Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

AMAN KEKILOW


Mazmuny

 

ªahyryò ºygyrýeti

Aman Kekilowyò edebiýata we çeper söze bolan höwesi gaty ir wagtdan baºlanýar. Edebiýata, çeper söze bolan çäksiz söýgi Amanda goºgy ýazmaklyga ymtylyº döredýär. ªonuò netijesinde-de, onuò 1928-nji ýylyò 18-nji maýynda “Türkmenistan” gazetinde “Oba mugallymlaryna” atly ilkinji goºgusy peýda bolýar. Bu goºguda, adyndan belli bolºy ýaly, oba mekdeplerinde ylym, medeniýet ýaýradýan daýhan çagalaryna bilim berýän oba mugallymlary barada söz açylýar. Ilkinji goºgusynyò respublikan metbugatynda peýda bolmagy Aman Kekilowyò kalbyny joºa getirýär, ony çäksiz hyjuwlandyryp, ylhamyna ganat bekleýär. Ol ºundan soò gündelik ýüze çykýan möhüm wakalara ºahyrana söz bilen aýny wagtynda seslenip durýar.

Döredijilik iºine ilkinji gadam basan döwürlerinde ºahyr çagalar durmuºyna köp üns berýär. Aman Kekilowyò çagalaryò durmuºyna köp üns bermegi onuò “Pioner” žurnalynda iºlänligi bilen baglanyºyklydyr. ªahyr çagalara bagyºlap “Oglanlar hem kitap”, “Guºlar”, “Haýwanlary çagyrmak” ýaly birnäçe eserler döretdi.

ªahyr 20-30-njy ýyllarda öz döwrüniò talabyna görä birnäçe goºgudyr poemalar ýazdy.

Ikinji Jahan urºy ýyllarynda Aman Kekilow “Egri azar, dogry ozar”, “Kawkaz”, “Watan”, “Günbatara” ýaly birnäçe kämil eserler döretdi. ªahyryò “Watan” atly goºgusy, adyndan belli bolºy ýaly, çuòòur watançylyk ruhuna ýugrulan eserdir:

Ençe agyr günleri geçirdiò baºdan, Watan,
Gezeldi ganly penje içden hem daºdan, Watan,
Aýra düºdüò ah çekip, dogan-gardaºdan, Watan,
Açylmandy hiç wagt gözüò talaºdan, Watan,
Ganly göreºde ösdüò, düºmediò güýçden, Watan.

ýokaryk


ªahyryò poemalary

Aman Kekilow ir wagtdan baºlap liriki goºgular bilen birlikde mazmunly eserleri döretmäge-de giriºýär. Bu babatda onuò ilkinji synanyºygy 1932-nji ýylda ýazan “Geçen günlerim” atly poemasydyr. ªahyr bu eserini 1940-njy ýylda täzeden iºläp, üstüni ýetirýär we çeperleºdirýär.

ªahyryò “Öòe” atly poemasy (1934) öz döwrüniò iò bir wawaly meselesi bolan kolhoz gurluºy baradadyr.

ªahyr 1939-njy ýylda “Soòky duºuºyk” atly poemasyny ýazýar. Bu poema dili we çeperçiligi taýdan öòki eserlerinden has kämil ýazylandyr. Poema 1917-nji ýylyò öòüsyrasyndaky we 20-nji ýyllaryò baºlaryndaky türkmen obasynda bolup geçen waka bagyºlanypdyr.

Aman Kekilowyò “Çopan we patyºa”, “Küýze we tilki” atly poemalary türkmen halk ertekileriniò esasynda ýazylandyr. ªahyr olara täze reòk, täze öwüºgin berdi, mazmunyny çuòlaºdyrdy. Netijede halk arasynda belli bolan bu ertekiler ºahyryò ýiti galamynyò aºagyndan has hem kämil bolup çykdy.

ªahyr “Ölüm penjesinden” we “Gahryman gyzlar” atly poemalaryny 1942-nji ýylda ýazýar.
Bu eserleriò ikisi-de Ikinji Jahan urºunyò wakalaryna bagyºlanypdyr. “Ölüm penjesinden” atly poema bu ýyllarda Türkmenistanda ilkinji bolup Sowet Soýuzynyò gahrymany diýen beýik ada mynasyp bolan türkmen halkynyò ºöhratly ogly Gurban Durda bagyºlanýar.

ýokaryk


ªahyryò romanlary

“Söýgi” romany

Eser türkmen edebiýatynda täzelik bolan ºygyr bilen ýazylan ýeke-täk romandyr. Eseriò temasy hem baº pikiri söýgi. Eseriò baº gahrymanlary Ogulnabat, Begenç hem Akmyratdyr. Romanda boýdan-baºa ºu üç ýaº juwanyò durmuºy yzarlanýar. Bu barada ºahyryò özi ºeýle diýýär:

Üç sany ýaº ynsan baº gahrymanym,
Olara bagº etdim men bu dessanym.

Eserde wakalar adaty türkmen obasynda bolup geçýär. Romanyò baº gahrymanlary Ogulnabat hem Begenç obada önüp-ösen sada türkmen ýaºlary. Olar bir mekdepde okap, bile oýnap ulalýarlar. Ýaºlygyndan olar biri-birine örän mylakatly, sylaºykly garaýarlar. Soò bu mulakatlylyk söýgä ýazýar. Ýaºlar süýji-süýji arzuwlar, uly-uly höwesler bilen ýedi ýyllyk oba mekdebini tamamlaýarlar. Ganym uruº ýaºlaryò toý tutmak baradaky mukaddes arzuwlarynyò öòüne böwet bolýar. Begenç urºa gidýär. Ogulnabat bolsa, oba mekdebinde mugallymçylyk kärini ussatlyk bilen ele alýar. ªol ýerde-de Magaryf ministrliginden mekdebi barlamaga gelen Akmyrat oòa söz aýdýar. Emma asylly maºgala bolan Ogulnabat Akmyrada Begençden gelen haty berýär. Akmyradyò ýüregi lerzana gelýär, öz-özüni ýigrenip gezýär.

Begenje edil ýagyº ýaly ýagýan gülleleriò aºagynda-da, jan alnyp, jan berilýän garpyºykly söweºlerde-de Ogulnabadyò päk söýgüsi medet berýär. Begenç uruºdan ýaraly bolup dolanyp gelýär. Ogulnabat onuò bir aýagyny watan ugrundaky söweºlerde galdyryp gelendigine seretmezden, ony öòküsi ýaly söýýär, oòa buýsanýar. Ejesiniò bir maýyba gül ýaly gyzymy beribilmen diýen sözüne ol ºeýle jogap berýär:

Dyzyna berýäòmi gyzy oglanyò?
Maòa gerek zady ýüregi onuò.

Netijede, gyzyò päk söýgüsi ejesiniò garºylygyndan üstün çykýar. Ýaºlar durmuº gurýarlar. Emma bularyò ºatlygy uzaga çekmeýär. Nägehan urºuò Begenjiò bedeninde galdyran ganym güllesi ýaºlaryò bal gününe awy gatýar. Begenç aradan çykýar. Birbada bu ajy aýralyk Ogulnabadyò ýüregini sarsdyrýar, ony çykyp bolmajak gam laýyna batyrýar. Ogulnabadyò bu agyr ýagdaýyny obadaºlary hem ýakyn adamlary deò paýlaºýarlar hem oòa hemme taraplaýyn ruhy goldaw berýärler, ony ýeke goýman, halyndan habar alýarlar, täzeden durmuºa ruhlandyrýarlar. ªahyr bu ýagdaýlary oba ýaºulusy Oraz aganyò hereketleri we Ogulnabada ata hökmünde berýän maslahatlary arkaly has aýdyò açyp görkezýär. Begençden galan ýalòyz guwanjy Öwezjik onuò ýaraly ýüregine melhem bolýar. Ogulnabat täzeden durmuºa dolanýar, iºlemäge baºlaýar, soò Aºgabada okuwa gidýär. ªol ýerde-de ýokarda adyny agzan gahrymanymyz Akmyrada duºýar. Ogulnabadyò ýagdaýyndan habarly bolan Akmyradyò ýüregindäki söýgi uçguny täzeden tutaºýar. Ýöne olaryò öòünde türkmen ruhuna ýat bolan “dul geline boý ýigidiò öýlenmeginiò” gaty geò görüljekdigi baradaky mesele ör boýuna galýar. Akmyrat bu kynçylyklary we dürli garºylyklary öz arassa ahlagy, ýokary düºünjesi, belent adamkärçiligi bilen ýeòip geçmegi baºarýar, netijede bolsa, ol Ogulnabadyò ýüreginde müdimilik orun tapýar.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / XX asyr türkmen edebiýaty / Aman Kekilow

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

Aman Kekilow
(1912-1974)

Türkmenistanyò halk ýazyjysy, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyò hakyky agzasy, folologiýa ylymlarynyò doktory, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyò eýesi, Türkmenistanyò ylymda at gazanan iºgäri Aman Kekilow 1912-nji ýylda, Aºgabat ºäheriniò ýanyndaky Köºi obasynda, daýhan maºgalsynda eneden dogulýar.

ªahyr ýaºlygynda ýetim galyp, agasy ªalynyò elinde terbiýelenýär. Garyp doganlar esli wagtlap ýetimligiò, ýeter-ýetmezligiò ejirini çekýärler. Aman Kekilow 1922-nji ýylda Ilbaýew adyndaky mekdep internata ýerleºýär. ªundan soò ºahyryò durmuºynda täze sähypa açylýar. Ol 1924-nji ýylda internaty gutaryp, Aºgabat ºäherindäki pedagogik tehnikuma kabul edilýär. Aman Kekilow entek tehnikumy gutarmanka, “Pioner” žurnalynyò sekratarlygyna bellenilýär. Tehnikumy gutarandan soò hem ol bu wezipede bir ýyl iºleýär. Soòra öz tamamlan tehnikumynda mugallymçylyk edýär. Ylymyny artdyrmak höwesi ony Türkmenistanyò Magaryf halk komissarlygynyò garamagyndaky institutyna(1931-1933), soò bolsa Moskwadaky taryh, filosofiýa we edebiýat institutyna(1935-1939) alyp gelýär. ªahyr ýokary bilim alansoò, aspirantura okuwa girýär. Ol 1943-nji ýylda filologiýa ylymlarynyò kandidaty, 1959-njy ýylda bolsa filologiýa ylymlarynyò doktory diýen alymlyk derejesine eýe bolýar. Aman Kekilow ençeme ýyllap ýokary mekdeplerde, soòundan Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda iºledi. ªahyr 1974-nji ýylda aradan çykýar.