MAGTYMGULYNYÒ ÖMRI-DURMUªY Türkmen halkyny beýik ogly Magtymguly-Pyragy gökleò
türkmenleriòdir. Ol takmynan, 1733-nji ýylda Gürlen derýasynyò boýunda, Hajygowºan
diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniò köpisini Etrek, Gürgen, Garrygala
sebitlerinde geçiripdir. ªahyr ,,Älem belgilidir’’ diýen ºygrynda,,
,,Ýaz geler, wagt-da gidre, gaflata çykmyº gözlerim.
Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr;
Bilmeýin soranlara aýdyò, bu garyp adymyz:
Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr’’-
diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.
Magtymguly-Pyragy baºlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet-Azadydan alýar. Ol bu
barada:
,,Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir’’- diýip ýazýar.
Magtymguly ilki oba mekdebinde okayar. Onuò ilkinji mugallymyna
Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli
kitaplary çakdan- aºa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaº wagty kakasyndan,
ejesinden we obanyò garry adamlaryndan köp-köp halk rowalary, goºgy-gazallary, erteki
we nakyllary öhwes bilen diòleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet- Azadyny döreden
eserleriniò köpüsini ýatdan öwrenipdir.
Magtymgulynyò zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren
Döwletmämmet onuò ylymly adam bolup ýetiºmeginiò aladasyny edipdir. Xvýýý asyrda
Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýçli medreseler bolmandyr. ªonuò üçin hem
Döwletmämmet- Azadyny öz oglyny ilki Halajyò Gyzylaýak obasynda ýerleºýän, ºol
wagt güýçli hasap edilen Idris babanyò medresesinde okuwa iberýär. Magtymguly bu
medresede birnäçe wagt okaýar. Soòra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaº atly
mdresä okuwa gidär we onda iki ýyl okaýar. ªahyr ºol medresede ders berýän
siriýaly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyºýar we onuò bilen doslaºýar.
Emma medresedäki talyplaryò tertip-düzgüniniò bozuklygy Magtymgulynyò bu medresäni
taºlamagyna sebäp bolýar.
Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «ªirgazy» medresesinde alýar. Ol
«ªirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar. Medresede berilýän sapaklaryò daþynda hem
Gündogaryò görnükli þahyrlary: Nyzamynyò, Nsiminiò, Fizulynyò, Nowaýynyò we
baºgalaryò eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryò arasynda özüni
derrew tanadyp, zehinli talyplaryò hataryna goºulýar. Okuwyò ilkinji ýylynda
Magtymguly talyplaryò halypasy bolýar. Soòky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty
sapak geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Magtymguly öz döwrüniò iò bilimli we
düºünjeli adamy bolup ýetiºipdir.
BAGYªLA BIZNI
Resul damadydyr, öz arslanyòdyr,
Ýa ymam Alyýa bagyºla bizni.
Çeºmi çyragymdyr, nury-aýnymdyr,
Ýa ymam Hasana bagyºla bizni.
Ýalan dünýä kime berdi wepany,
Ahyretde alar, sürer sapany,
ªemr ile ol Ýezit berdi jepany,
Ýa ymam Huseýne bagyºla bizni.
Nasry-Seýýar, Merwan Hekem döwründe,
Ymamlar galdylar jepa jöwründe,
Çaýa atdyrdylar Dymyºk ºährinde,
Zeýnulabydynga bagyºla bizni.
Deò-duºlar ýanynda bir bikemalam,
Aºygy Mežnunam, ºikeste halam,
Synaýy-Horasan, zuwwary-älem,
Ýa ymam Ryzaýa bagyºla bizni.
Ymamlar yºkynda maòa bergin jam,
Açaýyn zybany okaýyn kelam,
Allahy behak, ol Patmaýy kyýam,
Muhammettagyýa bagyºla bizni.
Dünýäde çekdiler ýüz derdi-dagy,
Magºar gün münerler seýsläp Byragy,
Hakykat ýolunyò ºemi, çyragy,
Muhammetnakyýa bagyºla bizni.
Patmaýy-Zähradyr anyò enesi,
Zatynda bir zerre ýoktur günäsi,
Humaýun dagydyr ahyr binasy,
Muhammetbagyra bagyºla bizni.
Kemaly pelekden, aºypdyr arºdan,
Baºa goýdy jeddi geýdigi täçden,
Üç keramat bile galdy Hajjajdan,
Ýa ymam Jagfara bagyºla bizni.
Kim biler iºinde niçiksi syr bar,
Akyl aòa ýetiºmez gudratly jepbar,
Duºmanyòa dostuò etdiò giriftar,
Ýa Musa Käzime bagyºla bizni.
Ýakyn köòül birle muºtagam bende,
Ýadyòyz eýlärem tä bar menzende,
Ady günden meºhur olmuº jahanda,
Ýa ymam Esgere bagyºla bizni.
Kap dagyndan ýol açylsa Ýajuja,
Dünýä ýüzi dolar zulumle güýje,
Zaman ahyrynda geler hyruja,
Ýa sahypzamana bagyºla bizni.
Magtymguly aýdar, men häki-paýam,
Ymamlar ýolunda hem jan pidaýam,
Kemine bende men, kelbi-gedaýam,
Ýa Apbas Alyýa bagyºla bizni.

DÖKE BAªLADY
Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaºyn döke baºlady.
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka baºlady.
Jemagatsyz azan bir gury sesdir,
Niçe mollaò okan ylmy hebesdir,
Kazylaryò käri çaý bile nasdyr,
Bir bozuk nyºana tuta baºlady.
Iºanlary her gapyda tapylar,
Mollalarna ýok myjabat ýapylar,
“Öwülýä men” diýip jögi sopular,
Gygyryp, asmana böke baºlady.
Çykar beýabana gyzy, gelini,
Ak ýüzüne ýapar gara telini,
Kemçinlik eýleýip, ýygan puluny
Düzedip özüne daka baºlady.
Dünýäde süýthoryò pul ýygma derdi,
Baýlaryò mallary bizekat erdi,
Toba ediò, gözüm bir ýaman gördi,
Bigünä, bir-birin ýaka baºlady.
Magtymguly, baºa baglap selleler,
Aç böri deý ýortup niçe mollalar,
Halaldan, haramdan ýygnap gallalar,
Her ne tapsa, dynmaý dyka baºlady.

GAÇA BAªLADY
Indi bildim zamananyò azanyn,
Ýamanlar ýagºydan gaça baºlady.
Gaýta bedasyllar asylzadadan
Pisint etmeý, töre geçe baºlady.
Yrýa boldy köpüò okan namazy,
Taòry hiç birinden bolmady razy,
Pygamber ornunda oturan kazy
Para üçin elin aça baºlady.
ªalarda galmady hökmi-adalat,
Bir pul üçin müfti berer rowaýat,
Bil, bu iºler-nyºanaýy-kyýamat,
Zalymlar bitoba öte baºlady.
Dadhahlar turuban, ýüzün sarardyp,
Kim töresin tapyp, reòòin gyzardyp,
Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,
Gamçysyndan ganlar saça baºlady.
Müjtehid sözüne amal bolmady,
Mynafyklar ýaradany bilmedi,
Sopular pirinden taglym almady,
Dünýä üçin dinden geçe baºlady.
Bir para sopular “sopy men” diýer,
Soramaý, zalymlar tagamyn iýer,
“Bizni ýagºy kiºi diýsinler” diýer,
Her iºikde halka gura baºlady.
Garryga aýlandy biz gören ýaºlar,
Aýaga dolandy biz gören baºlar,
Bimahal ýük baglap imdi gardaºlar,
Ahyret azmyna göçe baºlady.
Akyl bolan gamda ýüregin ezip,
Derdiniò dermanyn soraglap gezip,
Zamananyò pisat bolanyn syzyp,
Panydan bakyýa göçe baºlady.
Ne asyl begleriò nobaty öçdi,
Gaýta ºugul-haramyga söz ýetdi,
Dünýäde kim galyp, myrada ýetdi,
Muhubbet çyragy öçe baºlady.
Kazy bolan bir jowapda durmady,
Gije mähnet tartyp, kitap görmedi,
ªerigat ugrunda dogry ýörmedi,
Nebs üçin imansyz öte baºlady.
Magtymguly aýdar, barha ýol tany,
Bäº gün synamaga iberdi seni,
Senden burun öten jananlar kany?
Her kim nobatynda öte baºlady.
|