Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiıat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güımenje
...we º.m.

RABGUZY


"Kysasyl-enbiıa"

Hezreti Lukmanyò wakalarynyò beıany

Hezreti Lukman hebeºi guldy. Onuò hojasy (ussady) ıonaçydy. Ol hezreti Dawud eleıhissalamyò döwründe bir müò bäº ıüz ıaºlaryndady. Bir rowaıatda aıdylypdyr: Hudaıtagala köp ybadat edendigi sebäpli, üç müò bäº ıüz ıylda onuò ömri tamam boldy.

Bir gün günorta wagtynda Hudaıtagala oòa iki sany periºde iberdi. Olar gelip oòa aıtdylar: “Eı, Lukman, sen isleseò, pygamber bol, isleseò hem biz saòa hikmet /parasatlylyk/ ylmyny öwredeli”. Hezreti Lukman aıtdy: “Pygamberlik bir uly ıoldur. Hikmet ylmynda köp kiºiniò hajaty bitıär”. ªonuò üçin bu periºdeler oòa hikmet ylmyny öwretdiler. Hemmeler, patyºa, alymlar onuò hyzmatyna mätäç bolupdyr.

HEKAİAT : Bir gün hezreti Lukman halaıyga öwüt-nesihat berip otyrdy. Beni Ysraıylyò ulularynyò /taıpa serdarlarynyò/ biri gelip aıtdy: “Eı, Lukman, sen uly mertebäni nirden tapdyò?”. Hezreti Lukman aıtdy: “Men diòe dogry ıoldan ıöredim. Haka ıaramajak iºi goıdum. Diòe dogry sözleri aıtmak bilen bu alamaty ödedim”.

HEKAİAT : Bir gün hojasy hezreti Lukmany bugdaı ekmäge iberdi. Hezreti Lukman ekin meıdanyna baryp, ol ıerde arpa ekdi. Onuò hojasy gelip aıtdy: “Men saòa “bugdaı ek” diıipdim. Sen näme üçin arpa ekipsiò?”. Hezreti Lukman aıtdy: “Arpa ekseò bugdaı önmezmi?”. Hojasy aıtdy: “Önmez”. Hezreti Lukman aıtdy: “Beıle bolsa, sen hem ıaman ekip, ıagºylyk umyt etme”. Onuò bu sözleri bilen hojasy toba etdi we günä iºleri etmegini taºlady. Ol hezreti Lukmany gulçulykdan azat etdi.

HEKAİAT : Hezreti Lukman halka köp ıagºylyklar ederdi. Ol bir kiºi karz sorasa, oòa ºaıatsyz pul bererdi. Bir gün bir adam gelip, ondan müò altyn karz aldy. Ol adam köòlünde: “Bu puly men oòa gaıtaryp bermäıin” diıip, ıaman niıet tutundy. Ol puly bir letdä dolap gitdi. Ol ıolda täheret almaga oturdy. Pully düwünçegi bolsa gapdalynda goıdy. Bir garga howadan uçup gelıärdi. Garga onuò düwünçegini görüp: “Onuò içinde et bardyr” diıip oılady. Ol gelip, düwünçegi penjesi bilen tutup, göterip alyp asmana galdy. Ol hezreti Lukmanyò öıüniò duºuna gelende düwünçegi penjesinden gaçyrdy. Hezreti Lukman altyny alyp, ony öıüne getirip goıdy.

Ol kiºi ıene hezreti Lukmanyò ıanyna gelip, müò altyn pul karz alyp gitdi. Onuò köòlünde öòki ıaman hyıaly bardy. Ol ıolda bir ıapdan geçmeli boldy. Onuò ıanyndaky altyny suwa gaçdy. Ol suw hezreti Lukmanyò öıüniò ıanyndan akyp geçıärdi. Hezreti Lukman suwdaky altyny gördi we ony tanap alyp, öıüne getirip goıdy.

Ol kiºi üçünji gezek gelip, hezreti Lukmandan müò altyn pul karz aldy. Ol heniz hem öòki ıaman niıeti bilen gelipdi. İolda ol bu puly hem ıitirdi. Ol pul ıene-de bir sebäp bilen hezreti Lukmanyò eline düºdi.

Ol kiºi dördünji sapar gelip, hezreti Lukmandan müò altyn pul karz aldy. Emma ol bu sapar: “Men bu pul bilen söwda edeıin. Hudaıtagalanyò erki bilen men peıda görsem, dört müò altyn puly Lukmana gaıtaryp bereıin” diıip, ıagºy niıet etdi.

Ol kiºi söwdasyndan köp peıda gördi. Dört müò altyn puly hezreti Lukmana getirip, onuò öòünde goıdy. Hezreti Lukman bir müò altyn puly alyp, galan üç müò altyn puly ol kiºä gaıtaryp berdi. Bu kiºi haıran galyp ondan: “Siz näme üçin beıle edıärsiòiz?” diıip sorady. Hezreti Lukman aıtdy: “Men seniò menden alan puluòy ornuna goıdum. Meniò sende müò altyn pul hakym bardy. Men ony senden aldym”. Ol kiºi hezreti Lukmandan hoºal bolup, üç müò teòòäni alyp çykyp gitdi.

HEKAİAT : Bir gün hojasy hezreti Lukmana aıtdy: “Bar, sen goıun bogazlap, onuò etiniò haısy ıeri ıagºy bolsa, ony maòa alyp gel”. Ol goıny soıup, onuò dili bilen ıüregini hojasyna getirip berdi. Hojasy oòa aıtdy: “Sen bulary maòa näme üçin getirip berdiò?”. Hezreti Lukman aıtdy: “Goıunda ıürekden we dilden ıagºy ıeri ıokdur. Eger ıowuz ıaman bolsa, dilden, ıürekden ıaman zat ıokdur”.

HEKAİAT : Bir gün Hezreti Lukman ºeıle jar çekdirdi: “Kim karz pul aljak bolsa, ol meniò ıanyma gelsin”. Bir adam gelip, ondan karz pul alyp gitdi. Emma ol kiºi karzyny wagtynda getirip bermedi. Hezreti Lukman ol algysyny almaga perzendini ibermegi ıüregine düwdi. Ol ogluny ıanyna çagyryp aıtdy: “Eı, perzent, sen ıolda barıarkaò, saòa bir merdi kelan /uly bir/ hemra bolar. Sen onuò sözünden asla çykma. İene ıeke daragtyò düıbünde uklama. Sen ºähere gireniòde, saòa bir hatyn görkezerler, sen ony hergiz alma. İene karz alan kiºiniò öıünde gonma”. Ol perzent ıola rowana boldy. Ol bir parsaò ıol ıöräpdi. Oòa bir merdi-kelan hemra boldy. Olar birnäçe ıol ıöräp, bir daragta ıetdiler. Ol pir aıtdy: “Biz ºu daragtyò düıbünde bir salym dynç alyp ıataly”. Ol perzent aıtdy: “Meniò atam ıalòyz daragtyò düıbünde ıatma” diıip tabºyrypdy. Pir aıtdy: “Ataò saòa: “İolda bir pir-kelan duçar bolar. Sen onuò sözünden çykma?” diıip nesihat aıtmanmydy?”. Ol piriò bu sözünden soò, bu ıerde düºläp, daragtyò saıasynda ıatdy. Birden daragtdan bir ıylan düºüp bu oglana kast etjek boldy. Oglan ıylany öldürip, onuò baºyny kesip, ony torba salyp goıdy.

Olar bu daragtdan ötüp, ºähere girdiler. Ol ıerde oòa: “Sen bu hoºroı hatyny al” diıip köp ıalbardylar. Ol bu sözi kabul etmedi. Pir oòa aıtdy: “Sen ony al. Emma sen menden birugsat oòa ıakynlyk etme”. Oglan ol hatyny aldy. Pir ıylanyò baºyny oòa berip: “Sen muny oda köıdürip, onuò külüni hatynyò teıine dök” diıdi. Oglan piriò aıdyºy ıaly etdi. Ol hatynyò içinden bir ıylan çykyp öldi. Bu ıylan ol hatynyò ıatgysynda mekan tutupdy. Her kim ol hatyna ıakynlyk etse, ol ıylan zäherini öòüne döküp, ony öldürerdi. ªunuò ıaly bolup ençeme kiºi ölüpdi.

Elkyssa bu ıigit hatynyna ıakynlyk etdi. Ertesi ol hatynyò kowum-garyndaºlary: “İigit ölendir” diıip gelseler, ol ölmändir. Olar haıran galypdyrlar. Olar hatyndan: “İigidiò ölmän galmagynyò sebäbi näme?” diıip soradylar. Hatyn olara wakany beıan edip berdi.

Elkyssa, oglan pul karz alan kiºiniò ıanyna bardy. Ol aıtdy: “Siz bu gün bu ıerde boluò. Men puly ertir ir bilen bereıin”. Oglan bu sözi kabul etmedi. Pirkelan aıtdy: “Bu gün sen bu ıerde bol”. Oglan bu ıerde galdy. Ol kiºi bulara derıanyò kenaryndan ıer salyp berdi. Emma ol özüniò ogluna derıanyò kenaryndan uzakda ıer salyp berdi.

Ol merdi-kelan oglana: “Onuò ogly üçin salan ıerinde ıat” diıdi. Oglan baryp, ol ıerde ıatdy. Karzdaryò öz ogly bolsa, derıanyò kenarynda salnan ıerde ıatdy. Gijesi derıa möwç urup, karzdaryò ogluny alyp gitdi. Hezreti Lukmanyò ogly salamat galdy.

Ol ertesi puly alyp, ıene ºol merdi-kelan bilen ıola rowana boldular. Ol pir aıtdy: “Eı, ogul, meniò maslahatym bilen ölümden gutuldyò. Sen maòa näme berersiò?”. Ol oglan aıtdy: “Siz menden näme isleseòiz, ºony hem alyò”. Ol pir: “Maòa senden hiç zat derkar däl. Men Hydyrdyryn” diıip gözden gaıyp boldy.

HEKAİAT : Hezreti Lukman ogluna üç sany wesıet etdi: Birinji-hatynyòa hergiz syryòy aıtma, ikinji - nowkisadan / näkesden, ıaòy baıan adamdan / hergiz karz alma, üçünji - awan / patyºanyò wezipedar adamsy / bilen hergiz dost bolma.

Hezreti Lukman ölenden soòra ogly atasynyò özüne beren wesıetlerini synap görmek üçin bazara bardy. Ol bu ıerden bir goıun satyn aldy. Ony soıup, bir haltanyò içine saldy. Ol hatynynyò ıanyna baryp aıtdy: “Men bir adam bilen uruºdym. Men ony urdum weli, ol ölüp galdy. Men muòa haıran bolup, gorkup ony bu ıere getirdim we athanada gömdüm. Sen ony hiç kime aıtma”. Ondan soò ol bir näkesden pul karz aldy. Soòra baryp bir emeldar bilen aºna boldy. Ol öıüne gelip, bir bahana tapyp hatynyny urdy. Ol hatynyna: “Men seni öldürerin” diıdi. Onuò hatyny perıat edip, patyºanyò kabulhanasyna arz etdi. Aıtdy: “Meniò ärim gije bir adamy öldürip, ony athanada gömüpdir. Ol bu gün meni hem öldürjek boldy. Onsoò men ondan gaçyp bu ıere arz etmäge geldim”. Patyºa aıtdy: “Ol kiºi gaçmanka tutup, bu ıere getiriò. Ony kim getirjek?” Onuò emeldar dosty: “Ony men bu ıere getireıin. Men onuò öıüni bilıärin” diıdi. Emeldar dostunyò öıüne baryp, ony tutup alyp gaıtdy. Ol ıolda emeldara aıtdy: “Eı, dostum, meni goıber. Men gaçaıyn. Bolmasa, meni öldürerler”. Emeldar ony goıbermedi. Ol ony baºgalardan gaty tutdy. Emeldar ony alyp gelıärkä, bulara näkes duºup, onuò ıakasyndan aslyºyp: “Sen meniò algymy ber. Sen ölersiò, meniò pulum köıer” diıdi.

Emeldar ony patyºanyò ıanyna eltdi.

Patyºanyò gözi hezreti Lukmanyò ogluna düºdi. Aıtdy: “Sen Lukmanyò oglusyò. Saòa beıle iº etmek ıaraºmaz”. Lukmanyò ogly aıtdy: “Eı, patyºa, seniò ömrüò uzak bolsun. Bir kiºi öıüme baryp, meniò öldürenimi getirsin”. Onuò öıüne bardylar. Ol ıerden agzy boguk çuwaly alyp geldiler. Onuò agzyny patyºanyò gözüniò alnynda açdylar. Ondan soılan bir goıun çykdy. Patyºa aıtdy: “Bu ne ahwalatdyr? Ony maòa aıdyp ber”. Ol kiºi baºyndan geçen wakany aıdyp berdi: “Atam maòa üç sany nesihat edipdi. Men olary synap görmek üçin bu iºi etdim. Atamyò sözi dogry çykdy”.

 

Geziº ıoly: Baº / Edebiıat / Gadymy we orta asyr türkmen edebiıaty / Rabguzy

© TM (2001)
Sahypa barada

İokaryk ıokaryk

Hezreti Lukman ogluna üç sany wesıet etdi:
Birinji-hatynyòa hergiz syryòy aıtma,
ikinji - nowkisadan (näkesden, ıaòy baıan adamdan) hergiz karz alma,
üçünji - awan (patyºanyò wezipedar adamsy) bilen hergiz dost bolma.