Geçinem öz aýagyndan asarlar, goýnam
Bählili dananyò inisi Harun Reºit uly patyºa eken. Ol öz agasy
Bählili danany ýanyna çagyryp:
- Aý, Bählili, sen bu diwanaçylyk-gedaýçylygyòdan el çek, ine, saòa hazyna, näme
gerek bolsa göter - diýen.
Onda Bählili dana:
- Aý, patyºa, biz her niçik aga-inem bolsak, seniò patyºalyk bilen gazanan
maly-dünýäòden çigit ýaly zat derkar däl, sen ýöne meni öz günüme goý -
diýipdir-de, özüniò weýrana howlusyna ötägidipdir. Bählili dananyò howlusy Harun
Reºit patyºanyò köºgüne ýakyn eken. Harun Reºit her gün tagtynda oturan wagtynda
Bählili dananyò ahy-hasrat bilen dady-perýat edip aglaýan gamly sesini eºider eken.
Günlerde bir gün Harun Reºit tagtyna çykypdyr, görse bu gün Bählili dananyò
howlusyndan hemiºeki eºidilýän gamly sesiò deregine ºatlykly owaz gelýärmiº.
Bählili dana ýeke özi öz baºyna däli-porhan bolup, hem saz çalýar, hem aýdym
aýdýar eken. Harun Reºit muny eºidip, geòirgenip:
- Baryò diwanany alyp geliò, ondan habar alalyò - diýip, ýasawullaryna buýrupdyr.
Ýasawullar Bählili danany alyp gelipdirler. Patyºa:
- Ýeri, Bählili, sen hemiºe günüòi gaýgy-gam bilen aglap geçirýärdiò, bu günki
ºatlygyò nämäniò hekaýaty? - diýip soran.
- Aý, patyºam, eºider bolsaò, men bu gün bazara bardym - diýip, ol söze baºlan.
- Barsaò barypsyò-da bazara, ol taýda näme beýle ºatlyk gördüò?
-
Patyºam, gassap bazaryna bardym, görsem geçinem öz aýagyndan asypdyrlar, goýnam öz
aýagyndan asypdyrlar. Men, ikimiz aga-ini bolanymyzdan soò, seniò tagtda oturyp,
il-halka edýän zulum-sütemiò hem zalymlygyò üçin menem günäkär bolýandyryn
öýdüp gorkup, hemiºe aglar ýörerdim welin, asyl beýle däl eken. Bu gün men
bazarda geçiniòem öz aýagyndan asylýanyny, goýnuòam öz aýagyndan asylýanyny
gördüm we her kimiò öz eden günäsi üçin jeza aljagyna düºündim. ªonuò üçin
hem wagtym hoº bolup, ºatlanyp oturyºym - diýip, jogap berip, çykyp giden.
Ertekileri suratlar bilen bezän suratçy Olýa
Mämmedowa
|