Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

MUHAMMET BAÝRAM HAN


Baýram han hakda rowaýatlar

Beýik Mogollar imperiýasy Baýram han döwründe ºahyrlara, alymlara hem-de sungat iºgärlerine hemaýat etmekde harajat gaýgyrmandyr. ªahyrlara, alymlara pul paýlanda, Baýram hanyò hazynasynda ýekeje teòòe-de galmaýan wagty az bolmandyr. ªol döwürlerde daº-töwerekden ºahyrdyr alymlar Baýram hanyò töweregine ýygnanypdyr.

Bir gezek bir ºahyr Baýram hanyò ýanynda hiç wagt bir jam doly tyllany görmändigini aýdanda, ol hazynadaryna bir jam doly tyllany alyp gelmegi buýrýar. Haçanda, pul geti-rilende, ºol puly ºahyryò eline beriò, diýipdir.

Beýle-beýle ºygyr ýazyp bilýän adam bir jam doly tyllany öz eli bilen tutup görsün.”

Hazynaçy tyllany ºahyryò eline beripdir. Bir az durandan soò tyllany yzyna almakçy bo-lupdyr. ªonda Baýram han.

- Goý, tyllalar ºahyrda galsyn. Ol tyllalar öz eýesine gowuºdy diýipdir.

***

Baýram han türkmeniò ogly Hanlar hany Abdyrahym han hem döwrüniò beýik ºahslaryndan bolupdyr. Ol hem kakasy ýaly ºahyr, filosof hem döwlet iþgäridir.

Göräýmäge sadaja, emma siòe seredende, çuòòur manyly:

“Gül sen nädip, öz içiòden açylyp bilýäò” Gül öz içinden açylýar, ºonuò üçin hem gül owadan, gül näzik, gül ýakymly bolýar ýaly ajaýyp pikirler ýa-da

“Derýalar öz suwuny özi içenok, miweli agaçlar hem miwesini özi iýenok” ýaly filosofik pikirler hem Abdyrahym hana degiºlidir

Hanlar hany Abdyrahman han alan asylly terbiýesine laýyk asly halal, päk ahlakly, dilewar, märeke söýen ºahandaz adam bolupdyr. Aºakda Abdyrahman hana degiºli bolan bir rowaýaty gürrüò bermegi makul bildik. Bu rowaýat arkaly Baýram hanyò ogly Abdyrahym hanyò päk ahlagy ýokary adamkärçiligi nygtalýar.

Ýokarda belleýºimiz ýaly Abdyrahym han meýlishalar, açyk göwünli, ºahandaz adam bolupdyr. Ol döwürlerde Delide gaty baý bir dul aýal ýaºaýar eken. Özem märeke-meýlis guramagy halaýan zenan bolupdyr. Özi öýünde bir märeke berse, hökman Abdyrahym hany çagyrar eken. Günleriò birinde ºol aýaldan Abdyrahym hana ºeýle mazmunly çakylyk gowuºýar.

- Siziò hezretleriòiz ºu gün agºam meýlisimiz bar. Eger Siz hem ºol meýlisi-mizde bolsaòyz gaty hoºal bolardyk.

Bu çakylygy alan Abdyrahym han agºamaralar ºol aýalyò öýüne ugraýar. Emma ol gelende, dul aýalyò öýünde hiç kim ýok eken. Abdyrahym han iºikden girende, ony hyzmatkärler däl-de ýuka köýnek geýnen dul aýalyò özi garºy alýar. Hanlar hany bu zatlaryò sebäbini soranda, ol aýal:

- Men märekäni ºu gün diòe sen üçin guradym. Sensiz maòa bu dünýä gerek däl. Maòa sen ýaly ogul gerek. ªonuò üçin bu agºam myhmanym bolsaòyz diýýär.

Abdyrahman han ol aýalyò özüne çekiji alyna maýyl bolman ýa-da azgyn diýip, aýala jeza bermän baryp, öý eýesi dul zenanyò ýanynda oturypdyr-da:

- Meniò ýaly ogul isläp, meni ýörite çagyrypsyò. Ýöne meniò ýaly ogluò bolmagy maòa bagly däl, ol Allanyò iºidir. Sen çyndan meniò ýaly ogluò bolmagyny isleýän bolsaò ine men seniò ogluò bolaýyn kabul etseò diýip, kellesini dul aýalyò dyzyna goýupdyr.

 

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Gadymy we orta asyr türkmen edebiýaty / Baýram han

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

Muhammet Baýram han

"Siz bilip goýuò, türki kowumlarda öz iýen duzuna kast edýän adamyò bolmaýandygy bütin äleme mälimdir!"