Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

ERTEKILER

 

Akyl we bagt


Bir bar eken, bir ýok eken. Bir zamanda bagt bilen akyl jedel edipdirler. Olaryò jedeli: “Biziò haýsymyz adama iò gerekli?” diýen dawadan baºlanypdyr. Olaryò her haýsy özüni beýlekisinden gerekli hasaplapdyr. Ahyrda bular dawalarynyò arasyny açmakçy bolýarlar.
Bagt baryp, bir kär ýakmaz, iti kowup ýerinde ýatyp ýören ýalta oglanyò baºyna gonýar. Bagt oòa gonansoò, akyl ondan bütinleý aýrylýar.
ªol ýurduò patyºasynyò weziri ogulsyz eken. Ogulsyzlykdan onuò göwni gaty çökgün eken. Wezir bir ýere barýarka, ol oglany göräýýär. Oglanda bagt bolany üçin weziriò gözüne ýakymly görünýär. Dessine wezir ony özüne ogul edinýär. Wezir ogully bolanyna köp ºatlanypdyr. Ol oglany öz ogly hasaplap, iýdirip-içirip, öz öýünde saklaberipdir.
Bir gün wezir ogluny yzyna tirkäp, patyºanyòka gezelenje barypdyr. Patyºa ol oglany ýagºy görüp, oòa bir alma beripdir. Oglan bolsa ol almany hasyr-husur iýipdir. Patyºa bolsa muòa ºatlanyp gülüpdir. Birnäçe wagtdan soò, wezir ogluny alyp, öýüne gaýdypdyr. Ýolda gelýärkäler, wezir ogluna:
- Oglum, patyºanyò beren zadyny ºol bada iýäýmek biedeplik bolar. Ony ysgap-ysgap, goltugyòa salaýmalydyò - diýipdir.
Onda oglan:
- Bolýar, ata. indi patyºa zat berse ºeýle edäýerin - diýipdir.
Birnäçe günden soò, wezir ogluny ýene patyºanyòka myhmançylyga alyp barypdyr. Ol ýerde azrak gürrüòleºip oturansoòlar, bularyò öòlerine nahar gelipdir.
Patyºa bir etli omaçany alyp, weziriò ogluna beripdir. Oglan hem ony ysgaºdyryp, goltugyna salyp oturyberipdir. Muòa patyºanyò wagty hoº bolup gülüpdir. Weziriò bolsa gaty gahary gelipdir we utanjyna ýüzi gyzarypdyr. Ýene öòküsi ýaly, ýola çykýança, ogluna hiç zat diýmändir. Ýolda ogluna:
- Hiý, ºunuò ýaly hem akmaklyk bolarmy? Goltuga salynjak zat bilen salynmajak zady bilmeýärmiò?! - diýip käýinipdir.
Oglanyò bolsa gahary gelipdir. Öýe baranlaryndan soò oglan:
- Bu hili käýinç eºidip ýaºanymdan ýaºamanym gowy - diýip, özüni tamdan taºlamakçy bolupdyr. Ol tamyò üstüne çykyp, gyrasyna gelýär welin, ºol wagt bagt:
- Aý, akyl, ýetiºeweri, oglan elden gitdi - diýip, uly ili bilen gygyryberipdir. Akyl derrew baryp, ºol oglanyò baºyna gonupdyr. Oglan akyllanyp, özüni tamdan taºlamak pikirinden el çekipdir. ªeýdip, dawada akyl ýeòiji bolupdyr.


Ertekileri suratlar bilen bezän suratçy Olýa Mämmedowa

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Halk döredijiligi / Ertekiler / Akyl we bagt

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk