Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

SEÝIT NESIMI


Neýlerem

Dilbera, men senden aýru tende jany neýlerem,
Täju tahtu mülku malu hanymany neýlerem.

Isterem waslyò jemalyn tä kylam derde dewa,
Men seniò bimaryòam özge dewany neýlerem.

Çoh dogalar kylmyºam men halykyò dergähine,
Çün myradym hasyl olmaz men dogany neýlerem.

Eý, musulmanlar, biliò kim ýar ile hoºdur jahan,
Çünki ýardan aýra düºdüm bu jahany neýlerem.

Dilber aýdar: eý, Nesimi, sabr kyl, etme fygan,
ªimdi efgan etmesem, daòla fygany neýlerem.

 

Ýüz döndermenem

Ýüz müò jefa kylsaò maòa, men senden ýüz döndermenem,
Janym dahy gurban kylar, men senden ýüz döndermenem.

Duºman geler garºymyza, umyduwar özi duºa,
Duºmanlaryò körlügine men senden döndermenem.

Men seni söwdüm jan ile, gul olmuºam gurban ile,
Ant içerem Kuran ile, men senden ýüz döndermenem.

Isamysyò, Musamysyò ýa Ýusuby Kenganmysyò,
Walla, janym janymysyò, men senden ýüz döndermenem.

Eý, Nesimi, aºykmysyò, Hak ýoluna sadykmysyò,
Közerdigiçe ýanarmysyò, men senden ýüz döndermenem.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Gadymy we orta asyr türkmen edebiýaty / Seýit Nesimi

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk

Ýüz müò jefa kylsaò maòa, men senden ýüz döndermenem...