| Mazmuny:     
 ZELILININ ÖMRI  Gurbandurdy-Zelili Gürgenin Garaguzy obasyn obasynda 1779-njy ýylda
            eneden dogulýar. Onun kakasyna Mämmetjuma,ejesine Hurma (Magtymgulynyò ýegeni) diýer
            ekenler. Zeliliniò önüp-ösen ýerleri Etrek,Gürgen,Garrygala
            sebitleridir.Önüp-ösen ýerini Zelili öz döredijiliginde ºeýle setirler bilen
            görkezýär:
 "Ata-baba geçen jaýlary görsem ,Gürgende nan iýsem , Etrekde ýörsem….",
 Zeili oba mekdebinde , soòra bolsa Hywadaky “ ªirgazy” medresesinde okapdyr
            düýen maglumat bar. Zelili-zelil ,horlanan , ezilen ,ejiz düºen diýmekdir . Sebäbi Zelili öz ömründe
            oòly gün görmändir , mydama onuò ýaºaýºy horlukda , ekspluatator synplar
            tarapyndan kemsidilmekde geçipdir. Gurbandurdynyò Zelili diýen lakamy onuò
            ýºaýºy-durmuºy bilen baglanyºyklydyr . Halk arasyndaky rowaýatlara görä, Zeliliniò esasy kesp-käri kümüº , demir
            ussaçylygy bolupdyr . Zelili öz güzeranyny garyplykda geçiripdir .ªahyryò: "…Kyn boldy güzeran ,düºdük bir hala,Kemdest bolduk hiçe baºyò içinde,"
 ya-da: "Bu garyplyk üstümüzdengitmedi,Köòül maksat –myradyna ýetmedi"
 diýen setirleri-de onuò garyp bolandygyny subut edýär. Zelili ýaºlykdan öz obadaºy Döndi diýen gyz bilen söyüºyär. ªahyr öz
            söýgülsine bagyºlap ,birnäçe ºygyrlar hem düzýär.”Döndi hanym”, “
            Janymyò jananasy” we baºgalar. Emma Zelilä Döndi bilen öý-iºik bolup maºgala
            durmuºyny gurmak miýesser bolmandyr. Bu hakda halk arasynda bolan maglumatlaryò birinde
            “ Döndi bir barly ýere çykarlypdyr” diýilýär. ªu maglumatyò dogrulygy
            ähtimaldyr . ªol döwürde öýlenmek üçin töleýän galyò Zelili ýaly garyplara
            örän agyr düºüpdir , olar köp ýyllar barlylaryò igençli we agyr zähmetini
            çekmäge mejbur bolupdyrlar. Munuò üstüne-de ekspluatator synp wekilleri azat
            söýgini barlapdyrlar . Ine, ºonuò üçin hem Zelili Döndä öýlenip bilmändir . Zelili Nury atly gyza öýlenip ,onuò bilen ömrüniò ahyryna çenli ýaºapdyr .
            Nuryò ogly bolýar , oòa Mämmetdöwlet diýýärler .Mämmetdöwlet ilki Mama diýen
            gyza öýlenýär,ol aradan çykansoò . Halbibi bilen durmuº gurýar .Halbibiden
            Jumadöwlet ,olardan hem Ogulnar, Maýa, ªemºat bolýar , häzir Zeiliniò nebereleri
            Garrygala töwereklerinde ýaºaýarlar.   
 ZELILINIÒ LIRIKASY  Zelili bir topar liriki goºgularyò awtorydyr .Onuò edebi döredijiliginde ýaºan
            döwründe ýüze çykan wakalary suratlandyrmak bilen , il – güne degiºli , sosiýal
            deòsizligi görkezýän , mert we namartlara degiºli öwüt – nesihat beriji, söygi temada çeper ºygyrlar uly orun tutýar. Zeliliniò döredijiligi özüniò
            manylylygy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar . Onuò döredijiligi türkmen klassyky
            edebiýatynyò durmuºa has içgin aralaºmakdaky täze ädimini alamatlandyrýar.
            Zeliliniò döredijiliginiò kämilleºmegine , ösmegine , birinjiden , onuò özüniò
            edebiýat bilen gyzyklanmagy , edebiýatyò jemgyýetçilik durmuºunda tutýan ornuna
            belli derejede akyl ýetirmegi , köp okamaklygy , ikinjiden , daýysy Magtymgulynyò
            döredijiligi uly täsir edipdir. Zeliliniò watançylygy .Zeliliniò döredijiliginde il-güni , ýurdy söýmek we
            halkyò erkin durmuºyny , agzybir ýaºaýºyny goramak pikirleri uly orun tutýar .
            Zelili öz ülkesini – ýaºan ýerini, onuò tebigatyny bütün baýlygyny ,
            zähmetkeº halkyny tüýs ýürekden söýen watançydyr . ªahyr öz önüp-ösen yeriniò –Etregiò ,Gürgeniò keºbini, tebigatyny
            “Watanym, seni” diýen ºygrynda uly joºgun bilen suratlandyrypdyr .Watan temasyna
            degiºli beýleki ºygyrlarynda bolºy ýaly ,ºahyryò bu ºygyrynda hem basybalyjy
            duºmanyò abat oturan Etrek, Gürgen zähmetkeºlerini gyrgyna berºi, talaòa salºy
            görkezilýär.Zelili ýesirlikde diòe watan umydy bilen ýaºaýar, haçanda
            watanyny,onuò gözel tebigatyny ýatlanda,ol gözýaºyny saklap bilmeýär. ªahyryò
            duºmana bolan ýigrenji onda watana bolan söýgini, joºguny has güýçlendirýär.
            Zelili öz ülkesinden näçe uzaklykda bolsa-da ,onuò keºbini ,ajaýyp tebigatyny hiç
            wagt gözüniò öòünden aýyrmaýar: " Sugunly , umgaly , çal goçly daglar ,Belentden pestine akan bulaglar,
 Sowuk suwly,ter çemenli awlaglar,
 Köòül arzuw eýlär ,watanym ,seni”.
 Zelili bu ºygrynda bir topar ýesir eltilenleriò adyndan il –ýurda söýgi
            besleýär ,ony tüýs ýürekden wasp edýär.ªahyryò: "Ýürek talwas eder, göterler serim,Köòül arzuw eýlär, watanym, seni!
 Etrek, Gürgen ýurdum –gezen ýerlerim,
 Köòül arzuw eýlär, watanym ,seni!”
 Ýa-da: “Köòlümüò aramy, çeºmim röwºeni,Men neýläýin, dostlar ,onsuz bu jany…."
 diýen setirlerini diòläp zähmetkeº il-ýurda söýgi hyjuwy bilen joºman durup
            bilmez. Zeliliniò : "Haýp, abat iller ber-bibat boldyDostlar gamgyn boldy , duºman ºat boldy,
 Aýrylyºdy, aºyna – ýarlar ýat boldy,
 Köòül arzuw eýlär ,watanym ,seni!"
 diýen setirlerini öòden hem talaòçy duºmanyò zulumyndan ýaòa zeýrenip, ah
            çekip ýören ýesirlerde Hywa hanyna ýigrenç, gahar –gazap döredipdir Mertlik, batyrlyk, ahlaklylyk barada. Zelili il- ýurdy
            ýürekden söýmek bilen birlikde , onuò ýigitleriniò mertligini, batyrlygyny , gowy
            ahlaklaryny wasp edipdir . ªahyr öz ildeºlerini arly – namysly bolmaklyga çagyrypdyr
            . ªahyryò ºeýle eserleri ýigitlere teselli beripdir, olary ruhlandyrypdyr we olaryò
            güýçlerine güýç goºupdyr . Zeliliniòil-günüò,ýurduòar-namysynyugrunda
            tutanýerli söweº eden gaýduwsyz ýigitleriò at –owzasyny dabaralandyrmagy, munuò
            tersine, gorkaklary, nalajedeýinleri,aýal ýagysy dik düºdileri,ýaòralary
            köpçüligiò öòünde masgaralamagy tötändenblman, ºol döwrüò ºertleri
            ,ýagdaýy bilen baglanyºyklydyr. Duºmanyò talaòçylykly ýörüºine gaýtawul bermek
            üçin,batyr, gaýduwsyz, at- ýaragdan peýdalanyp bilýän adam gerek bolupdyr.Zelili
            bolsa duºmana garºy çanlakaý söweºijileriòsanyny köpelmek maksady bilen ,
            batyrgaý ýigitleri taryplapdyr, götergiläpdir, namarlary ýazgarypdyr. ªahyr mertler bilen namartlary deòeºdirende, olara mahsus bolan aýratynlygy örän
            ýerlikligörkezýär. Ol özüniò ”Dert galar” diýen ºygrynyò: "Ýowuz ýerde ýüzde –ýüz gelse,Yzyn dönmez,namart gaçar ,mert galar"
 diýen setirleinde il-halk üçin duºman bilen söweºmeli bolanda, mert ýigitleriò
            ölümden heder etmän, soòky demlerine çenli söweºýändiklerini,emma namartlaryò
            binamyslylyk edip gaçýandyklaryny, il-ýurt hakda pikir etmän ,öz janlary hakda
            aladalanýandyklaryny , hatda namarlaryò bile söweºe çykan ýoldaºlarynyò ykbalynyò
            neneòsi boljakdygyny hem unudýandyklaryny belleýär . Zeliliniò “Diýmek biläni”
            ºygrynyò: “Keýpi açylar duºman görende mertler,Pikir basar , gaýga gider namartlar…"
 diýen setirlerinde hem mertler bilen namartlar bir-birinden aýyl –saýyl edilip
            suratlandyrylýar.Bu setirlerde “mert ýigidiò duºman görende” ,oòa garºy
            ýigrenjilik bilen aldym- berdimle söweº edýändigi, emma namartlaryò bolsa duºman
            gördügi gaýga batyp dowla düºýändigi beýan edilýär. ªahyr “Bilen” ºygrynda hem “ Diýmek bilýäni” diýen ºygryndaky
            pikirlerini gaýtalaýar.Ol: “Söweº güni mert ýarasyn baglamaz,Namart gaçar dönüp, soòyn saglamaz…".
 diymek bilen , mert ýigitleriò çydamlylygyny wasp edýär, emma , gorkaklaryò “
            namartja olam , sagja olam” diýip, söweº meýdanyndan ýazzyny berýändiklerini
            tankyt edýär. Zelili “Diýmek biläni" diýen ºygyrlarynyò ilki setirlrinde
            namartlaryò üstünden düºýär. Namartlara syn bermezligi, etjek iºini
            olaraduýdurmazlygy olara berk talap edýär.Eger-de syry ,göz öòünde tutulan maksady
            namartlar duýsalar,berk tabºyryga garamazdan olaryò ýaòrajakdyklaryny ,syry äºgär
            etjkdiklerini ºahyr nygtap görkezýär: "Namarda syr berme, syr saklar diýip, Namarat syr saklamaz, diýmek biläni…"
 ªu ºygyryò balka bir ýerinde Zelili uzak wagtlap myhmançylykda bolýanlaryò,
            ondan–da gezip ýörenleriò, duº gelen ýerde gürrüòdeºlerine geplemäge gezek
            bermän, ýaòrap ýörenleriò hem-de yaºlykda lälik saklanyp, ulalansoò zähmet
            çekmäge ukyby bolmadyklaryò il içinde ýigrentgilerdigini billýär:  "Öznü ýigrendir köp ýatan myhman, Bir bimaýa gezen, mazasyz ýaòran, Iºe taby bolmaz ulalansoòran, òran,Ýaºlykda beslenen gaýmak biläni”.
 ªahyr özünüò ºygyrlarynda birek –birege ajy söz aýtmazlygy nesihat edýär: “…Ýagºy söz diýeniò güldür,ýaman söz tiken ýalydyr …"
 diýen setirlerinde ("Ýow çykan ýalydyr ") beýan edýär. ªahyr “Bilen “ºygrynyò: “Köòül almaz ýerden bir ýaman sözi Eºitseò ,iç gysar sygyrmak bilen "…
 diyen setirlerinde-de birek-birege süýji sözli bolmaklygyò ,biderek ýere adamyò
            göwnüne degmezligiò tarapynda durýar  Zeliliniò “ Özge dem bolmaz “diýen ºygry baºdan –aýak öwüt –nesihat
            häsiýetlidir. ªahyr bu ºygyrynda mugthorçylyk almyty üçin biri –birinden gabanyp
            ,ilesopuçylyk satýan sopularyò gara nebisleri üçin her zat etmäge taýýardyklaryny
            real beýan edýär .  Ýalançy mugthorlardan seresap bolmaly diýen pikiri öòe sürýär . Zelili aòsat eklenç üçin özlerine din hadymy hasaplaýan ýalançy pirlere hergiz
            ynanmaly däldigini hem bu eserinden aýratyn nygtap aýdýar. Pirler näçe keramat
            satsalar-da, özlerini öwseler-de,ýagºy kiºi bolan blsalar-da ,olaryò zähmet
            çekmän, ilatyò dilenip ýa-da olary aldap, ºol aldawçylygyò hasabyna
            ýaºaýandyklaryny düºündürýär. Pirleriòpyssy-pyjurlygyny görüp ,ºahyr olary
            “ªeýtanyò ºägirtleri” diýip , açyk yglan edýär. Zelilibu ºygrynda dogry sözlügi ündemegi ,gybatkeºligi, ýalançylygy ýazgarmagy
            hem maksat edinipdir .Bulardan baºga-da Ol zähmet çekmekden,iºlemekden gaçýan adamlary tankytlaýar we ºonuò bilen
            birlikde ,beýlekilere ºeýle häsiýetlri endik edinmezligi öwüt-nesihat edýär.
            Meselem: “…Bikardyr ýaltanup , ýaman ýöreniò,Bu bir hassalykdyr ,asla em bolmaz…"
 ªahyr bu ýerde, birinjiden, ýaltanyò gününiò hor geçjegini aýdýan bolsa,
            ikinjiden, ýaltalyk-hassalykdyr, ondan daºda duruò diýen ideýany öòe sürýär. Zeliliniò “Bºgana ýagºy”diýen ºygry hemöwüt-nesihat beriji, çuò we ýiti
            manyly eserleriò biridir. Häzir-de halk arasynda bu ºygryò birnäçe setirleri nakyl
            hökmünde ulanylýar. ªahyrò: “Atsaò,nyºana deger okuò dogrusy,Bir meòzile ýetmez ýüküò egrisi,
 Basym sandan çykar oba ogrusy,
 Ýigit sada gerek ,türkana ýagºysy”
 diýen setirlerinde adamlaryò dogruçyl ,sada bolmaklary durmuº hadysalarynyò
            mysalynda ,ýagny deòeºdirmek ýoly bilen ,nesihat berilyär. Zelili”Aslyna ýet, söz manysyn sora-da” diýmekbilen,aýdylan sözi oòat
            diòläp,onuò manysyna düºünmegiò ähmiýetini,etjek iºiòi,düºünjek zadyòy
            soraºdyryp anyklaºdyrmagy maslahat berýär. Sözüò manysyna düºünmän ,aýdylan
            pikiriò nygyna ýetmän,bolgusyz netije çykarmaga howlukma diýip nesihat edýär.   |