Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

ERTEKILER

 

Aýaz han

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir patyºa bar eken, özi adyllykda bir gyly iki ýarar eken. Günlerde bir patyºa pikir edip otyrka, öz öòünde: “Ynsanyò, haýwanyò erbedini nädip tanamak bolar?” diýen soragy goýupdyr. ªol bada-da: “Hä, tapdym, adamyò erbedi patyºa, malyò erbedi gatyr, guºuò erbedi bolsa alahekge bolar” diýip, pikirini jemläp oturyberipdir.
Patyºa hemme ilatyny ýygnap:
- Meniò üç sany soragym bar, ºony kim bilse, özüme wezir edip aljak - diýipdir.
Onda märeke:
- Aýt-da, aýt - bolºupdyr.
Patyºa:
- Adamyò, malyò, guºuò erbedini on günüò içinde maòa aýdyp bermeli - diýipdir.
Onda märekäniò içinden üç sany adam:
- Patyºam, rugsat bolsa, biz bir synansak - diýipdir.
Patyºa:
- Bolýar, rugsatdyr, bilip geliò - diýipmiºin.
Ondan soò ýaòky üç adam patyºanyò ýumºuny bitirmek üçin ýola rowana bolupdyr. Bulara ýolda bur gotur düýe sataºypdyr.
Olar:
- Hä, malyò ºundan ýamany bolmaz, bize hudaý berdi, geliò, muny tutalyò - diýip, ony tutup, özleri bilen alyp gidiberipdirler.
Ýene-de gidip barýarkalar, bularyò öòünden çypar köse adam çykypdyr.
Bular:
- Hä, adamyò ºundan aýylganjy bolmaz, muny hem bize alla berdi - diýip, ony-da özleri bilen alyp gidiberipdirler.
Ýene-de gidip barýarkalar, bularyò öòünden bir ganaty döwük garga çykypdyr.
Bular:
- ªundan erbet guº bolmaz, indi patyºanyò üç sany soragynyò üçüsiniò-de jogaby jem boldy - diýºip, bu gargany hem özleri bilen alyp, yzlaryna gaýdyp gelýärler.
Bu üçüsi yzyna gaýdyp gelýärkä, bularyò öòünden bir guýy çykýar. ªu guýynyò baºynda otyrkalar, bularyò ýanyna bir çopan gelýär. Bu çopan bular bilen saglyk-amanlyk soraºyp:
- Ýeri, ugur haýyr bolsun, bu ýerde näme iºleýärsiòiz? - diýip sorapdyr.
Onda ol üç adam:
- Bizi patyºa ºunuò ýaly iº bilen iberdi. Ine, biz bolsak ºulary tapdyk, ºulardan erbet adam, mal, guº bolmaz - diýipdir.
Oòa çenli çopanyò goýunlary hem suwa inipdir.
Çopan:
- Örän ýagºy, siz patyºanyò adamlary ekeniòiz, siz arkaýyn oturyò, men goýun soýup, size söwüº edeýin - diýip, ýaòky çopan bir goýny soýup, nahar taýýar edipdir.
Çopan bulara nahar, çaý berip bolandan soò:
- Bu alyp barýan zadyòyzdan patyºanyò isleýän jogaby çykmaz, bulary goýberiò, men size patyºanyò isleýän jogabyna ýarajak zatlaryny salgy bereýin, ýöne siz meniò adymy oòa aýtmaò - diýipdir.
Bular:
- Biz seniò adyòy aýtmarys, ýöne sen bize patyºanyò jogabyny aýdyp berseò bolýar - diýipdirler.
Çopan:
- Adamyò erbedi patyºa bolar, malyò erbedi gatyr bolar, guºuò erbedi alahekge bolar diýip aýtsaòyz, patyºa kanagatlanar - diýipdir.
Bular begenip, çopandan bu zatlaryò erbet bolýandygynyò sebäbini hem soraman, patyºanyò ýanyna ugranlar.
Bular bärden baryp:
- Patyºam, siziò soraglaryòyzyò jogabyny tapdyk - diýipdirler.
Onda patyºa:
- Hany, onda aýdyò, adamyò erbedi haýsy bolar? - diýip soran.
Onda olar:
- Patyºam, adamyò erbedi patyºa bolýar - diýenler.
Patyºa onuò sebäbini sorapdyr welin, olar aýdyp bilmändirler.
Patyºa syr duýdurman:
- Bolýar, malyò erbedi haýsy bolýar? - diýip soraýar.
Bular:
- Malyò erbedi gatyr bolýar - diýip jogap berýärler.
Patyºa munuò hem sebäbini sorapdyr, emma olar jogap berip bilmändirler.
Patyºa ýene-de syr duýdurman:
- Onda guºuò erbedi haýsy bolýar? - diýip soraýar.
- Patyºam, guºuò erbedi alahekge bolýar.
Patyºa munuò hem sebäbini soranmyºyn, emma olar sebäbini aýdyp bilmänmiºler. “Be, bular meniò soraglarymyò jogaplaryny bildiler, emma sebäplerini aýdyp bilmeýärler, elbetde, bulara akylly adam öwreden bolmaga çemeli, gel, men bulary sykajaga salaýyn” diýip, patyºa öz içinden oýlanan.
Patyºa:
- Ýagºy ýigitler, size bu zatlary kim öwretdi? - diýip soraýar.
- Patyºam, biziò özümiz bilýäris.
Patyºa:
- Ýok, size biri öwredipdir, ºuny size kim öwreden bolsa, ºony alyp geliò - diýip, olaryò ýanlaryna bir ýasawul hem goºup goýberipdir.
Bular hälki çopanyò ýanyna baryp:
- Seni patyºa çagyrýar - diýip, özleri bilen alyp gaýtjak bolupdyrlar.
Onda çopan:
- How, adamlar, men bir çopan adam, men kiºiniò malyny taºlap gidip bilmerin ahyry, ýörüò, mallary eýesine tabºyralyò, ondan soò gideliò - diýenmiºin.
ert-06.jpg (14735 bytes)ªondan soò, mallary sürüp eltip, eýesine tabºyranlar we çopany patyºanyò ýanyna alyp baranlar.
Patyºa:
- Ýeri, ýagºy ýigit, seniò adyò näme, näme edýärsiò? - diýipdir.
Çopan:
- Meniò adym Aýaz, kärim bolsa çopançylyk - diýenmiº
Patyºa:
- Aýaz han, “Adamyò erbedi patyºa, malyò erbedi gatyr, guºuò erbedi alahekge” diýip, bulara sen öwretdiòmi? - diýipdir.
Aýaz:
- Hawa, özüm-ä bir zatlar aýdypdym, ýöne: “Meniò aýdanymy aýtmaò” diýip tabºyrypdym - diýenmiº.
Patyºa:
- Ol zatlaryò zyýany ýok, ýöne sen ýaòky zatlaryò erbetdiginiò sebäbini aýdyp ber - diýýär.
Aýaz:
- Patyºanyò erbetdiginiò sebäbi, baºga adamyò güýjünden peýdalanýar, hiç kime zat bermeýär, ºonuò üçin adamyò erbedi patyºa bolýar. Malyò ýamanynyò gatyr bolýandygynyò sebäbi-de, ol owal gargyº siòen haýwandyr, özünden hem hiç wagt tohum ýaýramaýar, onuò üçin bolsa gatyr iò erbet mal bolýar. Guºuò erbedi bolsa, alahekge bolýar, çünki ol janawer agzyndan guzlaýar - diýip, patyºanyò soraglarynyò jogabyny pert-pert aýdyp berenmiºin.
Patyºa:
- Aýaz han, hemme aýdanlaryò dogry, çykar çarygyòy - diýip, oòa gowy geýimler geýdirip, ony özüne wezir edinenmiºin.
Aýaz hem çarygyny öz ýany bilen alyp, ony hemmä görnüp durar ýaly bir ýerden asyp goýanmyºyn. Günlerde bir gün Aýaz hanyò bir zada gahary gelmäge baºlaýar welin, onuò gözi birden öz çarygyna düºüp: “Haý-haý, Aýaz han, çarygyòa bakarak bol! Düýn sen-de bir ýönekeý çopandyò, bu günki gün wezir boldum diýip, tumºugyòy al-asmana tutýaò” diýip, öz-özüne töwella edip, pälinden gaýdanmyºyn.
Aýaz hanyò üç sany ogly bolýar, bular okuwly bolup ýetiºýärler. Patyºa-da bir gün ölýär. Aýaz hany bolsa, onuò ýerine patyºa edenmiºler. Aýaz han köp wagtlap adyllyk bilen patyºalyk sürenmiºin. Ol indi gaty garranmyºyn. Aýaz han oglanlaryny öz ýanyna çagyryp:
- Eý, ogullarym, men indi gaty garrapdyryn. Siz menden näme harajat gerek bolsa alyò-da, baºga ºäherlerde ýaºaberiò. Men ölemden soò, sizi patyºa ederlermi, etmezlermi, hudaý bilsin, gerek bolsa halkyò özi tapar - diýipdir.
ªundan soò Aýaz hanyò oglanlary atasynyò maslahatyna gulak salyp, gerek harçlaryny hem alyp, baºga bir ºäherde ýaºamak üçin hoºlaºyp, ýola düºüpdirler.
ert-09.jpg (15159 bytes)Bular ýol bilen barýarkalar, ýolda bir düýäniò yzyny görüpdirler.
Onda iò uly dogany:
- ªu düýe erkek eken-ow - diýenmiº.
Ortanjysy:
- ªu düýe erkek bolsa, guýrugy küle eken-ow - diýen.
Kiçi dogany:
- ªu düýe erkek bolsa, guýrugy hem küle bolsa, bir gözi hem kör eken-ow - diýen.

Bular aòyrrak baranlarynda, ýolda bir adamyò yzyny görüpdirler.
Uly dogany:
- ªu yz aýal adamyò yzy-ow - diýen.
Ortanjy dogany:
- ªu yz aýal adamyò yzy bolsa, öz-ä gaçyp barýan bolmaga çemeli-ow - diýenmiº.
Iò kiçileri:
- ªu yz aýal adamyò yzy bolsa, özem gaçyp barýan bolsa, onda ºu göwreli eken-ow - diýenmiº.
Bular aòyrrak baranlarynda, bularyò öòünden bir atly çykyp, saglyk-amanlyk soraºyp:
- Halypalar, heý bir düýe gören dälsiòiz-dä? - diýip sorapdyr.
Onda olaryò ulusy:
- Ýok, düýe göremzok, ýöne düýäò erkekmidi? - diýenmiºin.
Atly:
- Hawa - diýipdir.
Ortanjysy:
- Halypa, düýäò guýrugy külemidi? - diýen.
Atly:
- Hawa - diýenmiº.
Kiçi dogany:
- Halypa, düýäò bir gözi körmüdi? - diýipdir.
Atly:
- Hawa, asyl siz meniò düýämiò hemme salgysyny berýärsiòiz welin, ýene-de: “Göremzok” diýýärsiòiz. Meniò düýämi siz hökman bilmeli, men düýämi sizden alaryn - diýip, bu atly dawagär bolup, bularyò yzyna düºüp gidiberenmiº.
Bular gidip barýarkalar, bularyò öòünden iki sany adam çykyp, amanlyk-saglyk soraºyp:
- Heý, ýolda bir adam-a gören dälsiòiz-dä? - diýip soran.
- Ýok, biz adam görmedik, ýöne ol aýal adammydy?
- Hawa.
- Ol gaçyp barýan aýalmydy?
- Hawa.
- Ol aýal göwrelimidi?
- Hawa.
Onda ol iki adam aýdan:
- Siz biziò gözleýän adamymyzyò hemme salgysyny berýärsiòiz welin, ýene-de “Görmedik” diýýärsiòiz. Biz gözleýän adamymyzy sizden alarys - diýip, bu ikisi-de bularyò yzyna düºüberenmiº.
Bular bir ºähere baryp, bir saraýdan kireýine öý alyp, ýaºamaga baºlapdyrlar. Ondan soò, ýaòky töhmet edýän dawagär adamlar patyºanyò ýanyna baryp arz edipdirler. Patyºa hem ýasawul iberip, üç dogany çagyrypdyr. Olar gelenden soò, patyºa saglyk-amanlyk soraºyp, düýe ýitireniò arzyny soramaga baºlapdyr.
Düýe ýitiren:
- Patyºam, bu adamlar meniò ýitiren düýämiò erkekdigini, guýrugynyò küledigini, gözüniò kördügini öz agyzlary bilen aýdýarlar, emma: “Düýäòi göremzok” diýýärler. Eger bular düýäni görmedik bolsalar, onuò hemme salgysyny nähili bilýärler? - diýenmiº.
Onda patyºa üç dogandan habar sorapdyr.
Iò ulusy:
- Erkek düýäniò syòraklarynyò arasy giò bolýar, men onuò yzyny görenimde, ºondan erkekdigini bildim - diýen.
Ortanjysy:
- Ol düýe ýoluò ortasynda gumalaklapdyr, eger guýrugy küle bolmadyk bolsa, ýoluò iki gapdalyna gumalaklardy. Men ºondan bilýärin - diýenmiºin.
Iò kiçi dogany:
- Ol düýe hemiºe ýoluò bir tarapyndan otlap gidipdir, ºondan men onuò bir gözüniò kördügini bilýärin - diýenmiºin.
Ondan soò patyºa aýal ýitiren iki adamyò arzyny diòläpdir.
Olar:
- Patyºam, bular aýalyò ýitendigine, onuò gaçyp barýandygyna, göwrelidigine çenli salgy berýärler-de, ýene-de: “Biz göremzok” diýýärler. Ine, biz ºuòa haýran - diýenmiºler.
Patyºa:
- Siz ol aýaly gördüòizmi? - diýip sorapdyr.
Olar:
- Ýok, patyºam, biz yzyny görüp bildik - diýenmiºler.
Patyºa:
- Men hem bir zat getirsem, ºonuò içinde näme bardygyny biliò, eger bilmeseòiz siz ogry - diýenmiºin.
Bular-da:
- Getir, getirseò - diýenler.
Patyºa bir sandygy getirip:
- Ine, ºu sandygyò içinde näme bardygyny aýdyp beriò - diýen.
Bularyò ulusy sandygyò agzyna kakypdyr-da:
- Öz-ä sandygyò içindäki togalak zat - diýenmiº.
Ortanjysy:
- Özi togalak bolsa, daºam gyzyl bolmalydyr - diýenmiº.
Kiçileri:
- Özi togalak, daºy hem gyzyl bolsa, onda bu mazandyran narydyr - diýenmiº.
Patyºa sandygy açyp görse, içindäki dogrudan hem mazandyran narymyº.
Ondan soò patyºa bu arzaçylara:
- Siz malyòyzy hem-de ýitiren adamyòyzy baºga ýerden gözläò - diýip, olara rugsat beripdir.
ªu üç dogany bolsa patyºa özüniò myhman tamlarynyò birinde ýerleºdirip, hormat-hezzet etmäge baºlapdyr. Patyºa agºam bu myhmanlara gowy palaw berip, bir ýasawulyna:
- Sen ºu gapyò agzynda dur-da, ºularyò gürrüòini diòle, näme gürrüò etseler, soò maòa aýdarsyò - diýenmiº.

Ýasawul hem diòläp durupdyr. Bular nahar iýmäge baºlamankalar, uly dogany:
- ªu patyºamyò gul-ow - diýenmiº.
Ortanjy dogany:
- Patyºamyz gul diýýärsiò welin, ºu naharyò eti haram süýt emip ulalan malyò eti bolsa gerek - diýýär.
Kiçi dogany:
- ªu naharyò tüwüsi mazarlykda ekilipdir-ow - diýenmiº.
Bular naharlaryny iýmän, gije hem geplemän ýatypdyrlar. Ýasawul hem bularyò eden gürrüòleriniò hemmesini bolºy ýaly, patyºa habar beripdir.
Patyºa haýdan-haý enesiniò ýanyna baryp:
- Ene, men gulmudyryn - diýipdir.
Onda enesi:
- Hawa, oglum, sen gulsuò. Seniò ataò menden baºga-da bir gyrnagy satyn alyp, özüne aýal edindi. Ondan hem sen bolduò, menden bolsa bir gyz boldy, ol gyzy gyrnaga berdiler, seni bolsa maòa berdiler. Ine, bu iº ºeýledir, oglum - diýipdir.
Patyºa ondan soò et alnan adamy ýanyna çagyryp:
- Seniò ºu günki soýan malyò haram süýt emdirilenmidi? - diýip sorapdyr.
Ol hem:
- Hawa, patyºam, bir owlagymyz bardy, onuò enesi öldi welin, ganjygymyzy emip ulaldy - diýenmiºin.
Mundan soò, patyºa tüwi satany öz ýanyna çagyryp:
- Sen tüwini nirede ekipdiò? - diýip sorapdyr.
Bu adam:
- Men tüwini pylan mazarçylygyò ýanynda ekipdim - diýipdir.
Patyºa bu oglanlaryò akylyna haýran bolup, bulara kän hormat-hezzet edip, özüniò ýakyn maslahatçysy edip goýanmyºyn.
Ine, ºeýlelik bilen Aýaz han-da, onuò ogullary hem özleriniò iºlerini paýhaslylyk bilen alyp barypdyrlar.


Ertekileri suratlar bilen bezän suratçy Olýa Mämmedowa

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Halk döredijiligi / Ertekiler / Aýaz han

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk