Mazmuny:
Goºgulary
(mollanepes-2.htm)
Mollanepes barada aýdylýan rowaýat-gürrüòler
Mollanepesiò çowlugy Oguljahan ejeden ýazylyp alnan
rowaýat-gürrüò:
“Babamyò (Mollanepesiò) alty aý oglan okadyp, alty aý kitap okamak, goºgy ýazmak
bilen wagt geçireni hakynda kakam pahyr gürrüò edip bererdi. Olar üç kiºi ekenler:
biri babam, ikinjisi Aman diýen bir adam, üçünjisi hem molla Kemine bolan bolara
çemeli. Olar bütin gijäni her hili kitaplar okamak, goºgy düzmek we ýomak atyºmak
bilen geçirer ekenler” (A.Kekilow. Mollanepes. TDN, Aºgabat, 1957, 23 s.).
Kemine bilen Mollanepesiò arasyndaky halypa we ºägirtlik barada
rowaýat-gürrüò:
Maryda ºahyrlaryò baºy jem bolan ýerde, bir gezek döredijilik hakynda gürrüò dowam
edýärkä, ºahyrlardan biri:
- Indi näme ýazarkak? - diýip soranynda, Kemine oturan ýerinden:
- Ussadymyz Magtymguly söz meýdanynyò oragyny orup gitdi, indi biz onuò hoºasyny
çöpläýmesek, baºga çärämiz ýok! - diýipdir.
Günleriò birinde Kemineden:
- Ýeri, molla Kemine, Magtymgulynyò hoºasyny çöpläp ýetiºip bilýärsiòizmi? -
diýip soraýarlar. Kemine bolsa bu soraga:
- Çöpleýärin-ä weli, wekilleriò ýazy tiresinden bir oglanjyk holtullap, aýagy
duºakly at ýaly towsaklap, gapdalymdan hiç aýrylmaýar - diýip jogap beripdir.
Rowaýatda gürrüòi edilýän oglanjyk Mollanepesdir.
Halk arasynda ýaºaýan bu rowaýatda bolsa, Mollanepesiò Keminäni öz halypasy
saýyp, onuò döredijiligine uly hormat goýandygy barada aýdylýar:
Mollanepes Keminäniò “Zülüò” atly goºgusyny okap:
- Molla Kemine zülpi taryplamaga söz goýmandyr - diýipdir.
Döredijiligi
Mollanepes döredijilik iºine ýaºlykdan baºlap, halk eserleri, türkmen we
gündogar halklarynyò edebi ýadygärlikleri bilen içgin tanºypdyr hem-de ºygyr
sungatynyò inçe tilsimlerini ele alypdyr. Ol köp sanly goºgulary hem-de halkyò uly
söýgüsini gazanan “Zöhre-Tahyr” dessany bilen türkmen halkynyò aòynda ebedilik
orun aldy.
ªahyryò döredijiliginiò esasy bölegi söýgi-ahlak, öwüt-nesihat häsiýetli
ºygyrlardyr.
Söýgi-ahlak.
Mollanepesiò döredijiliginde yºky-ahlak häsiýetdäki ºygyrlar esasy orny
eýeleýär. Ol bu meselelere bagyºlap ýazan “Bäri gel”, “Haýrana galar”,
“Söwdügim”, “Istäp ki gözel ýary”, “Kakar” ýaly onlarça goºgularynda
türkmen gelin-gyzlarynyò ahlak sypatlaryny, görk-görmeklerini, edim-gylymlaryny
taryplamak bilen birlikde, ýaºaýºyò gönezligi söýgi diýen pikiri orta atypdyr.
Öwüt-nesihat.
Mollannepes öwüt-nesihat häsiýetdäki ºygyrlarynda adamlara agzybirlikde hem-de
özüòe berlen az pursatlyk ömre erk edip ýaºamaklygy ündew edýär. ªahyryò bu
ugurdan ýazan goºgularynyò içinde “Ner gezgin” hem-de “Aòsa” goºgulary
özüniò ähmiýeti taýdan has-da tapawutlanýar.
“Zöhre-Tahyr” dessany.
Temasy, köp görnüºliligi. Mollanepes sözleriò süýjüsinden saýlap ºygyr
döretmek bilen birlikde, halk rowaýatlary esasynda “Zöhre-Tahyr” dessanyny-da
ýazýar. Mollanepesden öò XVI asyrda ýaºap geçen özbek ºahyry Saýýady hem
“Tahyr we Zuhra” atly bir poema ýazýar. Ýöne bu poema gysga bolup, wakalar anyk
berilmeýär.
Edebiýat taryhynda bu sýužeti dessançylyk tärinde iºlän ýeke-täk ºahyr
Mollanepesdir. ªahyr bu sýužeti täzeden iºlemek, öz arzuw-hyýallaryny,
oý-pikirlerini dessanyò içinde goºgy görnüºinde bermek bilen, ony millilik
häsiýeti bilen-de baýlaºdyrypdyr.
|