Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiıat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güımenje
...we º.m.

Ahmet HALMYRAT

 

"MERGENLI GAİA" HEKAİATY

(hekaıa)

Muhy Suhanowyò ıagty ıadygärligine.

 

Nesibämde bar eken, ıogsam ençeme ıyl bäri adam aıagy sekmedik bu ıat ıerlere, heı, gelermidim, seniò ters täleıiò hakdaky ºu gussaly kyssany eºidermidim, mergen ... Seniò sesiò bu agyr heòòamyò içinden geçip, ahyrsoòy maòa-da gelip ıetdi.

* * *

İylan ıyly gurak geldi. Meıdanda ıalama samanam ıok. Begnazar aga dagy eger telpegiòi togalap goıberseò oòa bir çöp iliºıän bolsa, ºol meıdanda malyny aman saklap biljek adam ahyryn. ªo-da howatyr edip alada galansoò, biliber. İeke-täk çygalga bar. O-da kyn... Garaz, serhetçiler bilen raıispolkom ylalaºyga geldi, hat-petek düzetdiler. Onsoò kolhozyò üç sürüsi ıüzüni ilerik baka öwürdi. Biz “Çilkeman” ıaılasyna tarap ıola düºdük. Ondanam ilerik baka gidibermeli...

Serhede golaılaºdygyòça töweregiò keºbi özgerip barıar. Belentli-pesli daglara aralaºdyk. Beılekiler üçin nähilidigini bilemok. Men weli hatarly ıola gadam goııan ıaly tolgunıardym. Ozal görmedik ıerlerim bolansoò ºeılemikä? Serhetçi esgerler bizi tä barmaly ıerimize golaılaºıança ugratdylar. Olar bizden häli-ºindi habar tutup dur. ªolar görnüp dursa, ıüregiò suwly. İogsam töwerek-daºyòy syrly ümsümlik gurºan ıaly bolup dur. Elbetde, öwreniºıänçäk ºeıle bolmagy mümkin. İene iki-üç günden öz ıaılamyz ıaly bolar gider-le...

Ine, giden otluk jülgeler, çeºmeli-çaıly dereler. Bu ıerler arzuw edeniòde-de ıetip bolmaıan ıerler ahyryn. Serhet ıakasy bolansoò, süri mal gezdirilmändir. Bossanly bahar saralyp-solup, ıykylyp galypdyr bu ıerde. Ot-çöpüò ysyny diısene... Goç-teke döwri - oktıabr aıy dowar üçin tüıs gerek ıer-dä.

Biz äpet gowagy - Begnazar aganyò aıdıan “Gara gowagyny” peıläp goº ıazdyrdyk. Ol ozal bu etraplarda mal bakyp kän gezen eken. Nirde näme bardygyny bäº barmagy ıaly bilıär.

Beıleki sürülerem ıanaºyk ıerde bolansoò, ilki baran günümiz giçlik çopanlaryò köpüsi biziò odumyzyò töweregine jemleniºdi. İarygijä çenli könäni ıatlap, söhbet gurup oturdylar. Men-ä bir praktikant oglan. Onsoò kömekçi çopan Allan ikimiz Begnazar aga näme diıse, ºonuò bilen bolmaly bolıarys. Ol-a itleri ıallaıar. Goınuò töweregine aılanıar, menem ıowºan ıygyp, elime ilen odun-çöpi topbaklap gowaga daºamak bilen...

Gije beıleki çopanlar öz goºlaryna dargaºandan soò Begnazar aga meni kömekçi çopanyò ıanyna ıollady:
- Bar-da aıt, bärligine sürsün-de gaıdybersin. Besdir, garyn otuny alandyr. Hergiz ıadyòda bolsun: “Oglanyòky eje, goıunyòky - gije” diııändirler. Gijesine ot saılamaz - tapan-tupanyny iıer, ylgaºyp ıörmez. Gije örä çykarmasaò, onda ıöne bir örüzseòem peıdasy bardyr. Bolmanda aºagyna ıel çalar, ıatan ıeri çalygar... Ertirden aòry, ine, ºular ıaly keçe bölejiginem dyzyòyza daòyò. Dyzlyk ediniò. İogsam çöp-çalam çyzar durar, dyzyòyzy persala edäıer...

Ol erbet üsgürip, iki egni bilen sojap dem aldy:
- “Gutlaıagam” çagyr, ıanyò bilen gitsin. Üsgülewük heläk etjek bolıa welin, tüòçäme bir gysym borjak atyp gaınatmasam boljak dälmikä diııän...

Köpügören adamyò gep-gürrüòem ap-aıry. Aıdan zatlaryny bloknotyma belläsim gelip dur welin, ıöne göräıse näme diıer? “İeri huºuòa näme boldy?” diıäıse. Öòem bir gezek gije oduò baºynda otyrkak “Derrew galamyòy çommaldaııaò” diıip gaharlanypdy ahyryn...
Ertesi dogrudanam töwerek-daº bilen gözüm öwreniºip baºlady. Öten agºam tüm gara gorp ıaly bolup sussumy basan “Gara gowak” indi penakär ıaly gözüme yssy görünıär. Ol biziò düºelgämiz, öıümiz ahyryn. Dagda güız gününiò howasy ºeıle tenekar bolıan eken.
Gün öıleden agandan soò welin, biz garaºylmadyk ıagdaıa uçradyk oturyberdik. Kömekçi çopanyò münüp gaıdan aty duran ıerinde diriò-diriò bökdi-de, arkanlygyna gaıtdy güpürdäp. Näme bolduka? Allanam aldygyna gygyrıar: “Haı, zowtehnik, ıeteweri. Muòa bir döw-ä çaldy. Özüò bir alajyny tapjak bol. Gaırat et? Boınuma ıazylandyr. Gaırat et!”

Boınuma ıazylandyr welin, men nädip gaırat edeıin. “Stolbiıak” ahyryn. Türkmençesi nämedir-ä?!

At janawer aıaklaryny saò gaty edip, gaòtarylyp gidip barıar... Oòa çenli Begnazar aganyò özi ıetip geläıdi hernä.

- Baı-bow! Jüre getiren ıaly-la.. Aòsat açylıany-ha ıokdur. Gel-aıt “İatyp galandan atyp gal” diıipdirler. Hany, kellesini tutuò! Mäkäm basyp saklaò bakaly...

Ol dyzyna çöküp oturdy-da, ıalaw ıaly pyçagyny gynyndan sogrup aldy. Göz açyp-ıumasy salymyò içinde atyò diliniò ujuny ºarpa diläıdi.

Eli ıeòil eken. Gan akansoò gatan damarlary gowºady. Janawer ıarym sagat geçip-geçmänkä turaıdy...

Metebäò belent bolsun, Begnazar aga. Saòa derek baºga biri bolan bolsady, hondan bärsi bolardy: “Haı, alym - zootehnik, sadagaò bolaıyn” diıip, meni utandyrjak bolup, müò gepiò baºyna ıeterdi. Sen beıtmediò, gaıtam öwüt berdiò, pendi-nesihat etdiò: “Mal yzynda gezjek bolsaò, bu ugurdan iºlejek bolsaò, onda ıaòky ıaly zatlaram görüp, bilip öwrenip goıaıgyn, köºek. Zyıany degmez, ıadyma düºüp duran wagty baºga bir zadam aıdyp bereıin: Atyò bili zor alsa, iımine ıumurtga çakybermelidir. Eger bogazy çiºip, demi gelmän ıatsa harlap, ketew degse, angina diımeıäòizmi näme? ªo angina bolsa, onda arpany gaınadyp-gaınadyp üç-dört ıola berseò, açylar... ”

Ynandym, Begnazar aga. Seò ıaly göwni düzüò sözi gyºyk bolmaz-a.

ªol gün öıleden soò tä giç agºama çenli men goınuò yzynda boldum. İaºuly çopanyò aıdyºy ıaly dowarlary ürküzmän, käıinjiremän, baºardygymdan parahat gezdirdim. Ekiz guzlajagy köp bolsun diıseò, onuò bu aıdanlarynyò gylyny gyºartmaly däl.

Günbatara tarap ıöräp täze bir jülgä inen wagtym, üıtgeºik bir ºekilde nazarym eglendi. Aòkarylyp galypdyryn...

Bu çeniòden-çakyòdan beıik, ıylçyr gaıanyò ıokarybaºynda ak kemeri bar. Iò ıokarsynda-da... Bu nä üıtgeºik zat. Gapdaldaky gara dagyò bir kerti oòa tarap uzaıar-da, ıetip bilmän gezelıär duruberıär. Aı ıaly egri kertiò aºagy düıpsüz ıaly uçut.

Täk özi seleòläp duran bu ıylçyr gaıanyò üstünde göwnüme bolmasa kimdir biri bar ıaly boldy. İok, ıok. Ol ıerde adam nämiºlesin?! Arçamyka? Kerkawmyka?! İa daºmyka? Ol nämekä, janlarym?

Begnazar aga bilıändir-le. Heı, bilmezmi?!

Agºam jülgeleri ümür-duman gaplady. İagyº jybarlap, howa birneme sowady. Biz eglenmän goº-kötelimizi “Gara gowagyò” agzyna getirdik. Sürimizem arkaıyn penalap dur...

Biz ot ıakyp, tüòçeleri oturtdyk. Oduò alawy äpet gowagyò syrça ıaly daº diwaryna gyzgylt reòk çaııar, onuò çogy bolsa mähirli saz ıaly endamyòa ornap, meımiredip barıar... Kybla tarapdaky goòºy çopanyò “Haıt-how” diıen sesine, hol, aºak etekde köwejekläp ıören biziò Gutlaıagymyz “Lowh-Lowh” edip jogap gaıtardy...

Ak duman barha goıalıan ıaly. ªu wagt mermer sütün ıaly gaıany-da duman örtendir. Onuò üstündäki...

- Begnazar aga, ºu tarapda bir üıtgeºik gaıa bar eken welin, men-ä birhili...

- Hä-ä... “Mergenli gaıany” gördüm diısene.

- “Mergenli” diıdiòizmi?

- Gözüni ıola dikip durandyr üstünde, neresse...

- Kim?!

Ine, ºeıdip seniò gussaly hekaıatyò üstünden bardym, mergen gardaº...

* * *

...Göwündeº gelni oòa “Sag git-de, aman gel” diıdi...

... Naçar dogany onuò yzyndan bir okara suw serpdi...

... Atasy egni hyrlyly, eli guºly, bili gylyçly, dal kamatly ata atlanan oglunyò boı-syratyna guwandy. “Bar, oglum, ıoluò ak bolsun” diıdi.
...Enesi... Enesi welin “Meniò aıdanymy et. ªu gezek awa gitme, jan oglum!” diıdi.

Bile ıola çykan dosty bu söze birhili bolup, göwnüni böljek ıaly etdi. Oòa çenli ol “Atylan ok daºdan gaıtmaz”, ene. Sag oturyò!” diıdi-de, atynyò böwrüne depäıdi.
Awa kellesi gyzan iki dost uzak ıollary söküp, ºu etraplardan gelip çykypdyrlar. Indi aw-ºikar edip göwnüni hoºlan ıigitler gaıdaısa-da boljak eken. Emma daò saz berende bir belent dagyò gerºinde ıedi sany goç hatarlanyp görünäımezmi?! Güni garºylaıan aılawºah goçlar... İedi goçuò her biriniò bir harpy aòladıandygyny, onuò tutuºlygyna “aıralyk” diıen sözi emele getirip durandygyny mergen näbilsin...
Seniò ıüküò ıetik, dogan. Gaıt indi. Mergenleriò gadymy ıörelgesinde-de bir sapar awa çykanynda ıediden köp janly-jandaryò ganyna galmak günä iº hasaplanylıar ahyryn. Seniò awlanyò ıediniò çeninde durmady. İene nämä hyıallanıarsyò?!
Dostuò sözi ıer tutmady. Aw höwesi ony ıerden göterdi. Gözleri baglandy.
Ol kowdy, goçlar gaçdy. Hiç atyma gelenok. Bu kow-ha-gaçlygyò soòy ºol ıokary baºy ak kemerli ıylçyr gaıada tamama geldi.
Gaıa tarap uzaıan kertden ıedi goçuò ıedisem zyòdy. Gaıanyò ıeke-täk ak kemerine ºapylaºyp, jüp düºıän goçlar awçydan gutulmak üçin onuò arka ıüzüne aılandylar...
İüòi ıeten ıigidiò goç kemi barmy? Seri dumanly mergenem uçutdan uçdy. Badyny saklaman zyòdy özüni. Barybam gaıanyò ıüzüne ıelmeºdi. Iki-üç gezek omzady-da, gaıanyò çür depesine çykaıdy. Goçlaryò birini urdy, beılekileri özüni dik baºaºak oklady. ªahynyò üstüne düºıän goçlar aºyrym atyp, turup-turup gitdiler. İigit muòa haıran bolup ıalaòaç gaıanyò üstünde galyberdi...
Bu nä ahwalat boldy?
Ol perwaz urup aılandy. Uçaıyn diıse ganaty ıok... O dag o ıanda, bu dag bu ıanda. Hiç alajy ıok munuò.
ªeıdip seniò ıigit baºyò tükenmez gowgaıa uçrady, mergen. Diri aıralyk. Zalym aıralyk. Beıle jebre kim dözer? Daglar-eı! Daglar-eı!
Hon-ha, dostuò atyòy idip gelipdir. Aılanıar, dönıär...Atyò otagaly baºyny egip dur. Dostuò solan sünbül ıaly. Nä ıüzüne oba barar, barsa, näme jogap berer? “Sen üstünden galsaò, men astynda çüıräp galjak gaıanyò” diıer...
...Seniò wesıetiò daglara-daºlara, dostuò ıüregine, aılara, ıyllara siòip galypdyr...

...İedi goçuò biri gara,
İüregime saldy ıara,
Daıym gyzy - bagty gara -
İarym gan aglasyn indi.

İedi goçuò birin urdum,
İanynda saralyp durdum,
Öz ganyma özüm galdym,
Enem gan aglasyn indi.

Haraı, haraı, haraılandy,
Haraısyz dost kän aılandy,
Geljek ıollarym baglandy,
Naçar gan aglasyn indi.

Atymdyr - atam saklasyn,
Guºumdyr - enem saklasyn,
Läºimi guºlar kaklasyn,
Atam gan aglasyn indi...


...ªu aıdymy aıdybam gaıanyò depesinde daºa öwrülip doòup galypsyò.
- Görensiò-ä, garaºyp durandyr, neresse...
Begnazar aga çörekçi goıny çagyrdy-da, oòa bir döwüm çörek berdi. Soòam çyzymynyò bir ujuny garry goınuò boınuna daòdy, beıleki ujunam goºaryndan geçirdi-de, goıunlaryò içinde ıatmaga gitdi. Süri örse, çörekçi goıun ony çekeläp turuzar. Begnazar aga onsuzam sakdyr welin, köne endigine görä edıän bolaımasa...
Allan ıadaw bolansoò, derrew uklady. Menem oıluga bürenip, oduò gapdalynda ıatmakçy boldum. İöne wagty bilen gözüme uky gelmedi...
Men bilıän, siziò ümürli-dumanly daglarda, “Gara gowagyò” agzynda ot ıakyp oturan çopanlaryò goºunda bolasyòyz gelıändir. Meniò welin içim gysıar. Bu ıerlerden basymrak gaıdasym gelıär...
...Garaº, mergen. Daºa öwrülenem bolsaò, garaº. Men seniò sözleriòi gözi ıolda galanlaryò hemmesine ıetirerin. Olar seni bagyºlar. Dünıädir, munda nämeler bolmaıar?!

 

Geziº ıoly: Baº / Edebiıat / Döwürdeºlerimiziò döredijiligi / A. Halmyrat (mazmuny) / "Mergenli gaıa" hekaıaty

© TM (2001)
Sahypa barada

İokaryk ıokaryk

...Göwündeº gelni oòa “Sag git-de, aman gel” diıdi...

... Naçar dogany onuò yzyndan bir okara suw serpdi...

... Atasy egni hyrlyly, eli guºly, bili gylyçly, dal kamatly ata atlanan oglunyò boı-syratyna guwandy. “Bar, oglum, ıoluò ak bolsun” diıdi.

...Enesi... Enesi welin “Meniò aıdanymy et. ªu gezek awa gitme, jan oglum!” diıdi.