Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

EPOSLAR


DÖWHE GOJA OGLY
DÄLI DUMRUL BOÝUNY BEÝAN EDER

Oguz illerinde Döwhe goja ogly Däli Dumrul diýen bir är bardy. Ol bir gury çaýyò üstünden köpri ýasap, kim ºondan geçse, otuz pul alyp, geçmedikden bolsa ura-ura kyrk pul alardy.
Beýle etmeginiò sebäbi, onuò özüne göwni ýetýändigindendi. Ol: “Dünýäde meniò bilen söweºer ýaly menden däli, menden güýçli är barmyka, bir meniò bilen söweºse, meniò adym Ruma, ªama ýaýrasa!” diýip öwünerdi we yrsarardy.
Bir gün ºol köpriniò ýamajyna bir oba göçüp geldi. ªol obada bir ýagºy ýigit ölýär. Kim ogul diýu, kim gardaº diýu, aglaºarlar. Ol ýigit üçin uly ýas baglandy.
Nägehandan Däli Dumrul ºol oba çapar ýetdi. Aýdar:
- Meniò köprimiò ýanynda näme üçin aglarsyòyz, bu ýas, bu gowga näme? - diýip, olaryò üstüne gygyrdy.
Olar:
- Hanym, biziò bir ýagºy ýigidimiz bardy, ºol öldi, ºonuò üçin aglaºarys-diýip jogap berdiler.
Däli Dumrul:
- Siziò ol ýigidiòizi kim öldürdi? - diýdi.
Olar:
-Allatagaladan buýruk boldy, al ganatly Ezraýyl onuò janyny aldy...-diýdiler.
Däli Dumrul:
-Ol adamyò janyny alýan Ezraýyl diýýäniòiz kimdir? - diýip sorady. - Eý, kadyr Alla, barlygyò haky üçin Ezraýyly bir meniò gözüme görkez, onuò bilen bir söweºeýin, çekiºeýin, bu ýagºy ýigitleriò janyny almaz ýaly edeýin! -diýip dolanyp, öz öýüne bardy.
Hak tagalaga Dumrulyò sözi ýaramady. -Serediò-le, ol däli meniò birligimi bilmez, ºükür kylmaz, meniò uly dergahymda men-menlik eýlär-diýdi, Ezraýyla buýruk berdi:
-Eý, Ezraýyl! Bar, ol Däliniò gözüne görün, meòzini sarardyp, harladyp janyny algyl! - diýdi.
Däli Dumrul ýigitleri bilen öz öýünde iýip-içip oturardy. ªol wagt Ezraýyl onuò ýanyna geldi, onuò girenini gapy saklaýanlar hem görmediler. Birden-de Däli Dumrulyò görer gözi görmez boldy, tutar elleri tutmaz boldy, dünýä-älem onuò gözüne garaòkyrap göründi.
Däli Dumrul Ezraýyla garap gygyrdy:
-Sen ne haýbatly goja sen, gapyçylar seni görmedi, çawuºlar seni duýmady, meniò görer gözüm görmez boldy, ellerim ysmaz boldy, meniò janym joºa geldi, altyn käsäm elimden gaçdy, agzymyò içi buz kibi boldy, süòklerim toz kibi boldy. Eý, sakgaljygy akja goja, gözjagazy çöòòe goja, ne haýbatly goja sen, diýgil maòa! -diýdi.-Gadam belam tokunar, bu gün saòa! -diýdi.
Muòa Ezraýylyò gahary gelip:
-Eý, Däli, gözümiò çöòòeligini ne halamaz sen. Men gözi owadan gyzlaryò, gelinleriò janyny köp aldym. Sakgalymyò aklygyny ne halamaz sen, ak sakgally, gara sakgally ýigitleriò janyny köp aldym. Ine, sakgalymyò aklygynyò manysy budur-diýdi. -Hä, ýeri, sen: “Ezraýyl bir elime düºse, ony öldürip, ýagºy ýigitleriò janyny onuò elinden gutararyn” diýerdiò. Ynha, men seniò janyòy almaga geldim. Janyòy berermiò ýa-da meniò bilen jeò edermiò? - diýdi.
Däli Dumrul:
-Hä, ºol al ganatly Ezraýyl senmi? - diýdi.
Ezraýyl:
-Hawa, men - diýdi.
-ªu ýagºy ýigitleriò janyny alýan hem senmi?
-Hawa, men.
Däli Dumrul:
-Aý, saklawlar, gapylary ýapyºdyryò! - diýip gygyrdy. Soòra
Ezraýyla garap:
- Men seniò bilen giò ýerde duºuºmagy arzuw ederdim. Emma dar ýerde elime düºdüò, indi men seni öldürip, ýagºy ýigitleriò janyny gutararyn! - diýdi.
Ol gara gylyjyny syryp, Ezraýyly çapmak üçin hemle kyldy.
Ezraýyl kepderi sypatyna öwrülip, penjireden çykyp uçup gitdi.
Däli Dumrul el çarpyp loh-loh güldi.
-Ýigitler, görüò Ezraýyly, men ony gaty gorkuzdym, ol gyssanjyna giò gapyny taºlap, dar penjireden guº bolup uçup gitdi, her ýere gitse-de, men ony sypdyrmaryn!-diýdi.
Ol ýaraglanyp atlandy, kowup gitdi, meýdanda bir-iki sany gögerçini öldürip, öýüne gaýtdy.
Ýolda Ezraýyl onuò atynyò gözüne göründi - at ürkdi. Däli Dumruly göterip, ýere çaldy. Ezraýyl onuò üstüne münüp, bogup baºlady. Däliniò bogazy harlamaga baºlady.
Däli Dumrul:

-Aý Ezraýyl, aman!

Taòrynyò birligine ýokdur güman,
Men seni beýle bilmez idim,
Ogryn jan aldygyò duýmaz idim,
Depesi beýik biziò daglarymyz bolar,
Ol daglarymyzda baglarymyz bolar,
Ol baglaryò gara salkymlary - üzümi bolar,
Ol üzümi sykarlar-al ºeraby bolar.
Ol ºerapdan içen esrik bolar,
ªeraplar iýdim-içdim doýmadym-
Ne sözledim, bilmedim,
Beglik bile osmadym.
Ýigitlik bile duýmadym -
Janym alma, Ezraýyl, medet!

Onda Ezraýyl aýtdy:
-Aý, Däli, maòa näme ýalbarar sen? Allatagala ýalbar. Men hem bir ýumuº oglany, baºga bir elimden gelýän zat ýok.
Däli Dumrul:
-Ýa-da jan berip, jan alýan Allatagalamy? -diýdi.
- Hawa, ºonuò özüdir.
-Onda sen bu ýerde näme iºlär sen? Sen aradan aýryl, men Allanyò özi bilen habarlaºjak.
Soòra ol Alla ýüzlenip:
-Sen hemmelerden belent sen, sen musulmanlar dilinde hemiºe ýatlanar sen. Eger meniò janym almakçy bolsaò, özüò al, meniò janymy Ezraýyla aldyrma!-diýdi.
Däli Dumrulyò bu sözleri Hudaýa hoº geldi:
-Eý, Ezraýyl, däli meniò birligime ºükür kyldy; eý Ezraýyl, Däli Dumrula söýle: eger Däli Dumrul jan ýerine jan tapyp berse, onuò öz jany azat bolsun!
Däli Dumrul aýdýar:
-Men nähili jan tapaýyn? Ýöne meniò garry atam bilen garry enem bar. Gel ºolaryò ýanyna gideli, belki, ikisinden biri janyny berer.
Däli Dumrul sürdi, atasynyò ýanyna geldi, onuò ellerinden ogºap, söýlemiº, göreliò, ne söýlemiº:
-Ak sakgally, eziz, yzzatly, janym atam, eºider bolsaò, ºeýle bir waka boldy: küpür söz sözledim, bu sözler hem Hudaýa ýaraman, Ezraýyla buýruk beripdir. Ezraýyl uçup gelip, garnyma basyp mündi, hyrryldadyp meniò süýji janymy alar boldy. Men indi senden jan dilär men. Sen janyòy berermi sen, ýogsa “ogul, Däli Dumrul!” diýu aglarmy sen?
Onda atasy aýdar:
-Ogul-ogul, aý ogul, janymyò parasy ogul, dogdugynda, dokuz bugra öldürdigim, arslan ogul, tüýnügi altyn bowun ak öýümiò gabsasy ogul, gaza meòzär gyzymyò, gelnimiò bezegi ogul. Eger garºyda ýatan gara dagym gerek bolsa, söýle Ezraýyla, gelsin onuò ýaýlasy bolsun. Teble-teble ºabaz atlarym gerek bolsa, oòa minit bolsun. Hatar-hatar düýelerim gerek bolsa, oòa ýüklet bolsun. Agyldaky akja goýnum gerek bolsa, oòa iýmit bolsun. Altyn-kümüº pul gerek bolsa, oòa harçlyk bolsun. Emma meniò üçin dünýä we ºirin jan süýjüdir, men janymy gyýa bilmen, sen ºony belli bilgil. Ýöne söýgüli eneò ýanyna bar, belki, ol janyny berer.

Däli Dumrul atasyndan ýüz tapman, sürüp enesiniò ýanyna bardy. Ol aýdar:
-Ene, bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganatly Ezraýyl uçup geldi, meniò göwsüme basyp mündi, harladyp janymy alar boldy. Atamyò ýanyna jan diläp bardym - bermedi. Sen näder sen, janyòy berermi sen, ýogsa saçyòy ýolup, ýüzüòi ýyrtyp: “Ogul, Däli Dumrul!” diýu aglarmy sen? Ajy dyrnak ak ýüzüòe çalarmy sen? Garga kibi gara saçyò ýolarmy sen? Ene!
Bu ýerde enesi söýlemiº, göreliò, ne söýlemiº.
Enesi aýdar:

Ogul-ogul, aý ogul!
Dokuz aý dar garnymda göterdigim ogul,
On aý diýende, dünýä ýüzüne getirdigim ogul,
Dolap-dolap ak süýdümi emdirdigim ogul,
Akja burçly hysarlarda tutulaýdyò, ogul,
Sasi dinli gäwür elinde tutulaýdyò, ogul,
Altyn akja güýjüne sygyban, seni gutaraýdym, ogul,
Ýaman ýere barmyº sen - bara bilmen.
Dünýä ºirin, jan eziz, janymy gyýa bilmen,
Belli bilgil.

Enesi hem janyny bermedi. Ezraýyl Däli Dumrulyò janyny almaga geldi.
Däli Dumrul aýdar:
-Aý, Ezraýyl, aman!
Taòrynyò birligine ýokdur güman.
Onda Ezraýyl aýdar:
-Ýeri Däli, indi näme aman dilär sen? Ak sakgally ataò ýanyna bardyò-jan bermedi. Ak bürenjekli eneò ýanyna bardyò, jan bermedi, dagy kim jan berse gerek!
Däli Dumrul aýtdy:
-Meniò aýalym bar, iki çagam bar, meniò olara aýtjak zatlarym, etjek wezýetlerim bar. Maòa biraz rugsat ber, ºondan soò janymy alar sen.
Ol sürdi, aýalynyò ýanyna bardy, aýdar:
-Bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganatly Ezraýyl uçup geldi, meniò göwsüme basyp gondy, meniò ºirin janymy alar boldy. Atamyò ýanyna bardym-jan bermedi, enemiò ýanyna bardym, jan bermedi, “Dünýä ºirin, janymyz süýji” diýdiler. Indi:

Ýüksek gara daglarym saòa ýaýlag bolsun,
Sowuk-sowuk suwlarym saòa içit bolsun,
Teble-teble ºabaz atlarym saòa minit bolsun,
Tüýnügi altyn bowun öýüm saòa kölge bolsun,
Hatar-hatar düýelerim saòa ýüklet bolsun,
Agylda akja goýnum saòa ºüwlen bolsun,
Gözüò kimi tutarsa,
Köòlüò kimi söwerse,
Sen oòa bargyl.
Iki oglanjygym oòsuz goýmagyl-

diýdi.
Onuò aýaly söýlemiº, göreliò, ne söýlemiº:

Ne diýer sen, ne söýlär sen,
Gözüm açyp gördügim,
Köòül berip söwdügim,
Goç ýigidim, ºa ýigidim,
Datly damak berip soruºdygym,
Bir ýassykda baº goýup, emiºdigim.

Garºy ýatan gara daglary senden soòra men neýlärem,
Ýaýlar olsam, meniò görüm olsun,
Sowuk-sowuk suwlaryò içer olsam,
Meniò ganym olsun,
Altyn akjaò harçlar olsam,
Meniò kepenim olsun,
Teble-teble ºabaz atyò müner olsam,
Tabytym olsun,
Senden soòra bir ýigidi söwüp barsam, bile ýatsam,
Ala ýylan bolup meni soksun.
Seniò ol muhannes eneò-ataò
Bir janda näme bar, saòa gyýmandyrlar!
Arº tanyg olsun!
Kürs tanyg olsun, ýer tanyg olsun,
Gök tanyg olsun, kadyr taòry tanyg olsun-
Meniò janym, seniò janyòa gurban bolsun!-

diýip, janyny bermäge razy boldy.
Ezraýyl ol aýalyò janyny almaga geldi. Emma adamsynyò ýoldaºyna gözi gyýmady. Ol Hudaýa ýalbaryp baºlady.
-Eý, uly Taòrym! Uly ýollar üstünde seniò üçin ymaratlar saldyraýyn, aç görsem, doýraýyn - seniò üçin; ýalaòaç görsem, don edeýin - seniò üçin; alsaò, ikimiziò janymyzy bile al, goýsaò hem, ikimiziò janymyzy bile goýgul! - diýdi.
Däli Dumrulyò bu sözleri Hudaýa hoº ýakdy, ol Ezraýyla emr etdi.
-Däli Dumrulyò atasynyò, enesiniò janyny al, ol iki halala ýüz kyrk ýyl ömür berdim!-diýdi. Ezraýyl onuò ata-enesiniò janyny aldy.
Mundan soò Däli Dumrul öz ýoldaºy bilen ýüz kyrk ýyl ýaºady.
Dädem Gorkut gelibän, boý-boýlady, söý-söýledi: “Bu boý Däli Dumrulyòky bolsun, muny menden soòraky alp erenler söýlesin, alny açyk jomart erenler diòlesin - diýdi. - Ýom bereýin hanym, ýerli gara daglaryò ýykylmasyn, kölegelije gaba agajyò kesilmesin, akgynly görkli suwuò guramasyn”.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Halk döredijiligi / Eposlar / Döwhe goja ogly Däli Domrul boýuny beýan eder

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk