Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

ROWAÝATLAR


O NÄMEDIR?

Günlerde bir gün Akbar ºa kabulhanasynda oturyp, uzyn günläp iº bilen meºgul bolupdyr. Ol iºini tamamlanyndan soò, gürleºip, degºip, biraz dynç almak isläpdir. Köºk hyzmatkärleri bilen oturyp, ondan-mundan gürrüò edipdir. ªol wagt hem birden gadymy bir ºahyryò ºu aºakdaky setirleri onuò ýadyna düºüpdir:

Ol kimdir, her kese är bolup bilmez?
O nämedir, ýanar otda hem ýanmaz?
O nämedir, asyl örtüp bolmaýan?
O nämedir, garramaýan, ölmeýän?

Akbar ºa özüniò hyzmatkärlerinden ºol soraglara jogap bermegi haýyº edipdir. Emma olaryò birem ol soraglara jogap berip bilmändir. ªol sebäpli hem ºa Birbalyò yzyndan adam iberipdir. Birbal gelen badyna patyºa goºgyny oòa hem okap beripdir. Dana Birbal onuò ýalyjak soraglara  säginmän, ýüzüniò ugruna jogap berer ekeni. Ol bu soraglara hem bada-bat ºeýle jogap beripdir.

Ol oguldyr, enä är bolup bilmez,
Ol mezhepdir, ýanar otda hem ýanmaz.
Ol ºöhratdyr, deòiz-derýa hem örtmez,
Ol atdyr, wagt hiç ony garratmaz.

Birbalyò jogaby Akbar ºanyò göwnünden turupdyr. ªa oòa gymmatbaha serpaý sowgat beripdir. Köºk emeldarlary bolsa Birbalyò agzyna aòkarylyºyp, onuò danalygyna baº egipdirler.

ýokaryk

ÝAKYMLY DEÒEªDIRME

Günlerde bir gün iki döwletiò serhedinde Eýran ºasy bilen Akbar patyºa duºupdyr. Saglyk-amanlykdan soò, Eýran ºasy Akbara ýüzlenip:

-Jadyly daºyòyz-a ýokdur? – diýip sorapdyr.

-Bar! Ine meniò jadyly daºym! – diýip, Akbar jogap beripdir-de, Birbalyò elini Eýran ºasynyò eline beripdir. Yzyndanam ºeýle goºgy okapdyr

Kimse adyò aºygydyr,
Kimse zadyò aºygydyr.
Dünýädäki ähli dürden
Bir janköýer dost ýagºydyr.

Eýran ºasy goºgynyò manysyna düºünip, Akbaryò jogaby bilen kanagatlnypdyr.

ýokaryk

BAÝGUª

Rowaýata görä bir wagtlar bir baýyò ogly bolupdyr. Oòa „Baýogly“ diýip at goýupdyrlar. Ata-enesi ony zatdan kem etmändir. Oòa elmydama Watany eziz dörmegi, halka wepaly bolmagy sargapdyrlar. Ýöne ol ýigit olaryò bu nesihatlaryny unudypdyr. Haçan-da obasyna duºman çozanda, ol eline ýarag alyp, duºman bilen söweºmegiò deregine öz janyny halas etymegiò aladasyny edipdir. Oglanyò atasy, obadaºlary duºman bilen bolan söweºde wepat bolupdyrlar. Obasy weýran edilip, harabaçylyga öwrülipdir.

Bipeýan oglunyò namartlygyna namys eden ene iò soòky deminde: „Ýurduò haraba bolsun, ylahym!“ diýip, ogluna gargapdyr. Enäniò gargyºy bilen ol oglan baýguºa öwrülipdir. ªondan bäri hem baýguº harabalykda mesgen tutunypdyr. Il-gün hem bu guºy betbagtçylygyò alamaty hasaplap, jaýlarynyò töweregine gonsa, ony kowýarlar.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Halk döredijiligi / Rowaýatlar (mazmuny)

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk


Durmuºda bolup geçen bir taryhy waka, ºahs bilen baglanyºykly erteki häsiýetli hekaýa rowaýat diýilýär.