Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

GADYMY NUSAÝ

 

Dünýä medeniýetiniò taryhynda Pariýanyò siwilizasiýasyna aýratyn orun degiºlidir. Merkezi Aºgabadyò golaýyndaky Nusaýda ýerleºip, Günorta Türkmenistanyò daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuò sallançagy bolupdyr.Ony döredijiler türkmenleriò gadymy ata-babalarynyò biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr.

B.e. öò IV asyrda grek-makedon goºunlarynyò zarbasy astynda Ahemenitleriò imperiýasy dargapdyr. Aleksandr Makedonskiniò oruntutarlary bolan selewkitleriò döwründe Baktriýa, Parfiýa we Horezm döwletleri döräpdir. B.e. öò III asyrdan b.e. III asyryna çenli 600 ýyla golaý dowam eden Parfiýa döwleti uly imperiýa öwrülip, b.e. I asyryndan baºlap Rim imperiýasynyò bäsdeºine öwrülipdir. Özüniò gülläp ösen wagtynda Ortaýer deòzinden Demirgazyk-Günbatar Hindistana çenli ýerleri öz içine alan Parfiýa imperiýasynyò esasy özeni Partawa bolupdyr.

Hut ºu ýerde b.e. öò 247-nji ýylda Garagumda ýaºaýan aparn (ýa-da parn) taýpasynyò serdary Arsak Partawy eýeläpdir. Bu ýerdäki selewk satrapy Andragor öldürilipdir. ªondan soò Arsak özüni garaºsyz Parfiýanyò hökümdary diýip yglan edipdir. Parfawnisada Arsakidler neberesiniò mülkleriniò administratiw we ykdysady merkezi gurlupdyr. Köne Nusaýda geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda tapylan dokumentler bu galanyò adynyò Mitridatkert bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ol b.e. öò 171-138-nji ýyllarda patyºalyk eden Mitridat I tarapyndan gurdurylypdyr.

Köne Nusaýda demigazyk we günorta atlandyrylýan iki sany arhitektura toplumy bolupdyr. Weýran bolan demirgazyk toplumdan 1948-nji ýylda pil süòkünde (ºirmaýydan) edilen meºhur ritonlar tapyldy. Günorta toplumda üç sany desgany - diò ºekilli ymaraty, inedördül we tegelek zallary tapawutlandyrmak bolar.

Köne hem-de Täze Nusaý ºäherjiklerinde gazuw-agtaryº iºleri geçirilende ajaýyp arhitektura, sungat ýadygärlikleri, keramiki gap-gaçlaryò böleklerine ýazylan hojalyk dokumentleriniò deò-taýy bolmadyk arhiwi ýüze çykaryldy.

Parfiýa ºalarynyò genji-hazynalary saklanylýan gaznalary köp sanly jaýlardan, eýwanlardan hem-de içerki howlujyklardan ybarat ägirt uly dörtgyraò desga bolupdyr. Gaznalaryò jaýlary gymmatbahaly zatlardan dolan badyna olar petiklenip, özboluºly seýflere öwrülipdirler.

Genji-hazynalaryò saklanylýan gaznasyndan ºirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryò uly toparynyò ýüze çykarylmagy öz wagtynda asyryò tapyndysy diýlip atlandyryldy. Ritonlar bilen doldurylan tutuº bir otagyò üsti açyldy. Ritonlar ºirmaýydan ýonulyp ýasalyp, olaryò käbirleriniò detallary altyn çaýylan bürünçden, sap altyndan we bürnçden taýýarlanypdyr. Ritonlarda dürli kompozisiýaly güberçek gazma nagyºlar ýerleºdirilipir. Ritonlar kentawrlaryò, ýolbarsa çalymdaº grifonlaryò, aýallaryò we º.m. keºbi bilen bezelipdir.

Bezeg-haºamlarynyò kompozisiýalarynyò sýužet äheòi esasan grek mifologiýasy bilen baglanyºykly bolup, ýöne grek mifleriniò personažlaryna ýerli, parfiýa häsiýeti berlipdir. Ritonlaryò birinde Parfiýa ºalygyny esaslandyryjylaryò biriniò ºaýylygyò ýüzündäki “skif” eºigine çalymdaº lybasly parfiýaly gabat gelýär. Beýlekileriniò käbirinde bolsa garamaýak parfiýalylary görýäris.

Gaznadan altyn çaylan gündogar tipli söweºjeò altyn paltajyk, ikiýüzli gysga gamalar, demir sowudyò bölekleri ýaly ºa ýaraglarynyò görnüºleri hem tapyldy. ªanyò baýramçylyk galkany-da ussatlarça taýýarlanyp, kaºaò bezelipdir.

 

Geziº ýoly: Baº / Taryh / Türkmenistanyò taryhy ýadygärlikleri / Ahal welýaty / Gadymy Nusaý

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk