýaºda ýetmiº derman gördüm men.
“Guº gerek!” diýseler - gapanlap aldym,
“Gurt gerek!” diýseler - gapanlap aldym,
“Mumyýa” diýdiler - tüpeòläp aldym.
Birisinden gördüm -
Azajyk haraý,
Birisinden gördüm -
Müò hili zyýan.
Ahyry bir güýçden ýeòildi derdim;
Adam üçin adam -
Iò uly derman.

“Bal, bal!” diýmek bilen agzyò süýjänok
Ýöne beýle ajam bolup baranok.
“Sag bol!” almak bilen garnyò doýanok,
Ýöne beýle ajam bolup baranok.

- Arçynymyza goºgy goºýaò,
Baºlygymyza goºgy goºýaò,
Brigadire goºgy goºýaò,
Baºgasyna goºgy goºýaò.
Kaka, kaka, gorkaòokmy?
- Gorkman, oglum, gorkman, oglum.
Degirmende doglan syçan
Gök gürlände gorkmaz, oglum.

Ägirt ymaratdyr dostluk diýen zat.
Ony guraòda-da howlukmaly däl,
Ony bozaòda-da howlukmaly däl:
Ony guran wagtyò howlugyp gursaò -
Kän kerpiçleò hata düºmegi ahmal.
Ony bozan wagtyò howlugyp bozsaò -
Çyn dostuòdan jyda düºmegiò ahmal.

Ussat bol, iº salyº ussatlar bilen.
Ussadyò gadyryn ussatlar biler.
Sakalyò deregin tutsa-da akyl,
Akylyò deregin tutmaýar sakal.

Burun ys almaga,
Dil sözlemäge,
Gulak hem berlendir diòlemek üçin.
Soò-soò düºünersiò ýene bir zada:
Göz diýen zat berilendir bir bada
Hem-ä seretmek üçin,
Hemem ys almak üçin,
Hemem sözlemek üçin,
Hemem diòlemek üçin.

Ol adam ºeýle bir ajaýyp adam,
Oòa ýeke men däl, hemmeler haýran.
Käte ony Köpetdaga çykaryp,
ªo ýerden äleme görkezsem diýýän.
Emma Köpetdagyò belentligi-de
Entek gözlerime bärräk görünýär.

Ol adam ºeýle bir ýaramaz adam,
Oòa ýeke men däl, hemmeler haýran.
Käte ony Çuòly derä äkidip,
ªo ýerde il-günden gizlesem diýýän.
Emma çuòly deräò çuòòurlygy-da
Gözlerime has telperräk görünýär.

Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý -
Umytdan düºmeklik namartçylykdyr.
Her bir kynçylygyò dört tarapy bar:
Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr.

Käbir adam bilen oýun edeòde,
Ýüzi agarýança oýun etmek bor.
Käbir adam bilen oýun edeòde,
Ýüzi gögerýänçe oýun etmek bor.
Emma dostuò bilen oýun edeòde,
Çala gyzarýança oýun etmek bor.
ªondan aòryk gitmek - öte gitmek bor.

Gyz wagtynda hemme gyzlar mylaýym.
Seredýäò, seredýäò, doýunmaýarsyò.
Soò görüp biriniò ºerraý aýalyn,
ªolardandygyna ynanmaýarsyò.

Tüssesiz ot gözläp bir täsin adam,
Ahyry dünýäden otsuz geçenmiº.
Bir köstsüz dost gözläp bir täsin adam.
Ahyry dünýäden dostsuz geçenmiº.

Tüssesiz ot gözläp, otsuz galmagyn,
Tüsseli-de bolsa, otluja bolgun.
Bir köstsüz dost gözläp, dostsuz galmagyn.
Köstlüje-de bolsa, dostluja bolgun.

Garaºmak diýen zat erbet zat däl.
“Garaº!” diýdilermi - garaºgyn, oglum.
Ýöne illere-de garaºgyn weli,
Iller saòa,
saòa garaºsyn, oglum!

-“Özüòi süýt saýgyn,
Dostuòy gaýmak!”
Diýýärsiò sen atam,
Bu näme diýmek?
O nämüçin mydam
Süýt bolup özüm,
Dostum hem üstümde
Bolmaly gaýmak?
- Oglum, bu igenjiò
Nahakdyr nahak.
Özüòi süýt saýsaò,
Dostuòy gaýmak,
Onsoò gaýmak saýar
Dostuòam seni.
Onsoò senem gaýmak,
Dostuòam gaýmak.

- Gul aga ullakan adamam weli,
Oòa “Samsyk” diýýär obanyò halky
- Oglum, ol ºeýle bir ullakan weli,
Ähli göwresine ýetenok akly.

- Kelesaò bolsa-da Kelhanyò ogly,
Öz bolup ýörºünden özi-hä hoºal?
- Oglum, obamyzyò deò-ýary boºar.

- Ak geçimiz gije-gündiz mäläp dur,
Çal geçimiz mälemeýär beýle kän.
Kaka, kaka, bu nämüçin beýlekän?
- Akja geçimiziò süýdi ýok, oglum.
Beýlekiniò süýdi kän.

Karam zähmet, haram bagt-
Geçegçi gara ºemal.
Bir gün (bilmersiò näwagt)
Lowurdap jöwher Sowal -

Haram bilen Halaly
Ýüzleºdirer iki-çäk.
Halaly eýläk çeker,
Haramy beýläk.

Ýöne Sowal gelýänçe
Jebir çeker Halalat.
Pida bilen dogular
Her bir uly kemalat.
...ªol pidadan gorkmagyn
Kerim, Kerim, keramat!

“Atam pylankesdi!” diýip, bukulmagyn ataòa,
Ataò Görogly bolsa-da, il at dakar hataòa.

Öýlere gelin geler: üýtgär öýleò howasy.
Gyzgyn-gyzgyn öýleriò geler durar sowasy.
Gara saçly “mollaò” hem ýüzün ýuwjak däl
weli,
Gara murtly “molladyr” bigaýratlyk belasy.

Baºyòa iº düºende tanadar gahrymanlar.
Türºek dek müzzerºibiýr tarlawuk
“waharmanlar”.

Ol jülge ºeýle bir täsin jülgedi -
Göwsünden emerdi ýüz dürli agaç.
ªaglaºar otyrdy hozlar, çynarlar.
Güwleºer otyrdy arça, garagaç.

Jokrama jöwzada ol jülgä baryp,
Gujagyòy açyp, serilip arkan,
Daglara seredip ýatansyò weli,
Asman läläzardyr
Toprak - tenekar.

Agaçlaò bilinden gujaklap menem,
Salkyn saýalarda böküp günuzyn,
Gözüm gidip olaò belent baºyna,
Egilip-egilip, ederdim tagzym.
Tagzym etdigimçe
belent ºahalaò
ªaggyldysy emaý-emaý ýuwaºap,
Öz belentliginden uýalýan ýaly,
Özümdenem beter
Eglerdi aºak.

ªu gün ýene bardym. Tagzym edere
Ne çynar galypdyr, ne-de bir güjüm.
Diòe haºal otlar tagzym isleºip,
Çar tarapdan etdi üstüme hüjüm.

Paººy goòºy ýüz ýaºady, ýagºy etdi.
Her ýaºynda ýedi ýyllyk iº etdi.
ªol ýaºlaryn, ºol iºleriò näçesin
Öz derdine, il derdine bagº etdi? -
ªonsy weli belli däl.

Betbagtlyk diýen zadyò
Gara bolarmyº reòki.
Emma sataºan wagtyò -
(Dana bolsaò-da) seòki.

Bagtlylyk diýen zadyò
Ak bolarmyº reòki.
Emma sataºan wagtyò -
(Samsyk bolsaò-da!) seòki.

Emma aslyýetinde
Olar däl bolsa seòki,
Yz goýsa-da etiòde,
Süòküòe ýokmaz reòki.

Taºlama baºlanyòy,
Baºlama taºlanyòy.
Sanasaò-da dostuòy,
Sanama duºmanyòy.

- Kaka, kaka, möjek köp-le çöllerde:
Günde ýetmiº sürä salýarlar dowul!
- Dünýäden ötende her garry möjek
Yzynda müò çaga galdyrýar, ogul.

- Kaka, kaka, bürgüt gyt-la daglarda:
Biri ýa ikisi sataºýar her ýyl!
- Dünýäden ötende her garry bürgüt
Yzynda bir çaga galdyrýar, ogul.

- Kaka, düºündir sen ýene bir zady:
Ýaz geldi. Dünýäni gülletdi bu gün.
Adamlary näme gülledenok-da.
Gaýta söküp barýar bogunma-bogun?

- Balam, adamy hem gülletmek üçin
Ilki sökmelidir bogunma-bogun.
Gül diýen zat bogun ýaryp çykýandyr,
Bogun ýarmak bolsa kyn zatdyr, ogul.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / XX asyr türkmen edebiýaty / Kerim Gurbannepesow (mazmuny)

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

Kerim Gurbannepesow
(1929-1988)

Türkmenistanyò halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyò eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyò Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruº döwrüniò agyr kynçylyklary sebäpli olaryò maºgalasy Tejene göçmeli bolýarlar. ªahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyò boýunda gurulýan suw howdanynyò gurluºygynda iºlän döwründe ýörite gurluºykçylar üçin çykarynýan gazetde jogapkär sekretar bolup iºleýär. 1949-1951-nji ýyllarda goºun gullugynda bolup dolanyp geleninden soò ýene-de žurnalistlik kärinde iºe baºlaýar.

Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleºiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde iºledi. Ol Ýazyjylar soýuzynyò baºlygynyò orunbasary, Prawleniýe agzasy, Türkmenistanyò Ýokary sowetiniò deputaty bolup, il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat etdi.

Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyò 1-nji sentýabrynda aradan çykdy.


Bedew entek-entek çarpaýa galyp,
Gider, asyrlaryò
çuòlugna gider.
Dünýä gözellerni
aòk etse bili,
Mert bakyºy
mert ärleri aòk eder.