Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

Ahmet HALMYRAT

 

AÝDYLMADYK SÖZÜÒ MANYSY

(Rekwiýem)

Ejemiò röwºen ýadygärligine

Gadym eýýamlarda ynsandan ozal bu ýagty jahanda jygalary tel-tel, ganat-peri kümüºe gaplanan bir ajaýyp guº elli müò ýyllap döwran sürüp geçipdir.

Men bu geò rowaýaty eýýäm näwagtdan bäri ºol öz-özüme gürrüò berip ýörün. Ony haçan, kimden eºidendigimem ýadymda däl. Ýöne hiç hyýalymdan gidenok. Aslynda-da ol unudyp bolmaýanlygy üçin ºu günki güne çenli ýaºap gelen bolmaly. Diýmek, ol adamlara gerekdir. “Gerekli daºyò agramy ýok”. Ine, il onsoò ony mydama ýanynda göterip ýör.

...Bu ýagty dünýäde bir enaýy guº adam oglundan ozal elli müò ýyllap döwran sürüpdir.

Dur. Bu Magtymgulyda-da bar ahyryn.

“Elli müò ýyl döwran sürdi Benijan”
“Ahyry ynsandyr, öòi Benijan...”

Onuò aýtmadyk zady barmy diýsene? ªol bolmaly...

Ol mahal bir-ä göm-gök Asman, birem Günüò dökülip duran altyn ºöhlesine boýalan sap-sary Ýer bar eken. Ýer-gögüò arasynda-da ºol ullakan owadan guº ganatyny ýaýyp, howalanyp ýörüpdir.

Bu guºuò ýeke-täk iýmiti dary bolupdyr. Olam ýeriò ortarasynda dagyò gabarasy ýaly bolup, gümmezlenip, altyn öwsüp durupdyr. Harman özüniòki - dünýä özüniòki, han özi, soltan özi dünýäniò hezilini görüp ýaºap ýörüpdir.

Göm-gök asman.
Owadan guº.
Sary Ýer.
Dünýä sary. Sary... Sary...
Sary dary. Sary dary... Sary dary.
Döwür ötüpdir, döwranlar aýlanypdyr.
Dary gün-günden, gün-günden azalypdyr.
Dary gün-günden, gün-günden azalypdyr.

“Taòrynyò güni darydan köp”. Bäº däne galypdyr. Üç däne galypdyr. Ahyryn bu guºuò güni ýeke dänä diklenip galypdyr.

Iò soòky däne...

Ine, onsoò ýaòky janawer özüniò iò soòkuja dänesini diliniò astynda goýup, dik asmana göterilipdir...

* * *

Ejemiò haly birden agyrlaºdy. Ol dilden galdy. Ine, indem men onuò baºujunda nury az-kem öçüºen goýun gözlerine gözümi dikip otyryn.

Dilinde sandywaç senasy bardy, eje, gürlesene. Sen bir zad-a diýjek bolýaò, aýt, aýt, eje. Näme diýjek bolduka diýip örtenip ýörmeli bolmaýyn. Gürlesene, eje. Meniò öòde-soòda eºitjek iò gowy sözüm, megerem seniò ºu aýtjak bolup, aýdyp bilmän duran sözüòdir. Aýt, eje...

Bagymyz öz-özünden ºemal tapyp, ºagg-gg edip, içini çekýär-de, uludan bir dem alýar. Gamhorum meniò...

Göýä gök ummanyò düýbüne çümüp, gözläp-gözläp merjen tapýan guwwas kimin men onuò gözlerine siòip gidýärin-de, öz göwherimi-känimi (eje, seniò sözleriòi) tapýaryn.

Seniò hüwdüleriò gulagymdan gidenok. Agtygyòy hüwdüläp baºlasaò, meniòem gözlerim süzülibererdi...

...Meniò balam ýatypdyr.
Gül uky-ýa batypdyr,
Gyzyl gülüò tikeni
Gül aýagna batypdyr-eý.

Huwwa-huwwasy geler,
Ýatsa ukusy geler.
Ukudan oýananda,
Gülleriò ysy geler

Allan-allan edeýin,
Baga sallan edeýin.
Bagyò gyzyl gülüni,
Saòa gurban edeýin-eý

Huwwa-huwwa huwlandy,
Suwda balyk köwlendi.
Balyk diýip tutanym,
Ýylan boldy, towlandy.

Huwwa-huwwa, hüw guºlar,
Guºlar gaýada gyºlar-eý.
Ak guºlar owazyny,
Balam saòa bagyºlar-eý.

Meniò balam ap-akdyr,
Hem güldür hem ýaprakdyr...

...Yzy nämäkä? Hiç hakydama gelenok. Diòe garamtyl goýy bulutlaryò içinden parran geçýän göz gamaºdyryjy ak ºöhle... Owaz... Owaz.

Gülden ýumºak, Günden ýagty sözi - hak sözi - adam baºga hiç kimden däl-de, diòe ak süýt beren enesinden eºidýän bolmaly.

...Näme diýjek bolýanyòy aòºyryp bilemok, hiç aòºyryp bilemok. Ýüregiòde bir ýagty pikiriò, bir eziz sözüò-ä bar seniò, arman, diliò ýok. Ol sözüò owazy gözleriòden uçup gelýär-de, meniò gursagyma dolýar, eje. Men seniò bu aýdylmadyk sözüòe irde-giçde düºünerin. Düºünerinem ýalkanaryn...

Ýadyòdamy? Men uzak ýola giderdim, köp wagtlap gara bermezdim. Sen meni müò dil bilen ýola salardyò. “ªuny al ýanyò bilen, çörek ýoldaºdyr adama. Sag git-de, aman gel, oglum. Ýoluò ak bolsun, ýoldaºyò - hak. Menden daº - müò bir beladanam daº bol” diýerdiò.

Gaýdyp gelen çaglarym:

“Gara, gözüm yºygy,
Öýümiò ýaraºygy”

diýip garºylardyò.
Çörek biºirseò tamdyrdan çykaran bir tegelek gyzgyn nanyòy ilki bilen goòºymyzyò çagalaryna eltip bererdik. Olar ýetim galypdy. Seniò aýdanyòy ederdik, olary hiç ynjytmazdyk. Seniò tapýan sözleriò jadysy bar ýaly ahyryn. “Ýerde ýetim aglasa, gökde melek aglarmyº” diýerdiò. ªol çagalaryò biri aglasa, men asmana seretmäge gorkardym...

Göwnüm hazyna, men ony seniò dürdäne sözleriò bilen dolduraryn. Ömürboýy seniò sözleriòi agtaryp gezerin. Men ony özümden gözlemeli.

Bir gezek toýamy ýa patamy, ýadyma düºenok, bir ýaòa-ha gitdiò, maòa-da sygrymyza ot-suw bermegi tabºyrdyò. O-da meniò ýadymdan çykypdyr, elbet, oýna gyzandyryn-da. Gelip soradyò, menem dogrymdan geldim. Ýadymdan çykypdyr. Onsoò ylgap baryp bedrä ýapyºdym-da, sygrymyza suw bermekçi boldum, emma sen meni sakladyò-da, suwly bedräni elimden aldyò. “Gün uzakly gün aç-suwsuz saklabam utanman onuò ýanyna barjak bolýarmyò? Bolmaz, oglum. Nädip sen onuò gözüne seretjek?! Dili-agzy bolmasa-da gözi bardyr. Aýyp bor, beýtmegin...” diýdiò-de, mal ýataga baka gitdiò. ªeýdip sen maòa dilsiz-agyzsyz haýwanyò ejizdigini, oòa ynsanyò hossardygyny düºündiripdiò.

...San berip duran sary kirpikli günebakarlarymyz ese-boýa galypdyr. Ony görüp bir zat ýadyma düºdi. Her ýyl ýaz, nädeýin ýalan sözläp, adyny bilemok, birhili bilbil ýaly owadanja saýrak guºlaryò bir maºgalasy gelýär-de, biziò armydymyzda höwürtgeleýär.

“Guºlarymyz ýene geläýipdir” diýeniòden soò, men olaryò hut öz guºumyzdygyny, her ýyl ýaz olaryò gaýdyp gelýändiklerini bilip galypdym.

Guºlarymyz bu ýylam gaýdyp geldiler, eje. Günebakarlaram ýetiºip barýar. Basym olar kürteli gelin ýaly aºak-aºak bakyp baºlarlar. Onsoò seniò edähediòe görä, men olaryò üç sanysynyò baºyny bogman goýaryn, hasa oramaryn. Miwe biºer, hasyl ýetiºer diýip guºlaram garaºýar ahyryn. Olar näumyt bolmasyn. Paýyny goýaryn olaryò.

Uruº ýyllarynda, açlyk döwri sen nädipsiò-ä?! Meniòkem eºitmiº, ýöne men oòa ynanýaryn.

ªol ýyl adamlar ilerde, dag eteginde ak ekin ekipdirler. Düme ekilen bugdaý bitginli bolupdyr. Döwekçilere senem kömekleºýän ekeniò. ªonda döwek gutarypdyr welin, çäçden uºakgöz elegi dolduryp alypsyò-da, guºlaryò paýy diýip, meýdana döküp goýberipsiò...Bugdaý. Uly iliò rysgy. Onuò her dänesi gyzyla barabar ahyryn... ªonda-da döwekçilerden hiç kim saòa hiç zat diýip bilmändir. Diòe goja Annaseýit üstünden agyr ýük aýrylan ýaly bolup dikelipdir-de: “ªir balasydygyòy bildim, gyzym. Ata-baba gelýän ýoldur bi...” diýipdir.

Men sen hakda köp bilýärin, belki bilmeýän zatlarym ondanam köpdür.

...Sen maòa bir zad-a aýtjak bolup jan edýärsiò. Özüòi beýdip horlama, käbäm. Men düºünjek bolaryn, düºünerin... Seniò gözleriòde söze sygmajak, söz götermejek bir many-ha bar...

Birden onuò dodaklary gymyldady. Göwnüme ol bir zatlar pyºyrdaýan ýaly boldy. Men ony eºitmek üçin aºak egildim. Gaty egildim. ªonda bary aýan boldy... Ol meni - gara saçy agaryp baºlan perzendini ogºady...

...Meniò balam ap-akdyr,
Hem güldür, hem ýaprakdyr...

...Ukudan oýananda
Gülleriò ysy geler...

* * *

Göm-gök asman
Owadan guº.
Sary Ýer.
Göm-gök asman.
Owadan guº.
Sary Ýer.
Dünýä sary. Sary... Sary...
Iò soòky dary:
Iò soòky dary...

ªol äpet owadan guº iò soòkuja darysyny diliniò astynda goýup, al-asmana göterilipdir. Ýedi gat asmana çykandan soò dänesini aºak oklapdyr. ªeýdip ömrüniò bir gününi uzaldypdyr. Soò ol gözläp-gözläp ºol dänejigini tapypdyr. Ýene asmana göterilipdir, ýene ýere oklapdyr. Soò ýene tapypdyr. Iò soòunda bolmajagyny bilip, owadan uzyn ganatlaryny ýaýyp ýatypdyr.

ªeýdip kän ýatypdyr, janawer, ýuwutmandyr. Iò soòky däne guºuò agzynda ºineläp, tümmül bolup gögeripdir.
Sary dünýäde ýaºyl reòk peýda bolupdyr.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Döwürdeºlerimiziò döredijiligi / A. Halmyrat (mazmuny) /Aýdylmadyk sözüò manysy

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

...Birden onuò dodaklary gymyldady. Göwnüme ol bir zatlar pyºyrdaýan ýaly boldy. Men ony eºitmek üçin aºak egildim. Gaty egildim. ªonda bary aýan boldy... Ol meni - gara saçy agaryp baºlan perzendini ogºady...