(XI asyr)
Abul-Fazl kümmeti Sarahs oazisiniò möhüm taryhy-arhitektura
ýadygärligidir. Ýadygärlik 1023-nji ýylda ýogalan hem-de Sarahsyò golaýynda
jaýlanan musulman mistigi Abul Fazla degiºlidir. Halk arasynda bu ýadygärlik
Sarahsbabanyò aramgähi hökmünde meºhurdyr.
Bu kümmetiò ilkinji fotosuratyny ilkinji gezek 1894-nji ýylda professor
W.A. Žukowskiý çap edipdir. Bu ýadygärlik 1940-njy ýylda Günorta Türkmenistan
kompleksleýin arheologik ekspedisiýasy tarapyndan öwrenilipdir hem-de arhitektor A.M.
Pribytkowa tarapyndan ölçegleri alnypdyr. Abul-Fazlyò guburhanasy monumental
kompozisiýadan ybaratdyr. Onda esasy möçberiò kuwwatly parallelepipedi silindrik
aýlawyò üstündäki gümmez bilen utgaºýar. Bu desga biºen kerpiçden (23X23X4-4,5
sm) edilipdir.Öz planynda inedördül bolan bu jaý (taraplary 15,4 metr) giòeldilen
dört sany çuò hem-de depesi çowly tagçaly inedördül otagy (taraplary 10,2 metr)
emele getirýär. Gündogar tagçasynda peºtagly diwarda girelge gurlupdyr. Onuò iki
tarapynda-da galyò diwaryò (2,5 metr) içinde gümmeziò aºagyndaky aýlawyò
düýbüne eltýän aýlawly merdiwan ýerleºdirilipdir. Oº bir wagtlar arka
galereýasynyò aýlawy bilen gurºalan eken (häzir ol ýykylypdyr).
Ilki dört gyraòly jaý 5 metr töweregi belentlikde arka paruslarynyò
kömegi bilen alty gyraòla geçýär, soòra 12 gyraòla we iki gat kerpiç gümmezi
göterýän silindrik aýlawa geçýär. Aýlawy gurºap alan galereýa ýapgyt bölekler
usuly boýunça edilen gümmezler bilen örtülipdir.
Jaýyò her bi iç ýüzipilçeler bilen bäº bölege bölünipdir,
olaryò ýokary baºlary biºen kerpiç örüminiò insiz zolagy bilen baglanypdyr we her
bölegi tekiz egmekli tagça bilen bezelipdir. Kompozision sadalygy, proporsional
aýdyòlygy, kerpiç örüminiò ýokary tehnikasy bu desgany Türkmenistanyò gadymy
arhitekturasynyò meºhur ýadygärlikleriniò arasyna goºýar.
|