| ÇORBANYÒ ÇORBASY
 Günlerde bir gün bir daýhan Ependä towºan getirip beripdir.Bir
            hepdeden soòra ºol daýhan ýene Ependiniòkä gelipdir. Ependi ony tanamadyk
            bolýarmyº.Ol daýhan:
 -Men geçen hepdede saòa towºan getirip beren adam-diýip, özüni tanadypdyr. Ependi
            göwünli-göwünsiz:
 -Öýe gireliò-diýipdir hem-de onuò öòünde çorba goýupdyr. Ol:
 -Towºan çorbasydyr, alyò myhman! - diýip, kakdyryp gürläpdir.
 Aradan ep-esli gün geçenden soò, Ependiniò öýüne bir topar daýhan gelip,
            hezzet-hormat tamakin bolupdyrlar. Olar:
 -Biz ºol towºan getirip beren daýhanyò goòºulary bolarys-diyipdirler. Ependi
            tapan-tupanlaryndan bulara-da hezzet edipdir.
 Bir hepdeden soò ýene bir topar daýhan gelipdir.
 -Siz nireden? -diýip, Ependi olardan soranda:
 -Saòa towºan getirip beren daýhanyò goòºularynyò goòºulary-diyip jogap
            beripdirler.
 -Geçiò oturyò!-diyip, Ependi olary myhman alypdyr hem-de ýaòky daýhanlaryò öòüne
            bir tabak suw getirip goýupdyr. Daýhanlar geò galypdyrlar. Tabaga serediºip:
 -Ependi bu näme?-diýip sorapdyrlar. Ependi bolsa:
 -Bu çorbanyò çorbasynyò çorbasy-diyip jogap beripdir.
   
              
                | 
                  
                    | REKLAMA |  
                    | 
 |  |  EPENDI BILEN GEDAÝ
 Bir gün Ependi öýünde otyrka, biri onuò gapysyny kakypdyr. Ependi:-Kim bolarsyò, näme gerek?-diýip, ondan sorapdyr.
 Bir zaryn ses:
 -Aºak düºüò-diýip jogap beripdir. Ependi aºak düºüp, gapynyò agzyna baranda,
            gapyda duran gedaý:
 -Bir zatjagaz sadaka beriò!-diýipdir. Oòa Ependiniò gahary gelipdir, ýöne syr
            bildirmän:
 -Ýokary çyk!-diýipdir. Biçare gedaý ýokaryk çykyp, Ependiniò oturan jaýyna
            baranda:
 -Saòa Alla rehim etsin, mende saòa bererlik zat ýok-diýipdir.
 Gedaý bu bolºa haýran galyp:
 -Bu näme etdigiò? Eger boº gaýtarjak bolsaò, aºakdakam jogabymy berip göýberseò
            bolmaýarmy?-diýipdir.
 Ependi hem oòa:
 -Sen näme dilejek sadakaòy meni aºak düºürmän diläp bilmediòmi?-diýipdir.
   |