Bash sahypa
 
Habarlar
Türkmenistan
Edebiıat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güımenje
...we º.m.

GURBANNAZAR EZIZOW


GÜİZ

(Sonetler çemeni)

I
İene güız. Güız bolsa saralıar ıaprak.
İaprak saralanda durlanıar pikir.
İatlaıaò geçeni öòküden köpräk,
Hem diııäò: “Oòatlyk, hudaıa ºükür!”

İöne güızüò manysyna düºene
Diòe ºu gün bile ıaºap ıörme ıok.
Çünki güız ene deı doguryp, ıene
Indiki ıaz üçin iºläp aranok.

Hana, gör, asmanda bulutlar göçıär,
Pikirem bulut deı geçıär her ıana.
İyldyrym gylyç deı çar ıana geçıär,
İyldyrym deı pikir goısaò eııama...

Ömri gyl üstünde ıapraklar öçıär,
Sary ºemal ony tändirip geçıär.

II
Sary ºemal ony tändirip geçıär,
Soòkuja ıapragy, bir pasyl ömri.
Adam durmuºynda uly many bar:
Geçeniò yzynda galyp ıör höwri.

Bu ıerde uly bir pelsepe-de ıok,
Her ynsan özüçe ıasanıar bagty.
İaprak gaçıar. Gaçma diıip bolanok.
İöne, iò gowy zat: galıar daragty.

Güız ene deı ºol daragty emdirıär,
Sowukda, ºemalda kyn bolsa-da, kyn.
Öz ıalaòaç tenin ıagºa ezdirıär,
Güızlüginden ıaza öwrülmek üçin.

Sen bir gözüòi aç, töwerege bak -
Çaga dogran enä meòzeº bu toprak.

III
Çaga dogran enä meòzeº bu toprak,
Goııar seò öòüòde baky sowaly.
“Meniòki bag döken tohumy tapmak,
Aıt, oglum, seniò tohumyò barmy?”

Sen onsoò pikire çümersiò çuòòur,
“Çagam barym” bilen bolmarsyò halas.
“Tohum” diıen sözüò manysy çuòdur
Hem belentdir pikir ediºinden has.

Ol sowalyò anygyna ıetmeli,
İagny, saçyò ıolup, der döküp, bada,
Ömrüò pikriòden soò dowam etmeli,
ªeıdip, ıaºamaly ıagty dünıäde.

Ine, ºu sowala bolup baky ıar,
Topragyò üstünden ömürler geçıär.

IV
Topragyò üstünden ömürler geçıär,
Goıup soòky açyºlaryò tohumyn.
ªol tohumlar sende ıokmy ıa-da bar?
Ine, etgin ºu sowalyò wehimin.

Seò aıdan pikiriò aòyrdan gelse,
Aºakdan gelºi deı tämiz çeºmäniò.
Derıadan geçjege bir köpri bolsa -
Seriºdesi bolsa, münüp-düºmäniò.

Öten dostlaryòy örtenip ıatla,
İaºap ıörenleri söımegiò üçin.
Köòlüòi pes tutup, güız kimin ıaºa,
Ertäò aladasyn duımagyò üçin.

Uçıar hyıal guºy ganatyn ıaıyp,
Bar sary töwerek ºeıle ajaıyp!

V
Bar sary töwerek ºeıle ajaıyp,
Seniòem ajaıyp bolasyò gelıär.
Bu ıagºy dünıäniò üstünde gaıyp,
Ölseò-de, bu dünıä gelesiò gelıär.

Emma ıagºy sözi beıan etme kyn,
İaksaò-da oò üçin günüò, ıyl, aıyò.
Erbet söz jezasyn çekmeklik mümkin,
İagºy söz jebrine neneò çydaıyn.

Ol edil topraga düºen tohum dek,
Ezıär ıüregimi. Jepasy kändir.
Eger bir gün goısa urmasyn ıürek -
Aıdylmadyk ıagºy söze büdrändir.

Misli bir arassa, manyly göwün.
Bar sary töwerek ıalaòaç bu gün.

VI
Bar sary töwerek ıalaòaç bu gün,
Ol säherden, hatda bahardanam päk,
Ol misli tersine çöwürlen göwün.
Onuò asyl durky. Hile-aly ıok.

Güıze, güıze meòzäò, pikirlerim meò,
Güızüò dürs sapagyn okaıan bu gün.
Neneò edip eredip bor ıürekleò
Demirgazyk buzly okeanlygyn?!

Sen, pikirim, özüòçe bol iò bolman,
Bu kyn asyr etjek iºleriò kändir.
Özüòçe bol, iò bolmanda umman bol,
Çünki her bir ynsan giden ummandyr.

İörme gökde özüò periºde saıyp,
Bu tämiz, manyly görnüºe gaıyp.

VII
Bu tämiz, manyly görnüºe gaıyp
İörmekde many ıok. Ynsan söıülsin.
Barlygymda pikrim bolsun ajaıyp,
Gidemden soò gidenligim duıulsyn.

Goı, mydam mähirli sazlar çalaıyn,
ªo saz bilen mährem duıgy oıansyn.
Meò özüm raketaò sesi bolaıyn,
Pikrim raketa deı özümden ozsun.

Pikrim gylyç bolsun ıowuz günlerde,
Gorasyn bu ıagty günleò sarpasyn,
Orak bolsun ak asmanly günlerde,
Orsun meıdanlaryò bugdaı-arpasyn.

Bassyn elmydama ºer iºleò howun,
ªoòa telwas edıär bu däli göwün.

VIII
ªoòa telwas edıär bu däli göwün,
ªoòa - ºer iºleriò sumat bolarna.
Erteki ıeòiºleò erte däl, ºu gün,
ªu günki ıeòiºleò ºu wagt bolarna.

Pikirim kök urup ıürek teıine,
Öz çynarny, öz ıazyny küıseıär.
Ähli durkum dört-bäº aılyk geline
Çalym edıän tämiz güıze meòzeıär.

Güız diıilen zada gutarma ıokdur.
Güız bolsa, toprakdan hasyl önmeli.
Meniò güızüm, ıollarymyz uzakdyr,
Sen ruhumdan dömüp, ıaza dönmeli.

Öz ähli mazmunym açsadym menem,
Ine, ºu bag kimin ussatlyk bilen.

IX
Ine, ºu bag kimin ussatlyk bilen
Ähli mazmunymy açsadym eger...
Mähribanym, diıar, sen paıhas bilen
Ilki pata, ondan soòra pursat ber.

İogum üçin meni gynama, diıar,
Ähli güıç-kuwwaty senden alaryn.
Özüm ıerde, gökde parlaıar hyıal,
Men ºindi ıok. İok, men indi bolaryn.

“Biziò kärimizde ıagºy niıetiò
İarym döwlet däldigini” bilsem-de,
Niıetsiz ıaºamak çetin, ah, çetin,
İagºy niıet edıän wagty il senden.

Gögüò sypyryºy deı bulut - ıaglygyn,
Sypyrsam pikrimiò ähli gabygyn.

X
Sypyrsam pikrimiò ähli gabygyn,
Il-günüò ıüzüne müınsüz garasam.
Magtymgulyò çaılar içen çäınegin
İuwup-süpürmäge hukuk gazansam.

Il-günüòi söımek uly iº, bilıän,
Ili söısem söıºi kimin ºol äriò.
İekeje setirim, bir sözüm bilen
Harlamaweräıin Pyragyò kärin.

Eı, pikirim, haçan dömjek, et aıan.
İogsa, senden bu ıürege takat ıok,
Seni wagtyndan öò aıtmak isleıän,
Seni wagtyndan öò aıdyp bilemok.

Gije ıolsuz ıerden ıörıän ıaly men,
Saklasam ruhumda gejek ıazy men.

XI
Saklasam ruhumda geljek ıazy men,
Indiki ıazlaryò dänelerini.
Bereketli, mährem zemin ıaly men,
Arzuw etsem dänäò känelerini.

Ine, biz aılanyp ıörüs ıollarda,
ªatlanıarys. Gam çekmänem bolanok.
İöne ıaºar ıaly uzak ıyllarda
Hemmämizde ºol ıaryljak däne ıok.

Owal-baºda seni döredip zemin,
Ekläp, saklap, söıüp, ıola besläpdir.
Çaga höziriniò görülºi kimin,
Ol seò ıazyò bilen joºmak isläpdir.

Saklamasaò ıaºadygyò däl bu gün,
ªat baharyò ol hamyla gämigin.

XII
ªat baharyò ol hamyla gämigin
Götereliò ruhumyzda biz merdem.
Gögem bapynypdyr baºa ıaglygyn,
Gyºyò ysy gelıär uzak bir ıerden.

Emaı bilen çökıär zemine duman,
Asman wada berıär bir giden ıagºy.
Bilıän, öz ıazyma ıetjegim bilıän,
İöne haçan? Gijä galmasam ıagºy...

Seret, gökde kakyp ıeòil ganatyn,
Awara durnalar edıärler owaz.
Güız - bu kämilligiò alamatydyr,
Kämillikden dogan sadalykdyr ıaz.

Düºünmäge agyryòa döwür seò,
Güız paıhasy bilen pikir öwürseò.

XIII
Güız paıhasy bilen pikir öwürseò
İamany kül edip sowurmak üçin.
Ynamsyzlyk köprüsini çöwürseò,
Ynam köprüsine öwürmek üçin.

Görıän weli, entek iº kän dünıäde...
Alajyò nä, näräzylyk örtese.
Meò umydym, meniò iò bir zyıada
Kämilligim, ºun geljekmi, erte, sen?!

Eger bir gün saòa ıetmän ölsem-de,
Çekmen tüm aºakda derdi-azary.
Otuz üç ıyl gijä galyp gelseò-de,
Gelseò bor ilimiò bory üçin razy.

Herhal dirilikde azarly ıörsem,
İazym gelse, ıagty pikir dogursam.

XIV
İazym gelse, ıagty pikir dogursam,
Gitsem türkmen ıaılalarnyò içine.
Gurujylar bile binalar gursam,
Gül bolup örürsem gyzlaò saçyna.

Awara ºemala meòzeº gyratyò,
İallaryn sypalap, sährama sürsem.
İoklugymda boljak ähli hormatyò,
Dirilikde ıeke birini görsem.

Iºlesem, bilmesem öler-galarym,
Ajalam birsellem golaıma gelmez.
Ahyrsoòy, ahyrsoòy ölerin,
İöne giç. Ol meniò öldügim bolmaz.

Meni tohum kimin ıygnar bu toprak.
İene güız. Güız bolsa saralıar ıaprak.

MAGISTRAL
İene güız. Güız bolsa saralıar ıaprak,
Sary ºemal ony tänderip geçıär.
Çaga dogran enä meòzeº bu toprak,
Topragyò üstünden ömürler geçıär.

Bar sary töwerek ºeıle ajaıyp,
Bar sary töwerek ıalaòaç bu gün.
Bu tämiz, manyly görnüºe gaıyp,
ªoòa telwas edıär bu däli göwün.

Ine, ºu bag kimin ussatlyk bilen
Sypyrsam pikiriò ähli gabygyn.
Saklasam ruhumda geljek ıazy men -
ªat baharyò ol hamyla gämigin.

Güız paıhasy bilen pikir öwürsem,
İazym gelse, ıagty pikir dogursam.

 

 

 

Geziº ıoly: Baº / Edebiıat / XX asyr türkmen edebiıaty / Gurbannazar Ezizow (mazmuny)

© TM (2001)
Sahypa barada

İokaryk ıokaryk

Meni tohum kimin
ıygnar bu toprak.
İene güız.
Güız bolsa saralıar ıaprak.