(gurlan wagty XI asyr, täzeden rejelenen wagty XIV asyr)
Abu Seýit kümmeti orta asyr Mäne ºäherinde XI asyrda kuwwatly seljuk
döwletiniò emele gelýän we berkeýän döwründe, Horasanyò ykdysady taýdan gülläp
ösýän wagtynda gurlupdyr. Kaka etrabynyò Mäne obasynda ýerleºýän bu ýadygärlik
musulman ºeýhi, mistigi Abu Seýit ibn Abul Haýryò (968-1049) gubrunyò üstünde bina
edilipdir. Halk arasynda bu ýadygärlik Mänebabanyò ýadygärligi hökmünde
meºhurdyr.
Abu Seýit Demirgazyk Horasanyò syýasy we ruhy durmuºynda möhüm rol
oýnapdyr. Onuò abraýy örän belent bolupdyr, hat-da Beýik Seljuk döwletini
esaslandyryjylar bolan Çagry beg we Togrul beg “hökümdarlyga pata bermegi” üçin
onuò ýanyna gelipdirler. Döwrüniò meºhur weziri Nyzam al-Mülk hem onuò ýanyna
tagzym etmäge gelip gider eken. Abu Seýit ýogalandan soò musulman ruhanylary onuò
guburynyò töwereginde onuò kultuny döredipdirler. Öz döwründe Abu Seýidiò gubury
barada Soltan Sanjar we Horezmºasy Il Arslan alada edip durupdyrlar.
Diwar paruslryò sekiz gyraòlysyndan ýazgylaryò giò zolagy bilen
aýrylýar. Buz ýazgylar nash hatynda ýerine ýetirilipdir. Gümmeziò nagyºlary öz
reòkleriniò ilkibaºdaky arassalygyny diýen ýaly saklapdyrlar, bu bolsa ony seýrek
duºýan nusgalaryò arasyna goºýar.
Ilkinji sapar bu kümmet XIX asyryò ahyrynda professor W.A. Žukowskiý
tarapyndan öwrenilipdir. Ol peltagy bezeýän oýmuralaryò stili boýunça bu jaýy XV
asyra degiºli edipdir. 1920-nji ýylda kümmeti barlan professorlar A.A. Semýonow, A.E.
ªmidt we arhitektor A.P. Udalenkow bu ýadygärligi XIV asyryò ahyry diýip
seneläpdirler. Demirgazyk Horasandaky kümmetleriniò stiliniò arhitektura analizi
esasynda G.A. Pugaçenkowa kümmetiò bina edilen wagty XI asyryò ortasydyr diýlen täze
seneleniºi teklip etdi.
Taraplary 10,3 metr bolan inedördül jaýly, iki gat gümmez bilen
örtülen ilkibaºdaky desga XI asyrda taraplary 21-22-23 sm, galynlygy 4 sm bolan
inedördül kerpiçden bina edilepdir. Gurluºygyò kuba meòzeº möçberi belent
aýlawyò üstündäki gümmez bilen tamamlanypdyr. Jaýyò ºol wagtlar hem günbatara
badyrylrn girelge peºtagy bolupdyr.
kümmetiò her diwarynyò iç ýüzünde aºaky bölüminde üç tagça
bar. Diwarlaryò ýokarky üçünji bölegine her diwarda alty arkajyk edilip, tutuº
hatar arka aýlanypdyr. Gümmeze geçmek arkaly paruslary we diwarlarda tekiz tagçalary
bolan sekizgyraòlyk ýoly bilen amala aºyrylypdyr. Paruslar iri stalaktitler
görnüºindäki gümmezleriò üç bölümli ulgamyndan düzülipdir. Sekizgyraòlygyò
üstüni beýik bolmadyk 16 gyraò örtüpdir, onuò üstünde bolsa gümmez durýar. Daº
ýüzünden gümmeziò düýbünde beýik bolmadyk 24 gyraòly aýlaw bar.
XIV asyryò I ýarymynda jaýy düýpli rejelemek iºleri geçirilipdir.
Ýöne ol kümmetiò konstruktiw esaslaryna galtaºmandyr. kümmetiò iç ýüzi ýazgylar
bilen gysganylman bezelipdir, peºtagy bolsa polihrom mozaika bilen baýlaºdyrylypdyr.
Peºatgyò ýüzi we gümmezi tutuº ýüzlenipdir. Mozaik nagºy emele getiren reòkli
oýmuralr gež ergini bilen berkidilipdir. Onuò esasy reòkleri gök, ýaºyl, ak,
aýry-aýry goºmaça nagyºlar bolsa sary kaºin keramikasyndan edilipdir. Jaýyò öò
ýüzüniò polihrom bezegi nash hatynda ýerine ýetirilen ýazgylary girizmek bilen
geometrik nagyº esasynda düzülipdir. kümmetiniò iç ýüzündäki žiwopis nagyºalry
ak düºegiò ýüzüne gök, gyzyl we käýerde pisse-ýaºyl reòk bilen edilipdir.
Ösümlik nagyºlarynyò arasynda gozalary açylyºp duran gowaça düýpleri hem duº
gelýär.
|