Mazmuny:
Ýigitler
Men diýem, müminler, remezan mahy,
Galandyr serimiz galla ýigitler.
Gelgende kapyryò soldady, ºahy,
Düzdüler ºemºire, güllä ýigitler.
Ruzy siºenbede guruldy bazy,
Doldurdy dünýäni myltygyò sazy,
Kimi ºehit boldy, kimseler gazy,
Murgy behiºt boldy Alla ýigitler.
Ganym aldy galamyzyò daºyny,
Sebäp bilen syndy agyr goºuny,
Gaýrat edip, bisünniniò läºini,
Ýetgirdi her biri ellä ýigitler.
Ejizlermiz aglaºdylar elenip,
Gan ýuwtuldy efgan ablar bulanyp,
Puºman etdi gitdi, ketin, keýin dolanyp,
Eýlemedik biz töwella ýigitler.
Gan görüldi batyrlaryò gözünden,
Gün tutuldy at dilinden tozundan,
Alp ýürekli aýrylmady yzyndan,
Ýetirginçä baryp pellä ýigitler.
Namart ogly görünmedi ýer kimin,
Ärden dogan arlap galdy ºir kimin,
Söweº güni çille mesi ner kimin,
Dürli duman geldi kellä ýigitler.
Danyºaýyn näme gelse dahana,
Arkaç aglar aýny düºse pygana,
Mätäji diýr, ºükür kylyò Subhana,
Bizge nusrat berdi Alla ýigitler.
ONDA BAR
Ýaºyl öwsüp ala dagyò degresi,
Aýlanyp çykmaly ýolar onda bar,
Geýinip çykarlar mahmal, begresi,
ªeýle ºahandazly iller onda bar.
Gaýalary ýalkym atar her çende,
Ýakymly ºamallar öwsüp her günde,
Atylan ok ýaly barar her kanda,
Çaparman, gyl boýun mallar onda bar.
Dag baºynda ºaglap geler çeºmesi,
Görmedige kyndyr münüp-düºmesi,
Ýakyn geldi miweleriniò biºmesi,
Her elde zarafºan güller onda bar.
Söze gulak salyò, eý ýary-ýaran,
Aman-esen bolsun bizleri soran,
Bulutlar oýnaºyp, köp ýagsa baran,
Daga-daºa uran siller onda bar.
Özünüò islegi - görnüne ýeten,
Täze dogan aý dek sallanyp öten,
Mätäji aglady, ýat edip Watan,
Uzyn boýly, inçe biller onda bar.
Gerekdir
Ata çykan aòly bolsa her ýoldan,
Berimli, pähimli hany gerektir,
Ýaranlar ýörise sagyndan - soldan,
Görogly beg kimin syny gerekdir.
Ýow ýolugyp, ýowuz myltyk atylsa,
Kimi ölüp, kimseleri tutulsa,
Gylyç syryp, bir-birigi gatylsa,
Jöwher kulah, demir dony gerekdir.
Meýdan era jeòòi-maglub gaýrylsa,
Agdarlyºyp, arap atlar maýrylsa,
Goç ýigitler ters söweºip aýrylsa,
Jyzasynda gyrmyz gany gerekdir.
Er boldajy ar üstünde çapylsa,
Wadasynda-ykrarynda tapylsa,
Gähi-gähi deri-derman sepilse,
Bedeninde tyg nyºany gerekdir.
At gerek gaçmaga, kowsa ýetmäge,
Gaòyrlyp ganymy-zeper etmäge,
Märekede diýen sözi bitmäge,
Etrabynda ýeòi-ýany gerekdir.
Ýigrimä, otuza ýetende saly,
Serpilmez serinden sed müò hyýaly,
Meger bolaý diýse Hatam-Taý ýaly,
Egsilmeýän genji-käni gerekdir.
Habar ber Jemºidu ªabährem kany?
Olary ýuwdandyr ýalançy-pany,
Jahanda jem bolsa maslahat güni,
Danyºanda hoº zybany gerekdir.
Han ýanynda ekrem bilen otursa,
Gelgeninde halat-serpaý getirse,
Ýalançyny abraý bilen ötürse,
Aherýetde nur-imany gerekdir.
Gözüò ýumup girseò, umman düýbüne,
Ýagºy ýigit manent rahmet ýabyna,
Mätäji, diýr, myhman gelse babyna
Er daýaly ak juwany gerekdir.
Bugdaý
Peò açar, hoº saýaly,
Seniò ysyò hoºdan, bugdaý.
Ekip kemala getiren,
Kimdir seni baºdan, bugdaý.
Ujalap peliò baºyna,
Tohum göýbermän daºyna,
Berk tutup ýaby goºuna.
Günde ekdim üçden bugdaý.
Daº ýanyòda malyn güýdüp,
Gatnawyò kän, gelip-gidip,
Elmydama enjamyò edip,
Suw berer men keºden, bugday.
Ýagma, sowuk-aýaz görüp,
Çüýremezdüýbüò suw urup,
Ne ýatyp sen penjäò gerip,
Düýº almagyò gyºdan, bugdaý.
Baran ýagar düýbüò ezip,
Göwnüm seýran eder gezip,
Bäº hanadan baºyò düzüp,
Gök salar sen daºdan, bugdaý.
Ýapraklaryò lerzanadyr,
Aslyò seniò dur, dänedir,
Her bir baºyò bäº hanadyr,
Towzaò bir garyºdan bugdaý.
Emgegiò ýok paýdar-paýa,
Sen barkaò paý ýok arpaýa,
Bäº batmany bir urpyýa,
Ýylda nyrhyò baºdan, bugdaý.
Mätäji diýr, dünýä genji,
Ýedi aý daýhan guwanjy,
Ýagºy diýrlerler mäº, bürünji,
Kem dälsiò hiç aºdan, bugdaý.
Elden gider
Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider,
Nury-didäm, nukta hallar, zülpi tar elden gider,
Aýyp kylmaò, eý ýaranlar, namydar elden gider,
Gözlerimiò röwºeni, bikarar elden gider.
Serimni söwdaga salgan, serwigä arzym aýdaýyn,
Semender deý sargaryp, ataº ºerabyn dadaýyn,
Dostlarym, deò-duºlarym duºman bolupdyr nädeýin,
ªol sebäpden aglaýyr men, näzli ýar elden gider.
Gözlerim görmez diýip, hiç göwnüme getirmedim,
Sagdy-ýu Seýpelmelekniò yzyny ýitirmedim,
Sarnaýyp ºamu-säherler, illeri ýatyrmadym,
Neýleýin sabrym bilen hem karar elden gider.
Men oòa sadka bolaý hem dahy çopany, guly,
Agyr märeke era üm bilen düºir dili,
Onuò ysy müºki-anbar, istenmes men her güli,
Engury, injiri, hurma, alma, nar elden gider...
Hiç alajyn tapmasam, dagym bilen barsam gerek,
Gijelerde ºam-çyragyò, gül ýüzüò görsem gerek,
Yºkynda perwaz urup, ýolunda jan bersem gerek,
ªol sebäpden aglaýyr men, näzli ýar elden gider.
Bezenip beýge çykanda, begleri berbet kylasy,
Saglary telbe kylyp, telbeler syçrap galasy,
Ele düºüp, ekdi bolgan, boz keýikniò balasy,
Awçylarnyò awlagy, ak maral elden gider.
|