Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

ERTEKILER

 

Ýüz tylla

Gadym zamanda Saraý atly bir eýerçi bolan. Onuò Mämmet diýen ýekeje ogly bar eken.
Günlerde bir gün bu eýerçi özüniò ogluna:
- Eý oglum, men indi garrapdyryn, ugurly zähmet hem çekip bilemok, mundan beýläk uzak hem ýaºamaryn. Bizde ºeýle bir tükenmez mal-döwlet hem ýok. Bütin ömrüme zähmet çekip, üç ýüz tylla gazanyp goýdum. Men seniò geljekde bagtly bolmagyò hakynda alada etmeli, çaga ese-boýa galýança ony saklamak we terbiýelemek ene-atanyò wezipesi. Sen haýsy seneti ýagºy görýärsiò, söwdagär, boljakmy ýa sazanda bolasyò gelýärmi, ýa-da molla boljakmy? Ine, oglum, sen haýsy käri gowy görseò, maòa aýt, men ºoòa göräräk bolaýyn, ºükür ºeýle hem bolmasa-da, birneme pulumyz bar - diýen.
Onda Mämmet:
- Ata, meniò molla bolasym gelenok, sebäbi okamak kyn. Barmaklarymy dutaryò taryna gabartdyryp, bogazymy ýyrtyp, aýdym aýdyp ýörmek hem maòa aòsat düºmez. Söwdegär bol diýseò bolaýyn, sebäbi söwdegärler hiç iº edenoklar, olar dükanda oturyp, ºol çaý içip, gürrüò ediºip, pul gazanyp otyrlar - diýen.
ªundan soò, atasy Mämmet bilen razylaºyp:
- Me, oglum, saòa ýüz tylla, sen baºga ýurtlara git-de, garaburç getir. Satarsyò, sowarsyò, bize-de çaý puly galar - diýen.

Mämmet atasyndan ýüz tyllany alýar-da, söwdegär kerwenlere goºulyp gidiberýär. Bular az ýöräp, köp ýöräp, birnäçe menzil ýol ýöräp, ahyry bir uly ºähere baryp ýetipdirler. Bular saraýda düºüp, dem-dynçlaryny alýarlar. Ertesi her kim öz iºi bilen boluberen. Kimsi zat alýar, kimsi zat satýar. Mämmet hem aýlanyp ýörkä, garaburç satylýan bir dükana barýar. Mämmet dükança: “Ýüz tyllalyk garaburç çekip ber” diýýär. Dükançy çekmäge baºlaýar.
Onýança seretse, Mämmediò ýanyndan adamlar topar-topar bolup geçip, bir ýana howlukmaç gidip barýarlar. ªol iki aralykda garaburçy ýadyndan çykaryp, Mämmet hem bularyò yzyna düºüberýär. Bu adamlar bara-bara bir baga girýärler. Mämmedem bularyò yzy bilen girýär, ynha görse, iki sany oòat geýnüwli adam dutar çalyp, aýdym aýdyp, ºeýle bir saz edýär, hiç ýanyndan aýrylasyò gelmeýär. Bularyò saz-söhbedi Mämmediò göwnüne ýarap: “Wah, menem bagºy bolsam bolmaýarmy” diýip, içini gepledipdir.
Mämmet bagºylaryò ýanyna baryp:
- How, bagºy dostlar, maòa ýedi günde dutar çalmagy öwredeniòiz üçin näçe alarsyòyz? - diýenini özi hem duýman galypdyr.
Bagºylaryò biri:
- Dutar çalmagy ýedi günde öwretmeli bolsa, ýüz tylladan az almarys - diýen.
Mämmet bagºylar bilen razylaºýar we özüniò ýüz tyllasyny bulara bulara berýär. Bagºylar Mämmedi öz öýlerine äkidip, ýedi günde dutar çalmagy öwredýärler, soò Mämmet bagºylar bilen hoºlaºyp, öz ýoldaºlarynyò ýanyna gelýär, görse olar hem eýýäm aljak zatlaryny alyp, taýýar bolup duran ekenler. Onsoò bular ýola düºýärler, az ýöräp, köp ýöräp, öz öýlerine gelýärler.
Mämmediò atasy ogluny görüp begenýär we:
- Ýeri oglum, burçy köp getirdiòmi? - diýip soraýar.
Mämmet bolsa atasyndan hiç zady ýaºyrman, ýüz tylla berip, dutar çalmagy öwrenendigini aýdýar.
Mämmediò atasy muòa ýene ýüz altyn berip:
- Aý oglum, zyýany ýok. “Bir hünärli baý bolmaz, baý bolmasa-da hor bolmaz” diýipdirler. Saòa ynha, ýene bir ýüz tylla bereýin, sen burç alyp gelersiò - diýen.
Mämmet ºol ºähere bakan ýene-de ýola düºen. Ol az ýöräp, köp ýöräp, ahyry ºol dutar öwrenen ºäherine ýetiºen.
Mämmet ol güni dem-dynç alyp, ertir ºol garaburç satýan dükançynyòka barypdyr.
Dükançy:
- Ho, söwdegär dost, sen nirä gitdiò? Men saòa garaburçuòy çekip, köp garaºyp durdum, senbol saò, garaòy salmadyò - diýen.
Mämmet:
- Meniò bar iºim diòe bir gara burç almak däl, men ýüz dükana baryp, söwda etmeli ahyryn - diýip, dükança syr bildirmändir.
Dükançy ýene-de garaburç çekmäge baºlaýar. Mämmediò bolsa gözi daºynda, ynha, birden görse, elleri kitap-depderli oglanlar biri-birleriniò yzyndan ylgaºyp, howlukmaç bir ýere barýar. Mämmet hem garaburç almagy ýadyndan çykarýar-da, olaryò yzy bilen gidiberýär. Bu oglanlar ºol baryºlaryna bir howla giripdirler. Mämmet hem bularyò yzy bilen giren. Ynha görse, oglanlar bir aksakgal adamyò daºyna tegelenip üýºüp, bir zatlary okaýarlar. Mämät ol aksagalyò golaýyna baryp:
- Siz näme iºleýärsiòiz? - diýip soran.
Ol:
- Ynha, men çagalara hat-sowat öwredýärin. Olar geljekde sowatly, akyllay adamlar bolup etiºýärler - diýýär.
Hatly-sowatly bolmak Mämmediò göwnüne makul bolup:
- Maòa ýedi günde ºu hatlaryò hemmesini öwretmek üçin näçe tylla alarsyò? - diýip sorapdyr.
- Ýedi günde hemme hat-sowady öwretmeli bolsa, ýüz tylladan az almaryn - diýen.
Mämmet onuò aýdany bilen razylaºyp, ýüz tyllasyny berip, edi günde hatly-sowatly bolup, obalaryna baka gidiberen. Ol az ýöräp, köp ýöräp, birnäçä menzil ýol ýöräp, öz atasynyò ýanyna barýar we pullaryny hat-sowat öwrenmeklige harçlanyny aýdýar.
Mämmediò atasy oòa göwne deger ýaly hiç zat hem aýtman:
- Bolýar oglum, ynha, iò soòky ýüz tyllamyzy hem al - diýip, ony ýene-de ºol ºähere garaburç getirmek üçin iberipdir. Mämmät ýene-de hälki iki ýüz tylla harçlan ºäherine gelip, bu gün dem-dynjyny alýar, ertesi ºol garaburç satylýan dükana barypdyr welin, ol bagly eken. Mämmet dükanyò baglydygyny görüp, eýläk-beýläk ýaltaklap durka, birden onuò gulagyna : “Aty ur, pili sür, pyýadyny göç, patyºany gaba!” diýen sesler eºidilip ugrapdyr. Mämmet “Allajanlarym, bu nämäniò alamatyka? diýip, dükanyò agzyndan baryp sereden. Ynha görse, bir topar adam baºynagaý bolup küºt oýnaýar eken.
Mämmet birsalym seredip durupdyr welin, bir ýaº ýigit gaty ökdelik bilen ºowhunly oýnaýar eken. Mämmet ol ýigidiò ýanyna baryp:
- How, dost, ºu oýny maòa edi günde öwretmek üçin näçe tylla alarsyò? - diýen.
Oýunçy ýigit:
- Ýedi günde öwretmeli bolsa, öwredenim üçin ýüz tylladan az almaryn - diýipdir.
- Bolýar, ine, al ýüz tyllaòy, ýöne köp gepleme-de, öwretmäge razy bol - diýýär.
ªeýdip Mämmet ýedi günde küºt oýnyny hem öwrenip, puly nämä sowandygyny we özüniò hem ºu ºähere gelmegini sorap, atasyna hat ýazypdyr. Atasy Mämmeidò hatyny alyp, oglunyò ýanyna gelipdir.
Mämmet:
- Eý ata, sen meni bazara elt-de, söwdegärlere kerwençi edip sat, men mazaly gurplanýançam, ýaòky meniò satan puluò bilen eklenersiò - diýen.
Atasy:
- Ýok oglum, men seni gul bazarynda satyp bilmerin, onuò ýaly ‘º bolmaz- diýän. Mämmät bolsa, öz aýdanyna tutupdyr.
Garaz Mämmet: “Meni äkit-de sat” diýip duransoò, atasy näalaç bolup, oglunyò elinden tutup, gul bazaryna eltipdir. Edil ºol wagtlar söwdegärleriò daº ýutrlara kerwen ugradýan wagty eken. Derrew Ýomutbeg diýen bir söwdegär Mämmedi bir tylla satyn alyp gidipdir we söwdegär Mämmedi uzak ýurda kerwen bilen ugradypdyr. Bular az ýöräp, köp ýöräp, çöl meýdanda çala yzgara galan çuò bir guýynyò baºyna baryp ýetipdirler.
Ýomutbeg Memmedi derrew guýa sallap, bir küze suw almaklaryny kerwençilere tabºyrypdyr. Kerwençiler eline küze berip, Mämmedi guýa sallapdyrlar. Mämmet guýynyò düýbüne düºüp görse, bir topar gyzyl-kümüº, ýene gymat baha daºlar bar eken.
Mämmet “Bu guýynyò içinde her hili gymat bahaly zatlar bar” diýip ýoldaºlaryna gygyrypdyr. Olar derrew iki-üç sany halta taºlap, bu zatlary ýokary çekip alypdyrlar. Ýomutbeg bu zatlary görüp: “Mämmede hem paý bermeli bolamaýyn, iò gowsy, muny guýudan çykarmaýyn, goý, ölsün gitsin” diýip, Mämmedi guýuda taºlap, ýüklerini düýelere urup gidiberipdir.
Mämmet näme etjegini bilmän, guýynyò içinde eýlesine-beýlesine ýaltaklap durka, ynha görse, bir gapy barmyº, ony açyp içine girse, bir döw uklap ýatan eken, onuò baº ujunda bir gowy dutar asylgy duran. Mämmet bu dutary alyp, saz çalmaga baºlan.
Döw ýerinden zöwwe galyp:
- Ýeri adamzat, sen bu ýerik nädip düºdüò? - diýen.
Mämmet:
- Ine, ºeýle-ºeýle bolup düºdüm we meni Ýomutbeg guýudan çykarman gitdi - diýipdir.
Döw:
- Sen dutary gaty ºirin çalýar ekeniò, ýogsam seni iýerdim. Meniò hem oglum dutary edil seniò ýaly ºirin labyzly çaýardy, ol hem sen duºly oglandy - diýip aglapdyr.
Mämmet:
- Sen näme aglaýarsyò? - duýen.
Döw:
- Seniò saz çalºyòy diòläp, oglum ýadyma düºdi. Bir gün saz-söhbet edip otyrkak, onuò çüýºedäki janyny men, atanlykda, birden basyp owradaýpdyryn, ana, ondan soò ol öldi - diýipdir.
Soòra ol:
- Indi sazy ºeýle çalºyò üçin, saòa näme hyzmat etmeli? Eger sen isleseò, men ºol kerwenleri ºu ýere getirip, müò janyndan goýman alaýyn - diýipdir.
Mämmet:
- Ýok, beýle etmek gerek däl, gowsy sen meni ºol kerweniò yzyndan ýetiräý - diýen.
Döw Mämmedi göz açyp-ýumasy salymda kerwenleriò yzyndan ýetiripdir.
Mämmet Ýomutbege ýüzlenip:
- Meniò günämi geç, hormatly söwdegär, men guyuda uklap galaýpdyryn - diýip, “daº bilen urany, aº bilen ur” diýenlerini edipdir. Mämmediò beýleki ýoldaºlary bolsa: “Bä, munuò döw ýoldaºy bar eken” diýip, öz aralarynda pyºyrdaºypdyrlar.
Döw Mämmäde ýüzlenip:
- Isleseò, men bularyò baryny kül-peýkun edip, hemme zatlaryny saòa alyp bereýin - diýen.
Mämmet:
- Ýok, beýtmek gerek däl. Bu adamkärçiligiò pes tarapydyr. Onsoòam bu meni satyn aldy, entek bahamy ödäýin - diýip, döwe yzyna gaýtmaga rugsat beripdir.
Ýomutbeg Mämmet ºol gyzyllardan dillär öýdüp: “Gel men munuò eline hat ýazyp, öz ogullarymyò ýanyna ibereýin, onsoò olar muny öldürerler, ºeýdip, mundan dynaryn” diýipdir-de, Mämmede: “Sen meniò atymy münüp yzyòa gaýt, bu haty bolsa meniò uly ogluma ber. Kerwenler oòat, parahatçylykly halda bolýarlar diýip aýt.” diýen.
Mämmet hem: “Bolýar” diýip, bir aty münüp gidiberen. Mämmet az ýöräp, köp ýöräp, bir ýere gelip, dynç almak isläpdir, ol atyny daòyp, ot ýakyp, çaý goýupdyr. Onsoò ol: “Kündük gaýnaýança, gel ºu haty barlap göreýin-le. Ýüz tylla berip öwrenen hat-sowadym ýadymdan çykman durmyka?” diýýär-de, ýaòky haty açyp, okamaga baºlaýar,
Hat: “Ogullarym, menden her biriòize aýratyn salam” diýen setirler bilen baºlanyp, “ªu haty goluòyza beren meniò gulumdyr, bu bize garºy her hili hyýanatlar oýlap tapýar, muny derrew öldüriò!” diýen sözler bilen tamam bolýar eken. Mämmet hem bu haty ýyrtyp, onuò ýerine ºeýle hat ýazýar: “ªu haty beren ýigit bir guýydan örän köp gyzyl we gymmat baha daºlar tapyp, ýarysyny maòa bagyºlady, siz muny gaty gowy hezzet-hormatlap, uly toý beriò!”
Bu iºleri edýänçä, Mämmediò çaýy gaýnaýar. Ol çaý içip, çörek iýip, ýola düºen. Soòra birnäçe menzil ýol ýöräp, ºähere gelip, uly oglunyò öýüni tapýar. Haty ºonuò eline tutdurýar. Söwdegäriò ogullary muòa gaty begenipdirler. Myhmany oòat garºylapdyrlar. Mämmet bu gije hezil edip, dynò alýar. Ol ertir turup, söwdegäriò uly oglundan:
- ªäheriòizde näme gyzykly zat bar? - diýip soran.
Ol:
- Hiç zat ýok - diýip, jogap beren.
- Siziò ýurduòyzy kim dolandyrýar? - diýip, Mämmet ondan soran.
Söwdegäriò ogly:
- Patyºanyò gyzy dolandyrýar. Ol ýaòy-ýakynda: “Meni küºtde kim utsa, ºoòa ere barjak?” diýip, bütin halkyò arasynda jar çekdirdi - diýipdir.
Mämmet:
- Onuò köºgüne nädip baryp bolar? - diýip soran.
Söwdegäriò ogly:
- Ýok, dost, sen oòa gitjek bolup hyýalam etme, ony utmak kyn, eýýäm birnäçe adam janyny gurban etdi, çünki kim utulsa, ol gyz ony öldürdýär, küºtde ol gyzy hiç bir utup bilen ýok - diýen.
Mämmet söwdegäriò oglunyò aýdanyna gulak salman, çaýyny içip, patyºa gyzyò köºgüne ugraýar.
Mämmet köºge girjek bolan wagty bir ýasawul:
- Ýeri ýigit, nirä barýarsyò? - diýip soran.
Mämmet:
- Seniò patyºaòa öýlenmäge barýaryn - diýen.
Ýasawul bu ýigidiò aýdanyny patyºa bolºy ýaly aýdýar we dolanyp gelip:
- “Sen küºdi gowy bilermiò?” - diýip, patyºamyz soraýar - diýen.
- “Gaty gowy bilýär” diýip aýt.
- Seniò mugallymyò kim?
- Öwredeni üçin menden ýüz tylla alan küºtçi ussa.
- Biziò patyºamyz dört döw oýnaýar, ºonuò pesinden üç döwüni utmaly, ºonda utdyò hasap edilýär - diýipdir.
Mämmet:
- Men ºoòa razy - diýen.
- Sen eger utulaýsaò, seni ol gyzyò nätjegini bilýärmiò? - diýän.
Mämmet:
- Bilýärin - diýýär.
- Sen janyòa haýpyò gelýärmi? - diýen.
- Gelýär, ýöne men ony hökman utup, siziò patyºaòyza öýlenerin - diýip, Mämmet jagap beren.
Ýäsawul Mämmedi gyzyò ýanyna alyp baran welin, gyz bu oglany görüp:
- Seniò kelläòi jellatlaryò kesjekdigine meniò haýpym gelýär, sen oglan, bu iºiòden el çek- diýip, Mämmädiò nähili oýnaýandygyndan habarsyz, oòa abaý syýasat edip, howyny basjak bolan.
Mämmet bolsa oòa:
- Men bu ýere iki hili gürrüò etmäge gelemok - diýip, pert jogap berýär.
Patyºa gyzy küºt getirmegi buýurýar we bular oýnap baºlaýarlar. Bu ikisiniò oýunlaryna wezir-wekiller hem gözelçilik edýärler. ªeýdip, birinji döwde Mämmet gyz patyºadan utulýar.
Patyºa gyz Mämmede:
- Seniò üçin häzir hem bir pelle, ºu oýnuòdan el çek, sen utularsyò, meniò utmagym birinji gezek däl, saòa haýpym gelýär - diýän.
Mämmet:
- Sen meni eýle-beýle gürrüòler bilen ezýetlendirme, men birinji gezek seni hormatlap utuldym, biziò ýurdumuzda bir adat bar - myhman küºt oýnanda, öý eýesine hormat ü/in birinji döwde utulmalydyr - diýipdir.
ªeýdip bular oýunlaryny ýene-de dowam etdiripdirler. Mämmet bu gyz patyºany yzly-yzyna üç gezek utupdyr. Töweregindäki halk gaty begenipdir.
Patyºa gyz Mämmede:
- Sen entek meni utaòok, ýene-de bir gezek oýnaly, utulsaò men seni öldürmän, öýüòe goýbererin, utsaò bolsa, onda men ºu gije toý edip, saòa baraýyn -diýen.
Mämmet gyz patyºany bu gezek hem utýar, patyºa gyz goýun soýup, dürli naharlar biºirip, nika gyýdyryp, halka uly toý berip, Mämmede äre çykan. Gyz ertesi Mämmedi gyzyldan tagta mündürüp, öz ýerine patyºa edinmiº. Ine, ºeýdibem Mämmet bu ýurduò patyºasy bolanmyº.
Ondan soò günleriò birinde Mämmet hälki Ýomutbeg diýen söwdegäri ýoldaºlary bilen hiç ýere butnatman, tagta getirmegi ýasawularyna buýurýar. Ýasawular ol söwdegäriò hemmesini Mämmediò ýanyna alyp gelýärler.
Mämmet bulary barladyp, ºol guýudan tapan gymmat baha zatlarynyò hemmesini alyp, garyp -gasarlara paýladýar, bir tyllany bolsa Ýomutbege berip: “Ynha, ºu tylla ºol meniò baham üçin atama beren puluò. Indem bir adama ºu maòa eden hyýanatyò ýaly zat edäýseò, seniòki ölümdir. Bilip goýgun, patyºa bolsa meniò özümdirin” diýip, ony kowup goýberipdir.
Mämmet gidip, atasyny hem öz ýanyna göçürip, maksatmyradyna ýetipdir.


Ertekileri suratlar bilen bezän suratçy Olýa Mämmedowa

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Halk döredijiligi / Ertekiler / Ýüz tylla

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk