Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiıat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güımenje
...we º.m.

GARAJAOGLAN


EL UZATSAK BARYMYZ

Kadyr möwlam, bir dilegim bar senden,
Artdyr biziò ºöhratymyz, ºanymyz.
Altmyº gardaº olsak aıny eneden,
Bir supraga el uzatsak barymyz.

On bäºimiz awlagyny awlasa,
On bäºimiz baºtutanlyk eılese,
Otuzymyz misli aga söılese,
Içimizde serdar olsa birimiz.

Bir ıigit silkinip ata müninçä,
Dönüp-dönüp ol gylyjy salynça,
Kapyr gelip bir ıigidi alynça,
Müò kapyra gylyç salsa birimiz.

Garaja Oglan diır diläliò aman,
Ol belent daglary büredi duman,
Munda Gurhan, ahyretde ol iman,
Zowalsyz jennete girsek barymyz.

 

GYRMYZY

Bir jüp bilbil geldi, gondy çemene,
Baºy ıaºyl, aıaklary gyrmyzy.
Bal akyp dur dillerinden, lebinden.
Alma kimin ıaòaklary gyrmyzy.

Meniò ıarym hem soltandyr, hem handyr,
Datly janym ol gözele gurbandyr,
Hünji däldir, sadap däldir, merjendir,
Ak golunda gol baglary gyrmyzy.

Bakjamyza üç gül ekdim, bitäıse,
Jak-jaklap teıinden bilbil ötäıse,
Meniò wadam senden owwal ıetäıse,
Mazaryma dikdikleri gyrmyzy.

Üç ıyl oldy ºu daglary aºaly,
Bäº ıyl oldy, gyz, söwdaòa düºeli,
Galk, gideli, biziò oda düºeli,
Baºdan aıak düºekleri gyrmyzy.

Garaja Oglan diır gelgin ıanyma,
Saòa gelen kaza degsin janyma,
Meni öldür, bas elleriò ganyma,
Diısinler ki barmaklary gyrmyzy.

 

AÇYJY BOLMA

Diòle saòa bir nesihat kylaıyn,
Hatyrdan, göwünden geçiji olma.
İigidiò baºyna bir iº düºende,
Ony ıat illere açyjy olma.

Mejlisde aryf bol, kelamy diòle,
Il iki sözlese, sen birin söıle,
Eliòden geldikçe eıgilik eıle,
Hatyra dokunyp ıykyjy olma.

Hatyra dokunan özüni bilmez,
Asylzadalardan hiç kemlik gelmez,
Sen eıgilik etseò, ol zaıa bolmaz,
Darygyp, her baºa kakyjy olma.

El arypdyr, barla özi-kendini,
Açar hazynany - ata pendini,
İüz berilse otur, synla kendini,
Gaty beıiklerden uçujy olma.

Myradym nesihat munda söılemek,
Size laıyk olar ony diòlemek,
Söı seni söıeni, zaıa etme emek,
Söıeniò sözünden geçiji olma.

 

PERMANYM BARMY

Çyplak geldim, ıene çyplak giderin,
Ölmezlige elde permanym barmy?
Ezraıyl geler-de, jan talap eder,
Meniò jan bermäge mejalym barmy?

Dirilerler, dälirärler, ıörerler,
Ruzy-magºar diwanynda durarlar,
Haramy bar diıe, gorky bererler,
Meniò ıüpek ıükli kerwenim barmy?

Är bolsaò ärligiò meıdana getir,
Kadyr möwlam, nogsanymy sen bitir,
Maòa diırler: gam ıüküni sen göter,
Meniò ıük götäre mejalym barmy?

Garaja Oglan diır, adym öwerler,
Awy boldy iıdigimiz ºekerler,
Gözel söıer diıe töhmet ederler,
Meniò Hakdan özge söıenim barmy?

 

İOLUM BAGLAMA

Kadyr möwlam, bir dilegim bar senden,
Muhannes golunda mätäç eıleme.
Jenneti-aglaıa nesip et meni,
Syrat köprüsinde ıolum baglama.

Gapymyza gara düıe çökinçä,
Tüweleıler bu älemi ıykynça,
Jähenneme gul seçilip çykynça,
Kadyr möwlam, ol gullardan eıleme.

Kadyr möwlam, ataº atma özüme,
Dünıä maly görünmeıir gözüme,
Kadyr möwlam, bakaweri ıüzüme,
Jähennemiò ataºyna daglama.

Garaja Oglan, hata çykmaz dilimden,
Gojaldym-la, haıyr gelmez elimden,
Kadyr möwlam asla geçmez gulundan,
Däli köòül, sen ah çekip aglama.

 

AİRYLAR BIR GÜN

Soltan Süleımana galmadyk dünıä,
Bu daglar ıerinden aırylar bir gün.
Nije müò ıyllardyr çüıregen janlar,
Hakyò emri bilen diriler bir gün.

Ne gözel ıapydyr jennet ıapysy,
Çoh aradym, görünmedi gapysy,
Meniò gorkdujagym syrat köprüsi,
Jähennem üstüne gurular bir gün.

Garºydaky daglar garly dag olsa,

Töweregi al sünbülli bag olsa,
Aga olsa, paºa olsa, beg olsa,
İakasyz köınege giriler bir gün.

Bu dünıäde adam ogly diıer sen,
Halaly, haramy durman iıer sen,
Iıme il malyny, ir-giç berer sen,
Eden etmiºleriò soralar bir gün.

 

Geziº ıoly: Baº / Edebiıat / Gadymy we orta asyr türkmen edebiıaty / Garajaoglan

© TM (2001)
Sahypa barada

İokaryk ıokaryk

Kadyr möwlam, bir dilegim bar senden,
Artdyr biziò ºöhratymyz, ºanymyz.