Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiıat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güımenje
...we º.m.

SEİITNAZAR SEİDI

DÖNMENEM, BEGLER

Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmenem, begler!
Dikdir serim, düºmen duºman astyna,
Sil deı aksa, gandan ganmanam, begler!

Ilim üçin ºirin jandan geçer men,
Düldül münüp, ganat baglap uçar men,
Namart dälem, hakdan kasam içer men,
İanyp duran nar men, sönmenem, begler!

İesir galmaz oglan-uºak aglaıyp,
Oda düºmez, aºyk ıürek daglaıyp,
Men hem ºu gün Murtuzadan çaglaıyp,
Kasam kyldym, ondan dönmenem, begler!

Tomaºa eıläòler kylan urºuma,
İüz müò leºger çyka bilmez garºyma,
Är ıigit men mertlik bilen durºuma,
Oda urarlar, men hem ıanmanam, begler!

Är men diıen çyksyn bile ıörmäge,
Leºger tartyp, Mirhaıdary urmaga,
Il-gün üçin ºirin janym bermäge,
Urdum baºym, ºertden synmanam, begler!

Hak ezelden saldy meni bu ıola,
Jan bermeıen, diri düºmenem gola,
Tomaºa kylyòlar bulanan syla,
Niçe gan ıuwutdym, ganmanam, begler!

Ärden öndüm, ärlik bilen öler men,
Kim dostum, duºmanym-parhyn biler men,
Söweºde galmanam, ºat men, güler men,
Namart bolup, dünıä inmenem, begler!

İat kylar men Göroglyny, Zamany,
Aly Murtuzany-ªahymerdany,
Rüstem-Zal, Isgender, Gajar Pälwany,
Orta atdym, köpün sanmanam, begler!

Seıdi çykdy atyn, ıaragyn besläp,
Gan gördi gözlerim, ıürek höwesläp,
Gaçmanam, öler men, köp leºger toslap,
Söweº üçin çykdym, dönmenem, begler!

ıokaryk


GÖRÜLSIN IMDI

Gorky ede-ede ryswamyz çykdy,
Her ne kysmat bolsa, görülsin imdi!
Zalym duºman ahyr ıurdumyz ıykdy,
Köp ıatdyk ıaranlar, turulsyn imdi!

Möwlam bermiº bize niçe galany,
Kytnamy, Perwerdi, Halaç-Jelany,
Baºdan-aıak ıygyp hurdu-kelany,
Çärjewiò üstüne ıörülsin imdi!

Gaırat edip ºirin jandan geçeli,
Gylyçdan gyrmyzy ganlar seçeli,
Duºman bilen aramyzy açaly,
Hemme ºol ykrara gurulsyn imdi!

Bir ıerde top bile baıdak dikilsin,
Goºun iki ıandan sap-sap çekilsin,
Kelleler kesilsin, ganlar dökülsin,
Arada gurt oıny gurulsyn imdi!

Eger her kim gorky etse janyndan,
Aırylmasyn aıalynyò ıanyndan,
Il gaçsa, aırylar hanymanyndan,
Dogry durup, gylyç urulsyn imdi!

Agzymyz bir etsek tükel ärsary,
Duºman geçe bilmez derıadan bäri,
Her ıigidiò söweº bolsa hünäri,
Öòümize salyp sürülsin imdi!

İagy bolsa salyr, sarygu-teke,
Biz munda il bolmak ogºamaz ıeke,
Beıle oturynça pel çeke-çeke,
Bir gylyja kuwwat berilsin imdi!

ıokaryk


BARAİLYÒ

Duºman geldi, Lebap boıun ot eıläp,
Turuò, begler, ol döwüºe baraılyò!
ªahymerdan Murtuzany ıat eıläp,
Boluò, begler, ºol söweºe baraılyò!

Är ıigitler gazap güni çykanda,
Düldül böküp, asman saıy bakanda,
Çaılar dolup, gyrmyzy gan akanda,
Är deı durup, ºol söweºe baraılyò!

Göroglydan ºu gün alyp tilsimi,
Kuran açyp, gel içeıli kasamy,
ªu gün bolsun Isgenderiò kysymy,
Är deı durup, ºol söweºe baraılyò!

ªahymerdan gelip goldar bizleri,
Kyrk erenler ıola saldy sizleri,
Gana boıap üsti, baºy, gözleri,
Är deı durup, ºol söweºe baraılyò!

Nesip budur: tiz jan almak borjuòdyr,
Biler bolsaò, magºar güni harjyòdyr,
Türkmen ıigit, Mirhaıdarda hyrçyòdyr,
Är deı durup, ºol söweºe baraılyò!

Seıdi aıdar, geçsem ºu gün janymdan,
Lebap daºyn boıap gyzyl ganymdan,
Namart ıigit gitsin meniò ıanymdan,
Är deı durup, ºol söweºe baraılyò!

ıokaryk


LEBAP, HOª IMDI

Sakar ili bilen ärsary bolup,
Biz gitdik, sen galdyò, Lebap, hoº imdi.
Kimse aglap gitdi, kimseler gülüp,
Kimse çekip dürli azap, hoº imdi.

Kinämiz ıok sen gadyrdan watandan,
Ynjadyk Mirhaıdar ıerler ıuwtandan,
Tä ölinçä üstümizden ötenden,
Gezsek gerek seni sorap, hoº imdi.

Seniò üçin jepa çekdik, jan berip,
Ekin ekdik, doga aldyk, nan berip,
Hyrajyòy, salgydyòy kän berip,
Gezdik köp iºiòe ıarap, hoº imdi.

Zowky-sapa sürüp, birnäçe ıyllar,
Seb diıip oturdy, munda köp iller,
Pil urup düzülen atyzlar-çiller,
Eıesiz galdyòyz garap, hoº imdi.

Haknyò bergenine edip kanagat,
Oturmyºdyk tapyp, aıºy-parahat,
Söhbet üçin bina bolgan ymarat,
Galar bolduò itler ıalap, hoº imdi.

İüz elwan miweli bag-u bossanlar,
Hoº öten baharlar hem zemissanlar,
Bizden araòyza niçe dessanlar,
Salyp galan kuran kitap hoº imdi.

Sizler bizden tapamaıasyz webaly,
İok indi hiç kimiò gitmek hyıaly,
Bakjalaryò näzik biten nahaly,
Oturyò baºyòyz yrap, hoº imdi.

Gülºende sebz olup açylan güller,
Dost bilen ıanaºyp ıörülen ıollar,
Bize pata üçin göterip gollar,
Bolmady sizlerden jogap hoº imdi.

Özge begler Mirhaıdara höwesdir,
Bilseòiz ol halkyò ykbaly pesdir,
Bize Soltannyıazyò begligi besdir,
Gaharguly hana garap, hoº imdi.

İüz elli ıyl watan diıip gezildi,
Ekinler ekildi, ıaplar gazyldy,
Müò iki ıüz bir kem kyrkda ıazyldy,
Taryhyn etseòiz hasap, hoº imdi.

Seıdi diıer, indi tükendi sözüm,
Gideıin, sizleri görmesin gözüm,
Gol-aıagyn her ıan uzadyp üzüm,
İat parahat baºyò büräp, hoº imdi.

 

Geziº ıoly: Baº / Edebiıat / XVIII asyr türkmen edebiıaty / Seıitnazar Seıdi (mazmuny)

© TM (2001)
Sahypa barada

İokaryk ıokaryk

Namart dälem,
hakdan kasam içer men,
İanyp duran nar men,
sönmenem, begler!