Kemine obadaşy bolan Gurbanbagt diýen gyz bilen maşgala durmuşyny gurýar. Bularyň
Allaýar hem Hudaýýar diýen iki ogly bolupdyr.
Şahyr deň-duşlary bilen oturşmagy, saz-söhbeti söýen şahandaz adam bolupdyr. Ol
Aly bagşy atly döwrüniň belli bagşysy bilen ýakyn gatnaşykly bolupdyr. Aly
bagşynyň Keminäniň goşgularynyň biziň günlerimize ýetip gelmeginde hyzmaty örän
ulydyr. Sebäbi bagşy Keminäniň şygyrlaryny heňe geçirip, halk arasynda aýdym edip
aýdypdyr we ýaýradypdyr.
Keminäniň öz döwürdeş klassyk şahyrlary Mollanepes, Şabende, Talyby bilen hem
ýakyn gatnaşygy bolupdyr. Şahyrlar mahal-mahal duwşuşyp, goşgy şygr
aýdyşypdyrlar, degişipdirler, gülküli gürrüňler edipdirler.
Kemine 70 ýaşap, 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. Şahyryň nebereleri häzirki
Baýramaly, Türkmengala etraplarynda ýaşaýar.
Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Döwrünüň wajyp
meseleleri şahyryň hemişe üns merkezinde bolup, olara ynsanperwer kalby,
Allatagallanyň bagş eden doga-bitdi pähim-paýhasy bilen baha beripdir. Hususan-da,
durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama
berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp
edipdir.