Garry atanyò nesihatlary
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir patyºa bar eken. Ol
patyºa aýal-erkek diýmän, garry adam bolsa, çöle taºladar eken. Bu patyºanyò öz
nökerlerinden biriniò garry atasy bar eken. Ol bir gün garry atasyny arkasyna alyp, bir
çöle taºlamak üçin ugraýar. Barýarka, halys ýadap: “Bir azajyk dynç alaýyn”
diýip, bir tümmegiò üstünde oturýar. ªol wagt atasy lah-lah edip gülýär.
Onda ogly:
- Ata, men seni çöle taºlamaga barýaryn, sen bolsa gülýärsiò-le, bu näme boldugy?
- diýipdir.
Atasy:
- Oglum, men hem bir wagtlar atamy çöle taºlamak üçin barýarkam, ºu tümmejigiò
üstünde dynjymy alypdym. “Gülme goòºyòa, geler baºyòa” diýenleri boldy. Sen
hem meniò oturan ýerimde oturdyò, men ynha, ºuòa gülýärin, oglum - diýen.
Ogly:
- Be, ata, meni hem garramda çöle äkidip taºlarlarmy? - diýip sorapdyr.
Atasy:
- Elbetde, oglum, garraòda senem çöle taºlarlar - diýipdir.
- Eý, ata jan, beýle bolsa, men seni taºlajak däl - diýip, ogly ýene-de atasyny
arkasyna alyp, öýüne gaýdypdyr.
Ol atasyny öýüne getirip, bir sandygyò içine salyp, agzyny gulplap goýupdyr. Hiç
adama görkezmän, adam ýok wagty sandykdan çykaryp, adam bar wagty hem sandyga salyp,
saklap ýörüpdir.
Günlerde bir gün patyºa hemme atlylaryny ýygnap:
- Ertir men abyzemzem suwundan içmäge gitjek, hemmäòiz ºoòa çenli ºaýyòyzy
tutuò - diýip tabºyrypdyr.
Bu oglan bolsa öýüne gelip, atasyny sandykdan çykaryp:
- Eý, ata jan, patyºamyz: “Abyzemzemiò suwundan içip geljek” diýip, ertir ugrajak
bolýar - diýipdir.
Atasy:
- Eý, oglum, men birnäçe zat öwredeýin, ºony etseò, abyzemzemiò suwuny taparsyò -
diýipdir.
Oglan:
- Eý, atam, men seni hem sandyga salyp, özüm bilen alyp gideýin - diýipdir.
Atasy:
- Bolýar, ýöne sen bir balyk, bir öküz, bäº-on gadak garpyz çigidini alyp, özüò
bilen göter - diýen.
Ogly hem bu zatlaryò hemmesini alyp, patyºanyò huzuryna ugrapdyr. ªol wagt atasy:
- Eý,oglum, pylan ýerde bir çöl bardyr, suw ýokdur, ºonda goºunyò suwy gutarar.
ªol ýerde öküzi öz baºyna goýberip, yzyna düºüber, öküz baryp bir ýeri
süser, ºol ýeri gazsaò, derrew suw çykar - diýen. Atasy beýleki zatlaryò nämä
gerekdigini ogluna aýdyp beripdir. Onsoò ol atasyny sandykda gizläp, ýaòky zatlaram
alyp, patyºanyò ýanyna barypdyr.
Patyºa:
- Eý, nökerim, bu öküzi sen näme üçin göterdiò? - diýip soran.
Onda ol oglan:
- Eý, patyºam, ýolda azygymyz gutarsa, bu öküz gerek bolar - diýip aýdan.
Bular birnäçe gün ýol ýöränlerinden soò, garrynyò aýdan ºol çölüne baryp
ýetiºipdirler. Adamlar ºol çölüò içinde suwsap, ölere ýakynlaºypdyrlar. ªol
wagt oglan öküzi öz ugruna goýberipdir.
Hemmeler öküziò yzyna düºüberipdirler. Öküz-de bara-bara bir ýere baryp, ýeri
ºahy bilen dörüberipdir. Oglanam ýoldaºlary bilen ºol ýeri gazmaga baºlapdyr.
Azajyk gazypdyrlar welin, suw çogup, çeºme ýaly akyp gidiberipdir. Bu gudraty görüp,
patyºa öz depderinde belläpdir.
Bular suwdan ganyp, dem-dynçlaryny alypdyrlar. Bular ugramakçy bolanlarynda, ile
duýdurman, atasy ogluna:
- Indi,
oglum, getiren çigidiòi ºu suwa sepip goýber, gaýdyp gelýänçäk, garpyz bolup
ýetiºer - diýipdir.
Ogly hem kakasynyò aýdyºy ýaly edipdir. Patyºa muny hem belläpdir. Onsoò bular
ugrapdyrlar. Bir ýere ýetip barýarkalar, oglanyò atasy:
- Oglum, ºol baýaky balygyò barmy? Eger bar bolsa, ynha, kyrk çeºmä bararys, onda
düºeris, ºolaryò içinde bir çeºme aby-zemzemiò suwudyr. Il haýsy çeºmä duº
gelse, içer ýörer welin, sen ºol balygyòy her çeºmä baranyòda, batyryp gör, ºol
balyk abyzemzemiò çeºmesine düºende janlanar-da, eliòden çykar gidibiýr, ana, ºol
abyzemzem çeºmesidir, ýat-da iç, soòundan hem küýzäòi dolduryp, al-da gaýdyber -
diýipdir.
Bular ºol gidip oturyºlaryna ahyrsoòy ºol çeºmelere baryp ýetýärler. Bu oglan hem
ºol balygy atasynyò aýdyºy edýär welin, bir çeºmä batyranda, ýaòky öli balyk
direlýär-de ötägidýär. Oglan balygyò direlen çeºmesinden içýär, küýzesini-de
dolduryp alýar. Bular ºol ýerden yzyna öwrülýärler.
Bular ºol geliºlerine garpyz çigidi sepilen ýere gelýärler, görseler, garpyzlar
biºip, çaglyò daºy ýaly bolup ýatyrmyº. Muny hem patyºa görüp, haýran galyp,
depderine belläpdir. Bu garpyzlardan hem göterip bilenlerini alyp, ýola düºüpdirler.
Bular bir ýerlere baranda, dünýäniò ýüzüni duman gaplap, gaty garaòky bolan.
ªol
wagt oglanyò atasy:
- Oglum, ºu wagt ýerden göteribilen daºyòy al, alyp bolaòsoò, düýäòi mün-de:
“Alanam armanly, almadyk hem armanly” diýip gygyr - diýipdir.
Oglan ºeýle hem edipdir. Göteribilen gaºyndan üç sanysyny düýesine
ýükläpdir-de, soòam: “Alanam armanly, almadyk hem” diýip gygyryberipdir. Onuò
beýleki ýoldaºlary hem: “Bu däliräpdir” diýip, oòa sögüpdirler.
Patyºa muny hem eºidip, depderine ýazypdyr. ªeýdip, bular sag-aman öýlerine gaýdyp
barypdyrlar. Baranlaryndan soò, patyºa ol oglany ýanyna çagyryp, eden iºlerini
birme-bir sorapdyr.
Oglan:
- Eý, patyºahym, bir çemçe ganymy geçseò, aýdaýyn - diýen.
Patyºa:
- Her iº eden bolsaò-da geçdim - diýipdir.
Oglan:
- Eý, patyºahym, men atamy çöle taºlamaga barýarkam, bir ýerde dynç almaga oturdym
welin, atam: “Men hem öz atamy çöle taºlamaga barýarkam, ºu ýerde dynç alyp
ötüpdim” diýdi. Onsoò eltip taºlamaga meniò gözüm gyýman, getirip, hiç kime
görkezmän sakladym. Soò bolsa, seniò abyzemzem suwuna gidýäniòi oòa aýdanymda, ol
maòa: “Bir öküz, on-on bäº gadak garpyz çigit, bir balyk al” diýdi. Men hem
onuò diýenlerini edip, özüni-de sandyga salyp, özüm bilen alyp gitdim. Ine, ºol
iºleriò hemmesini atamyò diýeni bilen etdim. Bizi ölümden gutaranam ºol - diýen.
Patyºa:
- ªol garaòky gije näme üçin gygyrdyò? - diýen.
Oglan:
- Ine, meniò ºol garaòky gijede alan daºlarym - diýip, üç sany daºy görkezen.
Bularyò biri gyzyl, biri göwher, biri-de ºamçyrag eken. Patyºa muòa haýran galyp,
soò garry adamlary çöle taºlamagy gadagan edipmiº. Atasynyò nesihatyna gulak asyp,
göreldeli iº eden oglanyò hatyrasy üçin il kyrk gije-gündiz tomaºa tutup,
maksat-myradyna ýetipdir.
Ertekileri suratlar bilen bezän suratçy Olýa
Mämmedowa
|