Mazmuny:
Goºgulary:
MYRAT- TALYBYNYÒ DÖREDIJILIGI
Myrat Talyby XVIII asyryò däplerini dowam edip, döwürdeºleriniò
oý-pikirlerini çeper goºgularynda aòladan görnükli ºahyrdyr. Talybynyò «Talyby we
Sahypjemel» desdanynyò hem edebiýat taryhynda özüne mynasyp orny bar. Talyybynyò
edebi mirasynyò agramly bölegini sosial- deòsizlik, watançylyk, agzybirlik, söýgi,
durmuºy temadan ýazan eserleri eýeleyär.
ªahyr döwürdeºleriniò sosial ýagdaý barada söhbet açyp, halkyò baýlar we
garyplar diýen topalara bölünendigini, ýoksul bolsaò barly gatlakdan dalda yokdugyny,
hatda garyndaºyò hem rehim etmeýändigini nebsagyryjylyk bilen ºeýle belläpdir:
Bir dileg dileseò möhümiò bitmez,
ªu köòül arzuwy hiç ýaga ýetmez,
Garyndaº rehm etmez, baýlarn gol tutmaz,
Gadymymy gayra saldy garyplyk.
Goºgynyò beýleki bentlerinde bolsa «Garyba açlygyò zäherdende beterdigini»,
garybyò «astynyò düºeksiz, ýüreginiò daglydygyny», halkyò baºyna musallat bolup
inen garyplygyò «gollary baglap, bagyrlary dilip» ýörendigini obrazly
suratlaandyrylýar.ªahyryò ºygrynyò dowamynda:
Diliò çekinjidir, baºyò baglydyr,
Ygtyýar goldan aldy garyplyk.
Deò-duºy görende, gaýra teser sen,
Ýoksulluk ýat edip, içiò gysar sen,
Sözüò ile sygmaz, özüò ýeser sen,
Hemme dertden ýaman boldy garyplyk
Talyby diýr, köòlüm, gamly bolmagyl,
Zynhar Alla adyn dilden salmagyl,
Görümsiz baýlardan umyt kylmagyl,
Bir zaman eglenmez, geçer garyplyk».
—diýip ýazmak bilen, garyplygyò ynsany diòe maddy taýdan garagüne salmak bilen
çäklenmän, ruhy jähetden-de ezýändigini: diliniò çekinje, baºynyò bagly,
deò-duºunyò ýanynda boýny buruk, aýdan gepiniò ýer tutmaýandygyny, özüniò
ýaramaz adamlar hatarynda görülýändigini ýekän-ýekän dile getiripdir. Emma Talyby
«Baýlyk el kiridir, ýuwulsa gider» diýmek bilen, baýlygyò, garyplygyò
wagtlaýyndygyny belleýär. ªahyr garypdyryn diýip gam-gussa batyp oturmak
ýalòyºlykdyr, Allatagala sygynyp ýaºamaly, «Görümsiz baýlardan umyt etmeklik
bolmaz» diýlen ýaly maslahatlar bilen goºgusyny jemläpdir.
Talybynyò «Geldi garyplyk» goºgusy Magtymguludan soòra sosial-deòsizlik meseläni
gozgap, halkyò gün-güzeranyny duýgyuly suratlandyran eserleriò ilkinjisi hökmünde
türkmen edebiýatynyò taryhynda orun aldy. ªahyryn «Ýollary bardyr», «Dywana
beg-kese ýüz»; «Baýa biýrler» goºgulary bolsa «Geldi garyplykda» gozgalýan
sosial adalatsyzlygy has giòiºleýin suratlandyrmak bilen adamlaryò garyplaºmagy
ýokary synpyò wekilleri sebäplidir, ýöne baýlaryò hernäçe mülkdar bolsalar-da
adamkärçilik babatda garyp-gasarlarça ýokdur, aýry aýry barjamly adamlardan
gedaýlar sahydyr diýip, döwrüniò ýagdaýyny äºgär edýär:
Adyò Mämmet, özüòiz baý,
Bir ýaman söz çykdy bijaý,
Bu bolºundan ýegdir gedaý,
Artyk zady ýoga biýrler.
Talybynyò döredijiligine özboluºly öwüºgin berýän.«Daº bile», «Her eder»,
«Garrylykdyr ýaranlar » ýaly durmuºy temadan ýazan goºgulary döwürdeºleriniò
gwnünden turan eserlerdir. Aýratyn-da, ºahyryò «Garrylykdyr,ýaranlar» atly goºgusy
özüniò durmuºylygy bilen nesilleriò hormatyny gazanyp geldi. Halk arasynda «ýa
ölürsiò, ýa garrarsyò» diýlen bir gep bar. Ynsan ömrüniò
geçegçidiginden,adamyò hemiºe birdurkuny, berýän bu aforizm ulanylanda garrylyk
ýaºa ýetmek arzuw edýlýär. Garrylyk diýmekliginiò nämedigini alyby obrazly dilde
ºeýle beýan edipdir:
Hassalar gutular, garry gutulmaz,
Köòül guºy uçar gider, tutulmaz,
Bu derde kimseden care ýetilmez,
Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar.
ªahyr garrylyk ýaºyò fiziki we ruhy kynçylyklaryny ýekänýkän ýazyp beýan
etmek bilen aºlyk ýylaryò gadyr-gymmatyny wagtynda bilmekligi maslahat berýär, garran
adama hormat-sylag bilen bakmaklygy, olara kömek berip durmaklygy ýaºlara wagyz edyar.
Garran kiºilere sylag-hormaty bolmadyk adamlary nadan atlandyryp, bu goºgyny ºeýle
jemleýär:
Talyby diýr, dostlar, garrymaò beter,
Altmyºyò, ýetmiºiò arasy ýeter,
Özün bilmez nadan itekläp öter,
Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar.
Talybynyò edebi döredijiligi Magtymgulynyò edebiýatymyza girizen täzeliklerini
dowam etmek bilen, XIX asyr türkmen klassyk poeziýasyny mazmun we forma jähetden
baýlaºdyrdy. ªahyryò ºygyrlary ºu günleriò ýaºlaryny terbiýelemekde gymmatly
edebi material bolup hyzmat edýär.

GELDI GARYPLYK
Pelek senden bir ºikaýat edeýin,
Gün-günden sürünip geldi garyplyk;
Budur arzy-halym saòa aýdaýyn,
Ygtyýarym goldan aldy garyplyk.
Baýlyk el kiridir, ýuwulsa gider,
Garyba açlykdyr zäherden beter,
Baly el uzatsa, her ýana ýeter,
Golum baglap, bagrym dildi garyplyk.
Bir dileg dileseò, möhümiò bitmez,
ªu köòül arzuwy hiç ýana ýetmez,
Garyndaº rehm etmez, baýlar gol tutmaz,
Gadamymy gaýra saldy garyplyk.
Asty düºeksizdir, ýürek daglydyr,
Sorasaò açylmaz, bentdir-baglydyr,
Diliò çekinjedir, baºyò baglydyr,
Ygtyýarym goldan aldy garyplyk.
Deò-duºy görende, gaýra teser sen,
Ýoksullyk ýat edip, içiò gysar sen,
Sözüò ile sygmaz, özüò öser sen,
Hemme dertden ýaman boldy garyplyk.
Talyby diýr, köòlüm, gamly bolmagyl,
Zynhar Alla adyn dilden salmagyl,
Görümsiz baýlardan umyt kylmagyl,
Bir zaman eglenmez, geçer garyplyk.

GEZME ÝYRTYK JINDE BILE
Gel köòlüm, nesihat berem:
Aºna bolma gende bile.
Gendäniò hormaty bolmaz,
Hor bolarsyò sen-de bile.
ªerigatdan çykma zynhar,
Belki bir tamda gulak bar,
ªeýtan diýen mekgi-aýýar,
Aldar seni günde bile.
Talyby diýr, mün bedew at,
Kesgir gylyç, jöwher polat,
Borç eýle, esbabyò düzet,
Gezme ýyrtyk jinde bile.
|