Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiıat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güımenje
...we º.m.

Ahmet HALMYRAT

 

AK KEBELEK

(hekaıa)

Men seniò bu gürrüòiòi gizlin bir syr ıaly kän wagtlap hiç ıerde, hiç kime aıtman gezdim, eje. Belki, ºeıdip ıören bolsam gowy bordy, düºünjek bar, düºünmejek bar. İöne ıüregime sygmady-da ıazaıdym. İürekden çykan söz hökman ıürege ıeter diıibem men ilki bilen senden eºidipdim. Artdyran ıa bärden gaıdan ıerim baram bolsa, günämi ötgün.

* * *

ªu günki güne çenli bilmän ıürºümi diısene, ıogsam ºo mahallaram-a agy-garany saıgarmazça däldim.
İediıyllygy ıaòy gutaran uçurlarym bolmaly. Dogan-gardaº, bary fronta gitdi. Giden syrgynymyz boºap galana döndi. Bizem kakam ikimiz ataly-gyz bolup galdyk giò howluda. Ejem görgüliniò-ä suratyny getirip, ºu diıip görkezselerem tanap biljek däl. Suw ıaly çagakam ıurduny täzeläp, gözümden uçup gidipdir. Agamam fronta gidensoò gelnejemi ıanymyza göçürip getirdik. Çaga-çugasy ıok, ıaºyl kürtäni ıaòy baºyndan aıran gelin. Ol obadan bu oba - öz ıanymyza gelensoò, höwürli ıaly boldy. Tiz öwreniºdik.
Kakam pahyr, görüne nur ıagsyn, dilewar, hoºlabyz, gürrüòçil adamdy. Seniòem çala ıadyòa düºse düºıändir... (Meniò ıadyma düºıär, eje. Ol içmegini egnine atyp, arkasyny diwara ıaplap, müçenegi bilen sakgal-murtuna timar berip, güneºläp oturardy.).
Adam hemiºe hoº söze mätäçdir. Agyr günlerde hasam. İagtygözinden mal-garanyò aladasyndan dynansoò, töweregimiziò adamlary - garry-gurrusy, ıaº-ıeleò - kileò kakamyò ıanyna oturmaga gelerdiler. Gowy-gowy gürrüòler edilerdi. Bizem iki-üç sany agagyzy bolup bir burçda tikin-çatyna güımenip, diòlär oturardyk.
...Fronta giden oglanlaryò birinden öòräk erbet habar gelipdi. “Ilaman neressäniòem gelni çagasynam alyp turaıan oguºıa...” diıip, öıe gelen adamlaryò biri gep gozgady. Bu gürrüò kakama ıaramady. Uludan bir demini aldy-da, gözüni bir nokada dikip, kän oturdy. Birhaıukdan soò “Bilmedim-dä, nä wagt-nä zamana boldy. Uruº uruº bolıandyr, o ıerde baº-baºa, jan-janadyr. Kimiò kimden habary bar. Diri ıiten bolmagam ahmal. ªu beladan dynylıança garaºaımaly ekeni...” diıip, ıene dymdy.
Biraz salymdan soò ol hemiºekisi ıaly süıem barmagy bilen gaºlarynyò ortasyny sürtgeläp, garaºmak parzy hakda bir üıtgeºik gürrüòi aıdyp berdi.
Kakamdygy üçin bolsa-da bilemok, ıöne gowy adam gowy adam bolıar galıar. ªolar ıaly adam gelmez ıurda gidensoòam hemiºe edil ıanyòda ıaly bolar ıörer eken. Uly söze - toba-tagsyr, her sözüni gyzyla gaplaımaly adamdy. Lap edip aıtdygym däl, oòa ilem ºeı diıerdi. Ilden daº düºmäıin. Uly söze - toba-tagsyr.
Howwa, balam, kakam ºo gezek ºeıle hekaıaty aıdyp beripdi...
Il içinde “Bä, pylany, bu günler nirelerde otlap-suwlaıaò? Görneòok-la? Sen-ä asyl Temmim ıiten ıaly bolduò-la” diıen bir gep bardyr. Ine, ºol gepiò arasynda Temmimiò aıralyk hekaıaty bardyr bilseòiz.
Öten zamanlarda Temmim atly asylzada bolanmyºyn. Onuòam görkde-görmekde, akylda-huºda taısyz bir hoºroı aıaly bolanmyº. Iımän-içmän ıöne ıüzüne seredip oturybermelimiºin.
Bu ikisi biri-birini ºeıle oòat görer eken. Göwünleri aınadan ak. Biri beılekisiniò göwnündäkisini gözünden okap otyrmyºyn.
Günleriò bir güni ºeıtanyò ıoluny ıöredıän bet küıli bir periºde Temmimiò aıalyna aºyk bolupdyr. İaòky periºde bu är-aıalyò arasyna her edip-hesip edip al salmakçy bolupdyr. Emma onuò hiç pirimi baºa barmandyr. Dagy alajyny tapmansoò bir gün bimahal çak daº çykan Temmimi ºol periºde asmana göteripdir-de ötägidipdir. Äkidibem peti garany kese ıurtlaryò birine taºlap gaıdypdyr.
Bir gijäniò içinde Temmimiò zym-zyıat bolºuna zatdan bihabar aıaly-da, ili-güni-de haıran galypdyr. “Taòrynyò güni darydan köp”. İalançynyòky näme, däòyòy atyryp, günüòi ıaºyryp, ºol ömrüòden gädip oturmakdyr-da. Aı geçıär, ıyl geçıär, emma Temmimden gördüm-bildim diıen adam tapylmaıar.
Ara esli wagt düºenden soò, hälki periºde bir nazarkerde adamyò sypatyna girip, bu aıala söz aıdıar. Temmimiò aıalam adamsynyò ıitendigini, oòa garaºjakdygyny aıdyp, ıaòkynyò habaryny alman gaıtarıar. Soò ol ıene gelıär, ıene kowulıar. Garaz, periºde gelip razy edip aljak bolıarmyºyn, o-da gaıtarıarmyºyn. Iller öldi hasap etse-de, aıaly biçäre ärine garaºyp, umytda gezipdir.
ªeıdip ıedi ıyl geçenden soò bu oba abdal jindesini geıen bir diwana gelipdir. Saç-sakgal basan ºol galandaram gel-gel Temmim bolup çykypdyr. ªondan soò il arasynda ıaryndan aıra düºene, diri ıiten adama ıedi ıyl garaºmak dessur bolup galanmyº.
“İaryndan aırylan ıedi ıyl aglar” diıen sözem ºol wepadar aıalyò agzyndan çykan sözmüº.
Kakamyò ºu gürrüòinden soò hiç zat bolmaz, iò bolmanda diri ıitip, ahyry bir gün gaıdyp geler diıen pikir göwnümde öı etdi. ªu pikir hiç küıümden gitmedi. Göwün diıen nä, seniò aıdanyòa-goıanyòa gulak goııarmy näme?! Muòa-da ºükür edip gezibermekden baºga alaç tapmadyrm.
Aı geçdi, gün geçdi. Uruº gutardy. Indi geler, ºindi geler, he-eı, geler ıerde gelmedi. Biz garaºdyk, biz bilen bile ilem garaºdy, gelmedi, gözümiz ıolda galdy. Kakam görgüli syr bildirenok, gelnejem welin çyrasy öçen öıe döndi. Gün-günden saralyp-solup, öçügsilenip barıar, zagpyran ıaly.
Bir gije men üıtgeºik düıº görüpdirin. Düıºümde görsem ellerim baldajyklary açylan-u-açylmadyk gyzyl-gyzyl gunçaly gül bolup gögerip otyr. Men ony gujagymdaky dessegüldür öıdüp, niçezar aıyl-saıyl etjek bolıan welin, bolanok. Hut ellerim gül-gunça bolup, nowçalap otyr. Birdenem bir ıerlerden bir ak kebelek ganat ıaıyp, oınap geldi-de, elime - gülüò üstüne gondy. ªol gonuºy ıalam doòdy-da galdy...
Gyzlar bilen ıorjak bolduk. Hersi bir zat diıdi. Garaz agamdam bir nyºan bolaımasyn diıip, men muny kakama gürrüò berdim. “Gowy düıº görüpsiò, balam” diıip, baºymy sypady görgüli. “Gowy düıºi oòa-muòa aıdyp ıörmeli däldir, gyzym. Jan diıen adamyòa-da aıtmajak bolgun. Hergiz-hergiz unudaımagyn, gulagyòda galsyn. Özüò oòatlyga ıorup, garaºybermelidir, ıorsam gadyryny gaçyrarsyò. Hoº hyıaldyr, ürker gider... Ak kebelek - ak hatdyr. Agaòdan habar geljekdir, gyzym” diıip, soòundan pendi-nesihat etdi.
Üç günden soò gelnejemi kakasy bilen agasy öz öılerine göçürip alyp gitdi. “Ejesi ıaranok, bu öıde garaºdy näme, ol öıde garaºdy näme. Tapawudy ıok” diıip, sypaıyçylygam eden boldular. Meniò welin içimden ıügerim sogrulan ıaly boldy. Aglaı-aglaı gitdi. Menem delmuryp galdym yzynda, dilim agzymda gurady.
ªol günüò ertesi onsoò, hemiºeki ıaly syrçaly bedrämi süıtden dolduryp, daò bilen süıt satmaga gitdim. Gaıdyºyn görsem, derwezämiziò ıanynda goºa ganat ıaly bolup ak bir zat ıatyr. Edil ºol düıºümdäki ak kebelek ıaly. Ylgap baryp, haıran galyp ıerden göterdim. Ak ºahadatnama. Içinde agamyò suraty bar. Bir saırak guº tutan ıaly bolup kakamyò ıanyna bardym.
“...Kaka, ynha, ak kebelek uçup gelipdir”. “Men aıtmadymmy saòa, ak hat geler diıip”. “Kaka, bu nirelerden, nädip geldikä?” “Samolıotdan bäº gezek böküp gördük” diıip ıazmanmydy näme, gyzym. Samolıot sürıändir, gyssagly bir ıana uçup geçip gidendir. Meniò bardygymy bir bilsinler diıip, ºuny oklandyr... Aglama, balam, aglama... Bar, hany, muny ıygºyrypjyk goı. Gelse sorar ahyryn. Aıyp bor-a...”
Ataly-gyz bolup ºuòa ºeıle bir ynandyk. Men-ä soò-soò hakyt samolıotyò tarlap geçenini, ak ºahadatnamanyò ak kebelek ıaly bolup gaıyp gaıdanyny hut gözüm bilen gören ıaly boldum ıördüm. Soò-soòlaram somolıot geçse, gürrüldisini eºitdigimiz belendräk ıere çykyp, onuò garasy ıitıänçä yzyndan sereder galardyk.
Ynha-da, balam, arada ºu zatlary ıatlap, böwrümi diòläp otyrdym welin, öz-özüme haıran galdym. Umydygärligiò, didara zarlygyò etdirıän oıny eken asyl. Ynanasymam gelenok welin, nätjek...
ªol gün gelnejemi göçürip äkiden günleri ahyryn. Gumak köçede pyrgunyò yzy. Edil aınada görıän ıaly, görüp durun.
Ak ºahadatnama derwezämiziò ıanynda, goº-golamlaryò içinden gaçyp galypdyr...

 

Geziº ıoly: Baº / Edebiıat / Döwürdeºlerimiziò döredijiligi / A. Halmyrat (mazmuny) /Ak kebelek

© TM (2001)
Sahypa barada

İokaryk ıokaryk

...Birdenem bir ıerlerden bir ak kebelek ganat ıaıyp, oınap geldi-de, elime - gülüò üstüne gondy. ªol gonuºy ıalam doòdy-da galdy...