Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

Ahmet HALMYRAT

 

HORASANYÒ DURNASY

(hekaýa)

A. Pashine

Asmanam ukudan ganmandyr öýdýän, gamaºyp dur. Ýa ýene ygal düºäýjekmikä?...

Depäniò üstündäki eli pilli del adamlara, çadyrlara ilki bilen ºofyoryò gözi kaklyºdy.

- Ymm-m... Gelipdirler-ow.

- Äk? Kim gelipdir?

- Beýläk seretsene. Hon-ha, arheloklar gelipdir.

- Arhowloklar?! Hany?.. Howwa-aý, ýene geläýipdir bular. Bäh. Aý, indi bularyò geldigi - ýazyò geldigidir. Töwerek ýaºyl öwüsdigi gelerler, meýdanyò oty saralyp ugraram - gaýdarlar.

- Howwo...

- Bä-äý, ºu biziò höküwmediòem her hili iºi bar-ow... ªo mor sakgally ºepäò baºlygymydyr bularyò?

- Saºamy?! Aý, ýok, baºlyg-a däl. Hudožnik ol. Çyzgylaryny dagy çyzýan bolaýmasa.

- Aýlyk - günlügem gowy bolmaly bularyò.

- Gowudyr-la... Sorab-a göremok welin...

- Bäh. Munça pul, munça harajat çykaryp... Näçe ýyldyr-a gazýarlar, ibaly tapýan zatlaram-a ýok ýaly. Ýa gyzyl-pyzyl tapýarlarmyka? Äk?

- Bürünç eýýamy diýilýän döwrüò ýagdaýyny öwrenýä olar. Dört müò ýyl töweregi mundan ozalky döwür.

- Bolanda näme? Nä, gyzyl tapýan däldirler öýdýäòmi? O-how, höküwmet munça puly oýnamaga sarp edýän däldir. O-how...

- Hökman gyzyl tapmaly diýen zat ýok. Ylym-how, düºünýänmi?.. Öwrenmeli ahyryn.

- Öwrenmelidir, onyòa sözüm ýok. ...Ýöne bir bölek daº ýa konserwkürºge tapyp, “Otuz dört muò ýyl töweregi mundan owalky zat ºu...” diýen bolup ýörmeler-ä birhili ºularyò ... Bar ynandyk diýeli, ýeri onsoò? Aý, ýok-laý...

- Aý, birgat, gel, ºuny goýaly-la. Bi zatlar ikimize baºartjak zatlar däl-ä. Biz gowusy pagtamyz bilenjik bolubereli-le...

- Gaharlanjak bolýaòmy?!

- Aý, ýok-la...

- Men-ä how, gepden gep çykansoò aýdaýdym. ...Birhilirägem-laý.

- Bu-da bir iº-dä, birgat. Gazýalar, öwrenýäler - elbet, gerekdir-dä, ºeýle dälmi?!

- Ol aýdýanyò-a dogry. Aý, howwa-da, her kim yrsgalyny bir ýerden çöplemeli-dä. Gör-ä, öýden-ilden bizar bolup, bu çöl - beýewanda bularyò bolup ýörºüni...

Dünýäniò gurluºy ºeýle, her kim bir küýde...

...Deòeden geçip giden maºynyò uzyn signalyna arheologlar pillerini ýokary götermek bilen jogap berdiler. Salam!

* * *

Tutugsy Aý yºygyna uzyn kölege ýaly bolup görünýän süýri däpäniò etegindäki goºa çadyryò ilerkisinde yºygam ýok, ses-selemem. Gaýrakyda welin, henizem öçügsije yºyk bar. ªol yºygyò hol alysdaky ýyldyzlar bilen nähilidir bir meòzeºligi bar ýaly bolup dur. Ýa bu onuò çola meýdanda, ümsüm tümlükde ýeke özüniò ýylpyldap durmasyndanmyka?.. Nämedenkä?..

- Men-ä ýatjak, Saºa. ªemi özüò söndürersiò-dä. Ertirem daò bilen turmalydyr.

Çadyrdaky iki ýigidiò biri elindäki kitabyny ýassygynyò aºagyna sokdy-da, ýene nämedir bir zatlary hümürdäp, beýlesine öwrüldi.

- Arkaýyn ýatyber, Çary. Gijäò rahat bolsun. Menem häzir, ine. Dogrudanam, giç. Ýatmaly, ýat-ma-ly...

Emma Saºa wagty bilen ýatmady. Ol ºemi golaýragyna süýºürip, gündeligini eline aldy.

Küti depderiò daº ýüzüne ol suratkeºlere mahsus ezberlik bilen gadymy Gündogaryò hatdatlarynyò iºini ýada salyp duran harplary nagyºlapdyr: “Tekgemdepe”.

Geçen ýylky ýazgylar. “Sil hakynda”. “Düýe”. “Hazarmetjit”.

Ol täze sahypany açdy-da, bellik etmäge baºlady:

- “Tekgemdepe” - 18 mart, 1987 ý.

Salam, gadymy Parfiýa! Horasan! Deºti-Haweran!

Bu ýyl gelip bilmen öýdüpdim. Geçen ýyl garry çopan Atda aga “Bir ýerde öz oòat görýän zadyò ýanyòdan çykyp ýa baºga bir sebäp bilen galaýsa, hiç gynanmagyn” diýipdi. “ªol galan zat eýäm gaýdyp geläýsedi diýip dileg edermiºin. Garaºarmyºyn” diýipdi.

Geçen ýyl men bu ýerde nämäni galdyrypdym? Hiç zat. Ýöne gaýtmakçy bolanymyzda, nämedir bir zadym galýan ýaly boldy durdy ahyryn.
ªu gün geldim, ýitiren zadymy tapan ýaly boldum.
Salam, “Tekgemdepe”!
Ol ºemi garalyp duran gadymy daº okaranyò içine goýdy. Azajyk galypdyr, goý, ýansyn.
Daº çanak bilen ºemiò kölegesi ullakan kömelegiò ºekilini emele getiripdir. Sandyrap dur...
... Kiçijikkä ol uklamakçy bolup ýorgana girende, her gezek ejesi gelerdi-de, ýaòagyndan ogºardy. Soò bir zatlary sanardy. Dogamydyka?..

Saºa ony hernäçe ýadyna saljak bolsa-da, bolmazdy. Hany, soraýyn diýseò indi ony nireden tapjak? Ol indi ýok. (Megerem, adamlaryò köpüsi öz ejesinden iò zerur zatlar hakynda soramandygyna soò düºünip galýar). Ýöne ol “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler...Hemmäòiziò gijäòiz rahat bolsun!” diýen sözleri gaýta-gaýta gaýtalardy. Bir ºo ýatda galypdyr.
Ine, indi alyslarda galan ºol mährem ýatlamany aòynda direltmek üçin Saºa ºuny endik edinipdir. ªeýtse, ol özüniò rahat uklaýandygyna ynanýar...

Ol ýorgana çolandy-da, senasyny sanady... “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler, ýollar-ýodalar, kenarlar, adalar, suwda balyklar, uçarda guºlar... Hemmäòiziò gijäòiz rahat bolsun! Gijäòiz rahat bolsun, eje!”

* * *

Ýazyò baºyndan gelmeseò boljagam däl. Birinjiden-ä bu bir yssy ýurt, Leningrad bilen deòeºdirer dagy eder ýalymy. Ikinjidenem, gör-ä agºam ýene çyg düºüpdir, süpürilip, arassalanyp goýlan ýerasty yzlar mesaòa-mälim bildirip dur: diwaryò geçýän ýeri garamtyl zolak, bu garalyp duran tegelegiòem boºlukdygy belli. Howlukman arassalabermeli.

...Çarynyò “ªu gezek esasy tapyndyny men taparyn” diýeni çyn bolaýjak ýaly. Düýn ol soky daºyny tapdy, hon-ha ol ýene-de bir zada dümtünüp otyr. Gara çyny ...

- Student, ýene bir zat barmy ýa?

- Bar, Lena, bar... Sen tiz git-de, ºefi çagyr. Tiz bol!

- ªefi Aºgabada ugratmadykmy, huºuò nirede?

- Bar onda, Saºany çagyr.

- Çary “Esasy tapyndyny” tapdy diýeýinmi?

- Hany, bes etsene... Saºa! Aleksandr Alekseýewiç!

- Aleksandr Alekseýewiç!...

- ...Barýan.

...Agzyna ham çekilip, ýelim bilen mäkäm suwalan küýze abat däl eken. Töwereginiò gumuny emaý bilen aýyrdylaram welin, darka-darka bölünäýdi... Küýzäniò içinde saralyp giden süòkler bar eken. Saºa derrew anyk netijä geldi. Itiò süòki.

Küýzäniò üstüni halta bilen örtüp goýdular. Agºam Mihail Mihaýlowiçiò özi geler, görer, näme diýse, ºoòa görä bolmaly bolar. Häzirlikçe hasaba alyndy, surata düºürildi, bolýar ºol.

Geò. Näme üçin iti beýle apalap jaýladylarka? Ýa bu bir üýtgeºik gowy itmidikä? Belki ºeýle dessur bolandyr?..

Agºam ýatmakçy bolup durka, Saºanyò kellesine bir geò pikir geldi. Dogrudanam, nämüçinkä?

- Çary, ýataòokmy?

- Ýok. Näme boldy?

- ...Sizde, ynha, goýun itleriniò gulaklaryny kesýärler, urºanda möjek gulagyndan tutmaz ýaly... ªeýle dälmi?

- Howwa ...

- Guýrugyny näme üçin kesýärler?

- ...Bilmedim-aý. Owadanlyk üçin bolaýmasa...

- Aý, nätdiò-aý?

- Dogry-da, gulaklaryny kesip, guýrugyny kesmeseò, nähili bor?

- Aý, goýsana-how. Nätdiò-de goýaýdyò muny...

- Gülmesene... Gijäò bir mahaly ýok zadyò gürrüòini tapýaò-da...

- Ýeri, bagyºla... Bagyºla, student. Ýöne, dogrymy aýtsam, bize bu zatlary bilmek gerek. Ertir Atda agaò goºuna gideli. Sorap göreli, bolýamy?

- Bolýa. Hany ýataly-la ... Gijäò rahat bolsun.

- Gijäò rahat bolsun...

“Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler, ýollar-ýodalar...”

* * *

Saºa azda-kände türkmençe gepläp bilýändigine ºeýle guwanýar. ªonsuz ol bu gyzykly zatlary bilip bilermidi? Kim bilýär, pylan zat diýip bolanok.

Ine, Atda aga ony köne dosty ýaly garºy alýar.

- Geleweri sakaldaº. Geleweri...

- Salam-aleýkum, Atda aga.

- Waleýkim essalam. Saglykmydyr, saglyk-gurgunlykmydyr, sakaldaº. Gel, geç...

- Bu - Çary. Biziò oglanymyz. Student.

- Gaty gowy, gaty gowy... Geçiò bakaly.

- Ýene oòat sorag bar, Atda aga.

- Soragyòy, ynha, çaý baºynda diòläris, sakaldaº. Alòasama...

...Gije. Alawly ot. Çygly howada ýazyò ysy bar. Agyl. Asmanyò boýnundaky jaò käte bir zaròyldap gidýär. Mähnet Akbilek ýatan ýerinden kellesini galdyryp diòºirgenýär. Atda aganyò gürrüòleri...

* * *

“11 aprel, 1987 ý. Goýun iti hakda.

Atda aga gürrüò berdi, görüp otursam, düýbünden baºgaça eken. Goýun itiniò gulaklaryny kesýärler, möjek gulagyndan tutmaz ýaly, bu bir. Ýöne esasy sebäbi baºga: eºitgir bolýar, guýrugyny kesmekleriniò sebäbi, it burnundan üºeýär, ºonuò üçin ýatanda ol burnuny guýrugy bilen ýapmagy gowy görýär. Guýrugyny kesseò, burnuny ýapyp bilenok, diýmek, üºäp ýatyp bilmeýär, üstesine burny hemiºe ys alyp durýar.
Gör, bu adamlaryò bilip ýören zadyny...

* * *

“17 aprel, 1987 ý. Jaò hakynda.

Kiçijik jaòjagaz. Muny ozallar türkmenler, gör, nähili ajaýyp maksat bilen peýdalanar ekenler. Oòa “bazbent” diýilýär.

Çaganyò eºiginiò daºyndan ýagyrnysyna bazbent dakylýar. Çaga jaòjagazyny jyòòyrdadyp daºarda oýnapjyk ýör. Öýüò iºi bilen baºagaý enäniò bir gulagy ºol owazda... Birden jaò sesi kesilse, enäniò ýüregine howsala düºýär. “Balam niredekä? Oòa näme bolduka?” Ol ylgap daºaryk çykýar, dört ýana delmuryp perzendini gözleýär...

O, bu diòe enäniò oýlap tapyp biljek zady, diòe enäniò”.

* * *

Täsin zatlar hakyndaky bu ýazgylaryny tukat gyº gijelerinde okap hezil edinjekdigine ol häzirden begenip otyr. Begenmezmiò?! Ýene ºu ülkä gaýdyp gelen ýaly boljakdygyò görnüp dur ahyryn...

- Saºa, bu gün agºam Rejeplere - kolhoza gitmelidiris.

- Myhmançylykmy?

- Howwa. Onsoòam bu gün “Zenit” oýnaýar ahyryn.

- Dogrudanam, ºu gündür-ow. “ªahtýor” bilen, ºeýle dälmi?

- Ýogsam näme.

- Bararys, Çary... Lagerde kim nobatçy bolup galýar?

- Mihail Mihaýlowiç bije atarys diýdi.

- Bolubilýä, men razy.

...Depäniò günortasyndaky ikinji çuò gatlakda iºläp ýörenleriò bir-ä gygyrdy: “Oglanlar, gowak!”

O nähili gowak? Alty metr çuòlukdaky ammar jaýy bolmaly ýerde?..

- Çary, ýör hany...

Aºakdaky iºleýänleriò bary bir burça ýygnanypdyr. Lena olary görüp, elini bulady:

- Düºüò aºak. Näme dursuòyz? Gowak däl eken, Aleksandr Alekseýewiç. Ullakan boº hum bar. Agzyna gowakdyr öýdüpdirler.

- Düº aºak, student. “Esasy tapyndy”, ine ºonuò içinde bolmaly. Düýbüni barlap göremzok entek.

- Sen gülen bolma, Lenoçka. Barybir “esasy tapyndyny” men taparyn, ine görersiò...

... Ýöne iò täsin tapyndy, hakykatdanam, ºol humuò içinden çykdy. Beýlekiler üçin bu beýle uly täsinlik ýa möhüm zat däl bolsa-da ahmal. Saºa üçin welin, hiç haçan ºundan uly açyº edilmejek ýalydy.

Ine, ol ortada göýä bir üýtgeºik guºuò enaýy jüýjejigini eline alan dek, goºawujyndaky ýylmanak, gögümtil daºa seredip ýylgyrýar. Onuò göm-gök gözlerinden daºa nur ýagýan ýaly... “O, bože... Kakoýe çudo... Kakoýe çudo...”

Daºyò ýüzündäki täsin ºekil onuò akylyny haýrana goýupdyr. Gadymyýetde ýaºan göwni ýagty, eli ýiti suratkeº, gör, nähili ussat eken... Galkyjaklap, uçmaga meýil edip duran durnajyk... Daºyò reòkini diýsene. Hamala, ol suwuò düýbünde ýaly...

- O, meniò durnajygym. Uçasyò gelýärmi seniò? Göçüòden galaýdyòmy?

- Aleksandr Alekseýewiç, menem elime alyp göreýin-dä...

Üýºülip durulmagy naçalnigiò göwnüne ýaramadyk borly.

- Hany, ýerli-ýerimize baralyò, oglanlar. Agºamam futbol görmäge gitjek bolsak, birneme iºläliò...

- Mihail Mihaýlowiç, men agºam lagerde galjak. Eger siz garºy bolmasaòyz, elbetde.

- Näme boldy, Aleksandr Alekseýewiç! Nämüçin?! “Zenit” oýnaýar ahyryn, Saºa.

- Iºlejek, Mihail Mihaýlowiç.

- Ýeri, bolýa-da. Görüò ýagdaýyòyzy. Barybir galyp iºlejek bolsaòyz, ºol durnalyja daºyòam ºekilini kagyza geçiriò. Men haýyº edýän, Saºa. Ýeriò astynda köp ýatan zatdyr, aýawlyrak sakla, owranyp ötägitmesin...

- Arkaýyn bolaýyò.

Saºanyò galjak bolmagynyò sebäbi-de ºoldy ahyryn. Derrew kagyza geçirmeli...

* * *

Iòrik garalyberende, arheologlar uly ºowhun turuzyp, maºynly oba tarap ugradylar. Lagerde Saºanyò ýeke özi galdy.

“Durnajygym, otyrmyò? Näme gözüòi asmana dikýäò? U-u-u-h...

Sen bu enaýy guºuò suratyny näme maksat bilen daºa geçirdiò, meniò gadymyýetde galan gardaºym?! Ýa bu bagt guºumy? Ýa-da siziò kowmuòyzyò ybadat edýän hudaýymy bu guº?

Sen bu iºiòe näme at goýupdyò? At goýýanam dälsiòiz, bilýän. Gel, muòa ikimiz at goýaly. “Köòül guºy” diýsek bolmazmyka? Belki, “Horasanyò durnasy” deýeris, sen razymy? Gel, ºeý diýeli-le. “Horasanyò durnasy”.

Bu daºa sen baºga bir algyr guºuò, ºir-peleòiò ýa goºa kelleli wagºynyò suratyny çekmänsiò. Sag bol, gardaºym, sag bol...”

Ol ºemi ýakdy-da, suratly daºy ak kagyzyò üstünde goýdy. Ýagtyrak ýerde dursun... Indi iºläbermeli.

Ol howlukman iºleýärdi. Edil asyl nusgasyna laýyk edip, ilki daºyò, soò durnajygyò suratyny kagyza geçirmeli. Ilki aýry-aýrylykda, soò bütewi...

Saºanyò göwnüne, ol çala tirpildäp, ganat kakan ýaly boldy...

“O-o-o, durnajyk! Sen diri ýaly-la... Uçasyò gelýärmi?! ...Boýnunyò uzyndygyny. Aýdymda näme diýilýändir-ä?..

Durna geçer düzüm-düzüm,
Boýny ganatyndan uzyn...

Bu göçegçi, ömürbaky sergezdan guºlar bilen ynsan göwnüniò näme baglanyºygy barka? Nämüçin düzüm-düzüm bolup geçende, biz olaryò yzyndan dymyp garap galýarys? Hiç haçan, hiç kime aýtmajak sözlerimizi içimizden gaýtalaýarys. Geò. Öz iò gizlin pikirlerimizi, umyt-hyýallarymyzy yakyn adamlarymyza däl-de, bu älem-jahany keºt edip ýören guºlara ynanýarys. Syry bir adama aýtsaò - jahana dolýar, emma ony bütin dünyäni gezip yören guºlara ynansaò - bir adamam bilmeýär.

“...Seni tapanymyz, gör, nähili oòat boldy, ºeýle dälmi, durnajygym? Seniò ussadyò ýagty pikirli adam eken. Gör, ol bize seni ýadygärlik üçin goýup gidipdir. Ýagty pikir ýer astynda ýatmaýar. Adamlar ony tapýarlar, durnajygym, tapýarlar...”

Saºa iºi birýan ýüzli edensoò, gündeligine bellik etmäge oturdy. Ol bu günki täsin tapyndy hakdaky pikirlerini ýazýardy...

Daºarda maºyn sesi eºidildi. Oglanlar geldiler öýdýän. ªady-horram-a däl. “Zenit” utulaýdymyka?

...Oýun deòme-deò bolupdyr.

- Ýeri, jedeliòizi goýuò.

- Dogry-da...

...Çary derrew uklady. Sähel salymdan soò Saºa-da ºemi üfläp, ýorgana girdi... “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler, ýollar-ýodalar, kenarlar, adalar, suwda balyklar, uçarda guºlar... Hemmäòiziò gijäòiz rahat bolsun. Gijäòiz rahat bolsun, eje.”

* * *

Daòdanlar ol bir oýanjak ýaly etdi-de, ýene süýji uka batdy... Düýºmükä?! “Gyrryk... Gy-grr... Gyr-ruw...” Daºyò ýüzündäki durnajyk, ol ganatlaryny kakýar... Ine, ol birden daºyò ýüzünden çykdy-da, böküp, çadyryò agzyna bardy. Ganatlaryny gerdi-de, ýaºyl düzlüge baka ýorgalap baºlady. Honha, ol göterildi. Aýaklaryny jüpläp, boýnuny gös-göni edip, ganat kakyp barýar. “Durnajygym!”

Ol tisginip ýerinden galdy...Durnanyò sesimi? Bu sowala daºardan ses eºidildi: “Gyrr-ryk... Gyrr-ruuw...”

Ol ylgap baryp, daºy garbady. Bir sekunt doòan ýaly bolup durdy-da, hasanaklap daºary çykdy. Jahan ýagtylyp barýar...

...Ýüzüp barýan ýaly... Günbatardaky beýik Namazgadepäniò - gonamçylygyò üstünden pessaýlap durna göçi geçip barýar. Biri yza galypdyr. Onuò bolup barºyny. Janawer... Häzir ol ýeter, hökman ýeter.

...Saºa öz durnajygyny tanady. ªol ahyryn. Ol gygyranyny soòundan bilip galdy: - Uçup gitdi... Ýet yzlaryndan! Ýet olaryò yzlaryndan. Meniò durnajygym...

Oglanlaryò iki-ýeke oýanany-da bar eken. Olar Saºanyò lagerden birneme uzakda bu bolup durºuna geò galyp, aòkarylyºyp seredýärler.

...Heniz olaryò hiç biri onuò gysymyndaky daºda indi durnajygyò ºekiliniò ýokdugyny bilenok ahyryn.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Döwürdeºlerimiziò döredijiligi / A. Halmyrat (mazmuny) / Horasanyò durnasy

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

...Sen bu enaýy guºuò suratyny näme maksat bilen daºa geçirdiò, meniò gadymyýetde galan gardaºym?! Ýa bu bagt guºumy? Ýa-da siziò kowmuòyzyò ybadat edýän hudaýymy bu guº?