| Mazmuny:
 
              (bayramhan-2.htm)   ªahyryò ömri (1497-1561)  ªahyryò ömri, durmuºy. Muhammet Baýram han 1497 -nji
            ýylda Badahºanda (häzirki Täjigistan) eneden doglupdyr. Onuò ata-babalary
            Garagoýunly türkmenleriò Baharly kabylasyndan Seýfaly begiò maºgalasyndan bolupdyr.
            Baýram ýaºka ýetim galyp, atly-abraýly nebereleriniò goldamagy bilen Balhda bilim
            alýar. Harby tälimlere türgenleºýär. Sefewidler dinastsiýasyny esaslandyran
            Ysmaýyl Hataýynyò ( 1486-1526) goºunynda gulluk edýär. Ol ata-babalarynyò däbini
            dowam etdirýär, harby tälim alýar we hökümet, goºun gullugynda özüni tanadýar.
            Soò timurlar dinastiýasynyò belli hökümdary Muhammet Babyryò goºun serkerdeleriniò
            biri bolýar. “Baýram özüniò harby hünärleri, gaýduwsyz batyrlygy, söweºlerde
            görkezen gahrymançylyklary, galyberse-de, öz pähim-parasatly serkerdeligi bilen
            mongollar hereketi wagtynda uly rol oýnapdyr”. Onuò harby serkerde hökmündäki
            at-owazasy, abraýy köºgi sarsdyrypdyr. ªonuò üçin ol tiz wagtdan “köºgüò
            diregine” - baº wezir wezipesine çenli baryp ýetipdir.
 Muhammet Baýram han diòe bir döwrüniò harby tälimlerini kämil
            özleºdiren serkerde bolany üçin ºöhratlanman, eýsem öz ynsançylyk häsiýetleri,
            meýlishalar ýigit bolanlygy, ajaýyp ºahyrlygy üçin-de, uly at-abraýdan
            peýdalanypdyr - diýip, taryhçylar tekraralaýarlar. Baýramyò we onuò oglunyò
            töweregini Mir Dosty, Haºym kyssa, Kyblan beg, Molla ªeýdaýy, Muhammetguly Ülpeti,
            Suwhan beg, Kasym beg-Halaty ýaly köp sanly türkmen ºahyrlary, edermen ýigitler
            gurºap alypdyrlar. Köp meselede ondan tälim alypdyrlar. Baýram han ynsan üçin möhüm häsiýetlerden söz açyp ºeýle
            diýýär “ Ýaºuly adamlardan eºidiºime görä, her bir ýigitde üç sany sypat
            hökmandyr 1. Häkimleriò ýanynda özüòi alyp barmagy baºarmaly. 2. Gary-gasarlaryò göwnünden turup, olara duýgudaºlyk etmeli. 3. Alymlaryò ýanynda aýtjak sözüòi bilip aýtmaly. Muhammet Baýram hanyò daº sypaty, Ol orta boýly, bugdaý reòk, hemme
            agzalary jaýba-jaý, mertebeliligi merdemsi ýüzünden görnüp duran peºeneli ýigit
            bolupdyr.  Muhammet Baýram han töweregindäki adamlary halys wepadarlyk, kämil
            mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler bilen terbiýeläpdir. Özi-de ºeýle häsiýetlere
            ýugruln ºahs bolupdyr. ªu jähetden hakykatda bolan bir waka ýüzleneliò: Galagoply
            ýagdaýlaryò birinde Baýram han özüniò birnäçe ýigidi bilen owgan hökümdary
            ªirºahyò adamlarynyò eline ýesir düºýär. ªirºahyò adamlary Baýram hany
            öldürmekçi bolýarlar. Baýram han haýsyòyz? – diýen sorag berlende, onuò dosty
            hem egindeºi Ebul Kasym: -Baýram han mendirin! – diýip, orta çykýar. Ýöne Baýram han öz
            ýerine dostunyò ölmegini islemeýär we: -Ýok, ol Baýram han däl, Baýram – mendirin - diýip, bu-da orta
            çykýar. Uly serkerdäni halas etmegi ýüregine berk düwen Kasym bolsa:  -Siz oòa ynanmaò, ol meniò wepaly hyzmatkärim bolany üçin, meni
            halas etmek isleýär. Ol meniò nökerimdir. Hakyky Baýram han mendirin! – diýip,
            serkerde dosty üçin jellatlaryò eline berýär. ªeýdibem Kasym dosta wepalylygyò
            beýik nusgasyny görkezýär, Baýram hanyò ýerine özi heläk bolýar. Gandahardyr Sirhintde Humaýun ºanyò goºunlarynyò uly ýeòiºler
            gazanmagynda Baýram hanyò goºun serkerdesi hökmünde bitiren hyzmatlaryna mynasyp
            sarpa goýulýar. Oòa "Han- hanan", (Hanlaryò –hany) diýen iò ulyharby
            dereje berilýär. Humaýun ºanyò ýaºajyk ogly Ekbere atalyk terbiýesini bermek
            ynanylýar. 1556-njy ýylda Humaýun ölenden soò, tagtyna Ekber oturdylýar. Emma Ekber
            entek ýaº bolansoò hökümet iºlerine-de Baýram han ýolbaºçylyk etmeli bolýar.
            Ol, ýurdy hem goºuny pugta tertibe salmak üçin birnäçe aýgytly çäreler görýär.
            Boýnuýogyn ªa Ebul-Maalyny tussag edýär. Duºman goºunlarynyò garºysyna emelsiz
            hem baºarnyksyz ýolbaºçylyk edeni üºin mogol serkerdesi Tardy begi ölüme
            buýrýar. Goºunda berk düzgün-tertibi ýola goýýar. Nökerleriò harby hünäri
            kämil ele almaklary üçin çäreler görýär. Baýram hanyò at-abraýy, ºahsy göreldeleri onuò nökerlrinde hemiºe
            ýeòºe bolan berk ynanjy terbiýeleýär. Olaryò ruhuna ruh goºýar. Hanlar hany
            kämil harby serkerdeliginde we onuò ýolbaºçylygynda gazanylan ýeòiºlerden gylym
            alýan, göwünleri göterilýän mogol goºunbaºylarynyò her biri özlerini Rüstem
            Zaldan pes görmeýärdiler – diýip, taryhçylar nygtaýarlar. Muhammet Baýram han ºöhrat labyryna doly girenden soò, Humaýunyò
            ýegençesi Selime Soltan begime öýlenýär. Selime Soltan begim diýseò
            adamkärçilikli, akyl-paýhasly, edep-ekrama baý, juda görk-görmekli gyz bolup,
            Baýram hana, onuò ºahandazlygyna uly sarpa goýupdyr. ªeýlelik-de, Baýram han
            mogollaryò häkim topary bilen garyndaº bolýar. Türkmen ýigidiniò ºa tagtynyò
            eýeleri bilen garyndaºlyk gatnaºygy Ekberiò töweregindäki köºk adamlarynyò
            käbirine ýokuº degýär. Üstesine-de göripler ýaº hökümdar Ekberiò ýanynda
            Baýram hany dürli myjabatlar bilen ýamanlaýarlar. Hökümdar Ekber göripleriò gepine
            gidip, özüne tälim beren atalygy Hanlar hany Baýram hany köºkden ýuaº-ýuwaºdan
            çetleºdirýär. Bu ýagdaýlar Baýram hanyò Ekbere aºakdaky mazmundaky haty
            ýazmagyna sebäp bolýar: "Birnäçe görip adamlar maòa zeper ýetirjek bolup,
            birnäçe bolgusyz zatlary toslap, meni Size ýamanlapdyrlar, ºeýdibem olar mni ýok
            etmegiò küýüne düºüpdirler.  Her bir adamyò dürli tömetlerden özüni goraýºy ýaly, men-de ºol
            töhmetçilerden ºahsymy gorama mejburdyryn. Siziò töweregiòizdebirtopar haýynyò
            bolýandygy üçin özüm Siziò ýanyòyza barmagy makul bilmeýärin. "Siz bilip goýuò, türki kowumlarda öz iýen duzuna kast edýän
            adamyò bolmaýandygy bütin äleme mälimdir!"  Eger meni iýen duzuna kast eden adam diýip hasap edýän bolsalar, goý,
            onda olar ýönekeý bir esgeri iberip, meniò kellämi kesdirip, Siziò huzuryòyza
            eltdirsinler. Goý, bu waka geljekde döwlet iºine etmegi ýüregine düwen adamlara
            sapak bolsun! Siz ºeýle etseòiz, wah diýsem, meniò namart boldugym. ªeýle
            etmeseòiz bolsa, meni goºun serkerdeliginden boºadyp, goºuny köºgüò baºga bir
            ynamdar adamsyna tabºyryò. Men bolsam Maºada gitmekligi ýüregime düwdüm, ol ýerden
            hem Nejep, Kerbela…"  ªeýlelikde, Baýram han 1561-nji ýylda Horasana tarap ýola düºýär.
            Ýöne ol ºol ýylyò 31-nji ýanwarynda Küjerat diýen ýerde düºläp, ertir namazyna
            duranda, Mübärek han diýen haýyn onuò ýeòsesinden gelip, pyçaklaýar. Baýram hanyò jesedi Delä eltilýär we uly dabara bilen jaýlanýar,
            üstüne gümmez galdyrylýar. Soò, 1578-nji ýylda onuò jesedini Maºada
            göçürýärler. Üstüne gümmez galdyrylyp, gubruò üstüne-de  "Iò gowy gülzarlyklardaky gül hem solýar" diýen ýazgy
            ýazylýar.  
 
 BAÝRAM HANYÒ DÖREDIJILIGI Muhammet Baýram han düredijilik iºine ýaºlykda baºlaýar. Onuò türki hem
            pars dilinde ýazan köp sanly gazllary, rubagylary, ferdiýat, kytgalary bar. Onuò
            "Fetih-nama” atly öz harby ýöriºleriniò beýanyny edýän kitabynyò hem
            bolandygy çaklanýar. ªeýle-de hindi dilinde goºgular ýazandygy aýdylýar. Muhammet Baýramyò "Saýlanan eserleri" 1970-nji ýylda ilkinji gezek
            Türkmenistanda neºir edildi. Bu ýygynda onuò pars hem türki dillerindäki
            goºgularynyò aglabasy girizilipdir.  Muhammet Baýram hanyò birtopar ajaýyp goºgulary ( "Bahary gör",
            "Ýarmuhammet", "Tapylmas", "Bilmes men",
            "Saçyò", "Gözleriò…") bize gelip ýetipdir. Olaryò köpüsi
            söýgi temasynda bolup, käbirinde bolsa batyrlygyò, gahrymançylygyò waspy hem
            duýulýar. ªeýle-de adamkärçilik hakda, dünýä, durmuº-ýaºaýyº dogrusynda
            pikir öwürýän filosofiki bentler hem bar.  "Eý, jepaju, gaýry birle aºnalyk kylmagyl,Aºny bolgan ýaranlardan jydalyk kylmagyl.
 Aºnalyk ýagºydyr, leýken, ýamandur il tili…
 Tilge düºgen halk birle annalyk kylmagyl.
 Biwepalyk, gerçe, husn-ählige resmidur gadym,
 Sen olarga ogºamas sen, biwepalyk kylmagyl.
 Biedalykdur wepa terk eýlemek husn-ählige,
 Biwepalyk terkin eýle, bizdalyk kylmagyl.
 Baýram-a, çün ygtybaryò ýok turur ýar alyda,
 Görsetip aòa özüòni, hudnemalyk kylmagyl.
 Bu gazalda bir tarapdan-a haýsydyr bir gözele söýgi bildirilýär. Ikinjiden hem
            ýaramaz häsiýetler ýazgarylyp, adamkärçilikli häsiýetler wasp edilýär. ªeýle
            häsiýetdäki goºgular baºga-da bar. Mysal üçin: “Eý, serw, ºemgi mejlisi-agýar bolmagyl,Weý, gül, rafyky her has-u her har bolmagyl…
 (Eý, serw, ýat-kesekiler meýlisiniò çyrasy (ºem) bolmagyl.
 Weý, gül, her bir has-u haryò (erbediò) dost-ýary bolmagyl)"
 -diýen setirler bilen baºlanýan "Bolmagyl” goºgusy we baºgalar. Baýram
            ºahyr söýgi temasynda ýazan goºgulaynda-da diòe haýsydyr bir gözeliò
            görk-görmegini taryplamak bilen çäklenmeýär. ªol tarypy edilýän gözeliò
            edep-ekramly, belli bir ýara hemiºelik wepaly bolmagyny ündeýär. ªeýle ündewler, esasan, "her bir söz gatana dil berip ýörme-de, diýen
            pikiri nygtamak bilen sepleºýär. Muhammet Baýram hanyò söýgi lirikasynda: "Garºyòga tüºgeli eý serwi, gülgüzar saçyò,Meni ýel ösgeni dek kyldy bikarar saçyò…"
 -ýaly özboluºly çeperçilik seriºdeleri bilen bezelen juda täsirli setirler köp.
            ªu jähtden: "Men zarga sen dek ýene bir ýer tapylmas,Sen ýarga men dek ýene bir zar tapylmas!…
 -diýen setirler bilen baºlanýan "Tapylmas"; "Ýaºyl lybas era ol serwi gülgüzarny gör,Köòül açylgu dek ol dilguºa baharny gör"…
 -diýen setirler bilen baºlanýan "Baharny gör" gazalyny we baºgalary
            mysal getirmek bolar.  ªahyryò aýry-aýry ýigitleri taryplap ýazan eserleri-de bar. Muòa
            "Ýarmuhammet" gazaly mysal bolup biler.  Baýram hanyò maºgalasy Selime Soltanyò hem öz adamsy ýaly örän adamkärçilikli
            hem-de sungatyò, hususan hem ºygyr sungatynyò gadyryny bilen aýal bolandygy hakda
            maglumatlar bar. Ol päkizeligi, tertipligi, päk göwünligi, süýji sözlüligi halan,
            özünden-de ºeýle häsiýetleri talap eden aýal bolupdyr.  Baýram han ºahyr hökmünde öz döwürdeºlerni uly täsir ýetirip bilen,
            köpleriò göwnini awlap bilen goºgular döredipdir. Onuò goºgularynda hut öz
            häsiýetleri bilen bir perdeden gopýan örän köp setirleri dilden-dile geçipdir.
            Baýram han halk ýeòºini, halk toýlaryny, halk ºatlygyny olar bilen deò paýlaºan
            ºahyrdyr: Guwanýarys bu durmuºyò özüne,Gülüp bakýas dostlarymyzyò ýüzüne.
 Bu gün nowruz, bu gün baýram, bu gün toý,
 Gaýgy-gamsyz ºatlyk eder her bir öý.
 Muhammet Baýram han optimist ºahyr, dini düºünjeleri boýunça aýry baºga
            adamlary hem dostlaºmaga çagyran adam bolupdyr. Ol dini we milli çäklilikden has
            belentde durupdyr. Muny ºahyryò aºakdaky setirleri hem subut edýär: "Ne din gamydan demi-periºandur men.Ne küfr hüjümiden herasandur men.
 Buthana-ýu metjit maòa ýegsan görüner.
 Göýäki ne kapyr, ne musulmandyrmen".
 Baýram hanyò poezüýasynyò uly bölegini söýgi lirikasy tutýar. Onuò bu
            goºgular toparynda özboluºly liriki gözellige bezelen setirler bar: "Eý, çemeni jan era, serwa – huramanginäm!Ömür gülüstanyda gunçaýy – handanginäm!
 Gözge meni ilmegen, bir nazary kylmagan.
 Köòlüm alyp bilmegen dilberi – nadanginäm.
 Hem özi ýagºygine, hem gözi ýagºygine.
 Hem sözi ýagºygine, ýary – suhandanginäm.
 Eý, ýüzi gül-gülgüne, weý, saçy sünbülgine,
 Kylma tagapylgine, bolma puºeýmanginäm…
 Muhammet Baýram hanyò söýgi temasynda düzen gazallaryndan baºga, kytgalar-da
            (bölekler) ýazandygyny nygtamak gerek. Mysal üçin: "Eý peri-peýkar, ki ömri-jawydanym sen meniò Tä tirik men, senden aýrylman ki janym sen meniò".
 ªahyryò ençeme rubagylary hem ºu temada ýazylypdyr:  “Göz röwºeni-ýary-dilsitanym baradur.Jan gülºeninden serwi-rowanym baradur.
 Bu hassa eger galdy onuò gullugyndan,
 Sen galmagyl, eý köòül, ki janym baradur".
 Muhammet Baýram han we onuò ogly Abdurahym dagy hindi halky bilen türkmen halkynyò
            arasynda ilkinji dostluk köprüsiniò nawlaryny atan adamlardyr. Baýram han – meºhur türkmen ºahyry, harby serkerde Hanhanan, uly jemgyýetçilik
            iºgäri. Baýram hanyò dördijiligi türkmen alymlary tarapyndan düýpli, hertaraplaýyn
            öwrenmäge mynasyp edebi miras – ýadygärlikdir.   |