Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

ERTEKILER

 

Hudaýberdi gorkak bilen tilki

Bir bar eken, bir ýok eken, Hudaýberdi diýen bir adam bar eken. Ol örän gorkak eken. Möjekdir ºagal-a beýle-de dursun, tilkiden dagam gorkar eken. Onuò iki sany aýaly bar eken. Bir günden bir gün munuò aýallarynyò her haýsy bir alaça dokapdyr. Hudaýberdi bu alaçalary satmak üçin ýabysyny münüp, bazara ugranda, aýallary halwa hem süýji sargapdyrlar. Ol ýabysyny loòkuldadyp barýarka, öòünden bir tilki çykyp:
- Hudaýberdi, nirä gitjek, how! - diýýär.
Hudaýberdi gorkak tilkiden çekinjiräp, dogrusundan gelipdir:
- Aý, aýallarym bir-iki any alaça dokapdyrlar-da, ºony “Satyp gel” diýip iberdiler - diýýär.
Onda tilki:
- Bazarda satjak bolup ýörme-de, maòa sataý, häli bazardan gaýdaòda, puluòy öòünden ýykarar-da beräýerin - diýýär.
Hudaýberdi gorkak bolsa:
- Boljak onda, ýöne sen meni köp garaºdyraýmagyn, bazardan gelýänçäm, öòümden çykaryp, taýyn edip durgyn! - diýýär.

Tilki:
- Aý, sen arkaýyn bolaý, öòüòden puluòy taýýar edip goýaryn - diýýär.
Hudaýberdi gorkak munuò sözüne ynanyp, bazara gidip, baryp bazarda gezen bolup ýörmüº. Bazary pulsyz bazarlap, ol aýallarynyò sargan zatlaryny hem alyp bilmeýär. Onsoò ýabyjygyny münüp, ýene yzyna gaýdýar. Ýolda tilkiden pul aljak adam, ýabysynyò üstünde telpegini gyºyjak atan bolup, hiòlenip gelýärmiº. Hälki alaçayny satan ýerine gelse, tilki nirde, zat nirde, pul nirde - gum-gukluk. Hudaýberdi gorkak aòalyp, durup-durup, kän garaºyp, ahyry alaçsyz bolup öýüne gaýdýar. Gelip, boº horjunyny goltuklap öýüne girýär.
Aýallaryny her haýsy bir ýerden:
- Süýji äkeldiòmi? Halwa äkeldiòmi? - diýºip, munuò horjunyny alyp görseler, ine öòküsi ýaly bora-boº horjun.
Olar:
- Eri, näme, sargan zadymyzy almansyò. Ýa alaçany satyp bilmediòmi? - diýip soraýarlar.
Hudaýberdi gorkak:
- Aý, heleýjanlar, biler bolsaòyz, bazara barýarkam, öòümden bir tilki çykdy. Ol: “Gaýdyºyn gelýärkäò, puluòy ýoluòdan çykararryn” diýip alaçalary alyp galdy. Bazardan dolanyp gelsem tilkem ýok, zadam ýok - diýýär.
Onsoò aýallary onuò üstüne gygyryp baºlanlar:
- Sen nähili adam? Ýogsam bolmanda, heý, tilkidenem pul alarmyò? Tilki bilen söwda edeni, heý, mundan ozal eºidipmidiò? Sen ol tilkä öziòi oýnadyp, allatdyrypsyò diýenler.
Soòra aýallary ony synamak üçin soòky bazara çenli ýene iki sany alaça dokaýarlar. Olary hem horjuna salyp, agzyny köjeºdirip, onuò ýabysynyò syrtyna bökderip, özüni-de ýabysyna mündürip, bazara ugradýarlar. Hudaýberdiniò bazara barýanyny gören hälki tilki hasyr-husur guma agynapdyr-da, ýene onuò öòünden çykypdyr.
- Haý, Hudaýberdi, hirä barýarsyò, how? - diýýip gugurýar.
Hudaýberdi gorkak:
- Men-ä bazara alaça satmaga barýaryn- diýýär.
Onda tilki:
- Aý, bazara alaça äkidip ýörenden, maòa sataý - diýýär.
Hudaýberdi gorkak:
- Ýok, ýok men saòa alaçamy bermen, ozal hem aldap, pulumy bermediò - diýýär.
Onda tilki:
- Men seni hiò mahal aldan däldirin. Men bir sözümde durýändyryn. Ol seniò hakyòy iýen kül tilkisidir, men bolsa - gum tilkisi ahyry - diýip, munuò alaçasyny elinden alýar-da:
- Häli bazardan gelýärkäò, ºu ýerde durubergin, men puluòy getirip bererin - diýýär.
Hudaýberdi gorkak alaçany tilkä nesýe berip, bazara gidiberýär. Hudaýberdi bazara baryp, ýabysyny daòyp, ýolda alaòamy aòsat satdym diýip, bazarda arkaýyn gezip ýör eken. Birden jübüsiniò pulsyzdygyny ýadyna düºüp, ýaòky alaçany satan ýerine - yzyna gaýtmakçy bolýar.
Hudaýberdi gorkak derrew ýabyjygyny münýär-de, bazarlap bärik gaýdýar. Ol hälki alaçasyny satan ýerine gelip görse, ýene tilki ýok. Durup-durup, halys peti-bizary çykýar, hiç gelýän zat ýok, ol ýene näalaç bolup öýüne baka gaýdýar. Ol öýüne ýetip gelýärkä, onuò aýallarynyò biri muny görüp, ylgap öòünden çykyp:
- Ýeri, alaçaòy sag-aman satdyòmy? - diýip soraýar.
Hudaýberdi:
- Aý, heleý, ýene bolan däldir, wah, ýene tilki aldady - diýip, ýüzüni aºak sallap oturyberýär.
Onsaò onuò aýallary “Indi muny nätsekkäk?” diýip pikir edýärler. Ahyry ikisi dil düwºüp, muòa batyrlygy öwretjek bolup baºlaýarlar. Bir gün agºam Hudaýberdi aýallaryna:
- Men tilkiden gorkýan. Meni meýdana äkidip geliò - diýýär.
Aýallary hem:
- Bolýar - diýip, muny mendana äkidýärler.
Ony öýünden gaýrarak çykarýarlar. Hudaýberdi gorkak meýdana oturýar. Aýallarynyò hersi bir gapdalynda duran bolup, birden, ikisi hem gaçyp gaýdýarlar. Ikisi-de öýe girýär-de, ºark-ºurk iºiginiò içinden urup, Hudaýberdini öýe salmaýarlar. Hudaýberdi gorkak bolsa daºarda: “Wah, heleý, iºiºgi aç, tilki meni öldürýär-le” diýip gorkupgygyrýar. Aýallary bolsa iºigi açman, öýüò deºiginden syrygy uzadyp:
- Al ºunuò bilen tilkini uruber! - diýýärler.
Hudaýberdi ony alyp, daº-töweregine bulaýlap tilkini ýanyna getirmändir. Onsoò:
- Aý heleýler, indi iºigi açaýyò, indi meniò batyrlykda kemim galmady - diýip gygyrýar.
Aýallary bolsa bir haýukdan soò, iºigi açýarlar. Hudaýberdi gorkak öýüne girip:
- Ah, heleýler, ºeýle batyr boldum, indi men hiç zatdan gorkman - diýýär.
ªonlukda, günleriò birinde Hudaýberdi bir ýere gidip barýar eken. Onuò öòünden bir eºegiò türesi çykýar, ol muny alýar-da, goltugyna salýar. Ýane-de gidiberýär welin öòünden bir pyºbaga çykýar, muny hem alýarda, goltugysa salýar. Ýene barýarka, öòünden bir meýdan horazy çykýar, muny hem goltugyna salýar. Hudaýberdi bu zatlary goltugyna salyp, gidip barýarka, birnäçe döwüò üstünden barýar.
Döwüler mundan:
- Adyò näme? - diýip soraýarlar.
- Adyma Hudaýberdi pälwan diýerler.
- Gel, onda otur.
Ol oturýar. Muòa döwler:
- Biziòem bir pälwanymyz bar, ºonuò bilen göreºip bilermiò? - diýýärler.
- Göreºerin - diýýär.
Döwler öz diýýän pälwanyny çagyryp, Hudaýberdi bilen göreº tutdurmaga baºlaýarlar. Bular göreº tutup ugraýarlar. Döwleriò pälwany Hudaýberdi pälwany gysyp, owradyp barýar diýýär. Munuò gözi peträp, asmana dikelip ugranda, döwleriò pälwany:
- Ýeri, Hudaberdi batyr, näme ýokaryòa garaýarsyò? - diýýär.
- Ýokaryk garaýanymyò sebäbi, seni asmandaky haýsy ýyldyzyò ýanyndan gaýtarsamkam, ºol hakda oýlanýaryn - diýýär.
Onda döwleriò pälwany:
- Aýrylaweri, sen meni öldürjek ekeniò, tüýs pälwan ekeniò, näme gerek bolsa aýt, ýäne meni goýberseò bolýar - diýip aýdýar. 
Bular soòra Hudaýberdi gorkaga birnäçe zatlar berýärler. Onsoò Hudaýberdi:
- Siz meniò bilen bitiòizi deòeºdirip bilermisiòiz? - diýýär.
Döwler:
- Gel, deòeºderseò - diýýärler.
Döwler bir bit çykardylar weli, hakyt ýumruk ýaly bar diýýär. Hudaýberdi pälwan bolsa, hälki ýoldan alan pyºbagany çykaryp goýberiberýär.
Döwler:
- Bä, bu biziòkiò çeni-çaky däl eken-ow, gapak dagy baglap gidipdir-aý - diýiºip, içlerini çekip, geò görüp, haýran bolup duranlar.
Ondan soò Hudaýberdi:
- Geliò indi bürämizi deòeºdireliò - diýýär.
Döwler:
- Geliò-de, geliò - boluºýarlar.
Döwler büresini çykarýarlar weli, bu hem ýumruk ýaly bolup, pasyrdap uçup gidýär. Hudaýberdi bolsa: “Büre diýip, ine, muòa aýdarlar” diýýär- de hälki horazy çykarýar weli, döwileriò gözi hanasyndan çykaýjak bolýar.
Döwler:
- Bä, buýa kekeç-mekeç baglap gidipdir, biziòki dagy munuò ýanynda çagasyça-da ýok - diýiºýärler.
Soòra Hudaýberdi döwlere:
- Belki, goltygyòyzyò gylyny deòeºdirersiòiz - diýýär.
Döwler hem:
- Deòeºdiräýeris - diýýärler.
Döwler çykaryp görkezdiler weli, uzynlygy bir sere dagy bar diýýär. Hudaýberdi bolsa hälki eºegiò türresini çykarýar-da: “Ine, meniò goltugymyò gyly-ha ºunuò ýaly” diýýär.
Döwler haýran galyp:
- Bä, munuòky türre-mürre baglap gidipdir-how - diýiºýärler.
Ýene-de Hudaýberdi:
- Siz meniò bilen ýeriò ýagyny çykaryºjakmysyòyz? - diýýär.
Döwler:
- Çykaryºjak - diýýärler.
Onsoò Hudaýberdi gorkak hälki ýumurtgany döwlere görkezmän bir ýere gömüp goýýar-da, soòam baryp depip goýberýär weli, ýumurtganyò sarysy çogup sarysy çogup çykdy duruberdi.
Döwler haýran galyp:
- Päheý, büýä ýeriò ýagynam çykaraýdy, how - diýiºýärdiler.
Döwlerem ºeýtjek bolup näçe diýseò, ýeri depýärler weli, ýöne sarsyp dur diýýär, asyl çykýan zat ýok.
Hudaýberdi:
- Geliò, indi agaç ýykyºalyò!- diýýär.
Döwler:
- Geliò-de, geliò - boluºýarºlar.
Döwler bir depip goýberýärler welin,bir agaç ýykylýar.
ert-29.jpg (15672 bytes)Hudaýberdi bolsa gelýärkä, ýoldan bir kültem ýüp tapan eken. Ana, onsoò ol ºol ýüpi alýar-da, ähli agaçlaryò daºyna aýlaºdyryp baºlaberýär.
Döwler muny görüp:
- Ýeri, Hudaýberdi pälwan, sen näme iº etjek bolýarsyò? - diýýärler.
- Men siz ýaly ýeke-ýekeden ýykyp durman, barysyny birden ýykjak otiryberjek - diýýär:
Döwler:
- Aý, zalywat hudaýberdi pälwan, goýaweri, biziò atamyzdan galan saýalyk agaçlarymyzyò baryndan dyndyrjak bolýarmyò - diýºip muny aýyrýarlar.
Onsoò döwler:
- Indi sen hem biziò bilen hem nahar hem iýiº, ºonda-da utsaò, biz saòa boýun - diýýärler.
Hudaýberdi:
- Geliò bäri, men taýýar - diýýär.
Onsoò kryk gulakgazany palawdan dolduryp, döwler birigip, iýip ugraýarlar weli, hiò tükedip bilmeýarler. Gazany Hudaýberdiniò öòünde getirip goýýarlar. Olam iýen bolup ugraýar-da, döwler çykan wagty çykyr köwüp, gazanyò içindäki aºy ºoòa dökýär-de oturyberýär. Döwler iºikden gelenlerinde gazanyò düýbüni ýalan bolup durýar. Döwler muny görüp, “Be-ýe, büýä-ä eýýäm iýäýpdir” diýip haýra galýarlar.
Onsoò döwler:
- Muny agºam ýatanda öldüreliò, ºeýdip, agzybirlik bilen ýok edäýmesek bu bize hezil bermez - diýip, özara maslahatlaºýarlar.
Agºam ýatar wagty bolar welin, Hudaýberdi hem possuny ýapynyp ýatyberýär. Ol gije uka gidensoò, döwleriò öldürmäge barjakdygyny bilip, possunyò aºagyna bir uly daºy salyp, üstini ýapyp goýýar-da, özi beýle ýanynda ýatýar. Gijäniò bir wagty döwler baryp, ýaòky ýatan posunly daºy taýak bilen urmaga baºlaýarlar. Olar urup, urup: “Indi-hä öldüren bolsak gerek” diýºipdirler.
Hudaýberdi bolsa, ertir irden döwleriò iºiginden gelip:
- Beý, agºam ýagyºjagaz ºytyr-pytyr edäýdi öýdýän, hiç arkaýyn ýatyp bilmedim-aý - diýýär.
Döwler:
- Bä, ºony hem ºytyr-pytyr bilýän bolsa, muòa näme alaç etmek bolarka?! - diýiºip pikirlenýärler.
Ertisi agºam Hudaýberdi pälwan küde edip basylan çöpüò içinde ýatýar. Ýene döwleriò barjagyny bilip, içine uly bir daº goýup, özi beýlede ýatýar. Döwler baryp, çöpi otlaýarlar.
Özlerem: “Indä-ä dynaýan bolsak gerek” diýiºýärler. Hudaýberdi pälwan bolsa ertisi ýene döwleriò ýanyna barýar-da:
- Bä, agºam inim gaty gyzdy-ow, men näsaglaýypdyryn öýdýän - diýýär.
Döwler:
- Islän zadyny berip, ºuny aman-sag öýüne eltip geleliò - diýºip, horjuny zatdan dolduryp, bir döwiòem üstüne mündirip, Hudaýberdiniò öýüne ugraýarlar. Ony göterip alyp gelýän döw:
- Hudaýberdi pälwan, sen ºunça iýýärsiò weli, hiç agramyò ýokla? - diýýär.
Onda ol:
- Agramymy salamok, gökde ýüpüm bar, ºondan aslyºyp gelýärin - diýýär.
Onda döw:
- Hany, ýüpden aslyºman, agramyòy at, göreýin - diýýär.
Hudaýberdiniò bilinde bir janujak pyçagy bar eken. Alýar-da ºonuò bilen düýbüniò gerºine basyberýär.
Döw:
- Haý, alywat, ýüpüòe ýapyºaweri! - diýip gygyryberen.
Ana onsoò, Hudaýberdi pälwan döwi münüp, öýüne baran.
Döw bolsa muny düºüripdir-de, yzyna gaýdan. Gelýärkä, ol döwüò öòünden hälki mekir tilki çykyp:
- Ýeri-ow, döw dost, nireden gelýärsiò? - diýip soraýar.
Döw:
- Hudaýberdi pälwany öýüne eltipgelýarin - diýýär.
Tilki:
- O nähili pälwan bolýarmyº, ol-a bir barypýatan gorkak ahyry.
- Aý, ýok, ol zor how, biz-ä oòa bir topar zat berip, zordan sypdyk.
- Beýle bolsa, ýör, onda zadyòyzy alyp bereýin, siz oòa Hudaýberdi pälwan diýýän bolsaòyz, biz oòa Hudaýberdi gorkak diýýäris. Men munuò alaçasyny bazara barýarka, her gezek aldap elinden alýaryn - diýen.
Döw onda-da ynanmaýar.
Tilki döwe:
- Ynanmasaò, boýnuma ýüp sal-da, bir ujuny özüòe daòaý - diýýär.
Tilki ºeýdip, boýnundan ýüp saldyryp, döwiò öòüne düºüp, Hudaýberdiò öýüne ugraýar. ªol wagt Hudaýberdi tamyò üstüne çykyp duran eken. Ol döwi yzyna tirkäp gelýän tilkini görüp:
- Haý tilki - diýip gygyrýar.
Tilki Hudaýberdä hä berýär.
Hudaýberdi:
- Ataò maòa üç döw bergisi barka, getirýäniò ýekeje döwmi? - diýip gygyran.
Ýaòky döw:
- Sen meni ataò bergisine bermek üçin getirýän ekeniò - diýip, tilkiniò boýnyna daòylgy ýüpi özüne tarap çekýär-de, ony penjesine alyp, ras ýeriò ýüzüne bulap urýar-da, ökjäni göterýýär.
Hudaýberdi ºeýdip, pälwan hem batyr adyny alanmyº.


Ertekileri suratlar bilen bezän suratçy Olýa Mämmedowa

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Halk döredijiligi / Ertekiler / Hudaýberdi gorkak bilen tilki

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk