Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

DESSANLAR


Ybraýym Halyl

Rowaýatçylaryò aýtmaklaryna görä, bu dessana “Ybraýym Halyl” hem-de “Ybraýym Halylylla” diýer ekenler. Bu rowaýatda aýdypdyrlar “Bu dünýäden bir ýüz ýigrimi dört müò pygamber geçdi. Olarnyò ulusyna Ybraýym Halylylla diýer ekenler”.
Ybraýym Halylylla bu jahana iberilende oòa üç zat berlen. Olarnyò birinjisi sahu-jemallyk-owadanlyk, ikinjisi baýlyk, üçünjisi bolsa Pygamberlikdir. Ybraýym Halyl bu jahana gelip, niçime ýyllar pygamberlik sürdi. Ahyry bir gün Gurban aýynyò dokuzy diýlen güni Ybraýym Halyl agºam namazyny okap, mal-garalaryna gümra bolmak bilen boldy. Ine, ºol wagt birden Jebraýyl essalamyò ganatlarynyò owazy gulagyna geldi. Ol owazdan ºeýle sözler eºidildi:
- Eý, Ybraýym Halyl, seniò baºyòda agyr bir hupbat bar. Sen... gurban çalmaly.
Ybraýym Halyl ºol owaza kalbynda razylyk jogabyny berdi.
- Lepbeý perwerdigär - diýip, ol owazga jogap gaýtardy. ªol günüò ertesi Gurban aýynyò ony güni diýlende namazyny okap, gurban çalyp baºlady. Ol niçeme garyp-gasarlaryò, ýetim-ýesirleriò garnyny doýurdy. Üç günläp gurbanlyk etdi. Emma dördünji güni Ybraýym Halyl ertir namazyny okanda, ýene Jebraýyl essalam gelip aýtdy:
- Eý, Ybraýym Halyl, seniò bu kesen gurbanlygyòy Alla kabul kylmady. Indi sen bu dünýäde iò eziz görýän zadyòy gurban çalmasaò, huda ºondan baºgasyny kabul kylanok.
Ybraýym oturdy-turdy, pikir etdi: “Be, meniò bu dünýäde iò eziz görýän zadym nämekä?! Mal-gara bolsa, ola-ha hudanyò ýoluna. Aýalym Bibihajar, olam bir aýaldyr-da näme! Ýa ol eziz diýilýän zat meniò oglum Ysmaýyl janmyka?” Ol bu sözni ýene ençeme gezek gaýtalap aýtdy. “Ýa eziz oglum Ysmaýyl janmyka?”..
ªol wagt:
- Hawa, hawa, Ysmaýyldyr - diýip, Jebraýyl essalam ºowurdap asmana galdy. Bu sözlerni eºiden Ybraýym Halylnyò ini tikenekläp gitdi. Gözleri gubarlady. Süòòi gowºap, ysgyn-mygardan gaçdy. Nähilem bolsa, Bibihajar Ybraýym Halylyò aýaly, ol habarny oòa aýdar boldy.
- Eý, Bibihajar, hudadan bizge ºeýle bir buýruk geldi. Biz hudanyò buýrugyna kaýyl bolmalydyrys. Onuò buýrugyny berjaý kylmalydyrys. Ol bize buýruk edipdir. Biz oglumyz Ysmaýyl jany gurban çalmaly bolduk. Ony sen nähili görýäò? Hak buýrugydyr bi - diýdi.
Onda Bibihajar aýtdy:
- Eý, pygamberimiz Ybraýym Halyl, eger-de hudadan buýruk gelen bolsa, ola-ha bir ogul, ýüz oglam bolsa gurban çalmaly bolarys...
Hawa, bu halda Bibihajar Ybrajýym Halyla göwünlik berdi. “Ýeri, aýallygyny edip, ºermendeligine tutup, uly ili bilen aglap, dadyperýat edip, goh ediberse nädersiò? “Onyò bolmaz” diýip, gygyryp dursa nätjek? Nähilem bolsa ol göwünlere teselli berdi”. Soò Ybraýym Halyl aýtdy:
- Bibihajar, onda hany Ysmaýyl jan nirede? - diýdi. Bibihajar az-kem gamlanyp:
- Ysmaýyl jan bu mahal molladadyr, ol okuwdadyr. Mollada okap oturandyr - diýdi.
Ybraýym Halyl ogly Ysmaýyl jany molladan alyp gelmek üçin mekdebe gitmekçi boldy. Ol wagtlar Ysmaýyl jan on dört ýaºyndady. Ýedi ýyl bäri ol mollada okardy. Ders-sapaklar alardy.
Haknyò buýrugyna yrza bolup, Ybraýym Halyl ogly Ysmaýyl jany alyp gelmek üçin onuò okaýan mekdebine tarap ugrady. Ybraýym Halyl mekdebe ýakyn baranda, oglanlary okadýan ahun çagalara sapak berip, özi bir sebäp birlen daº çykypdy. Ine, görse, bir tarapdan Ybraýym Halyl ýetip gelýär. Ahun Ybraýym Halylny görüp, derhal onuò öòünden çykdy. Ol ikewler salamlaºdylar. Saglyk-amanlyk soraºdylar. Ondan soòra ahun nazar salsa, Ybraýym Halylnyò gözlerinde ýaº, ýüzünde bolsa gan-pet ýok, asla onuò ýüzünde adam ruham galmandyr. Ahun Ybraýym Halylnyò bu bolºuny görüp, oòa haýran galdy. Sebäbi ol pygamberini henize-bu güne çenli ºeýle halda görmändi. ªu ýerde ahun pygamberiniò egnine elini goýdy. Soòra ol aýtdy:
- Pygamberimiò Ybraýym Halyl, aýdyò siz, ne ahwalat bar, ne syr bar. Ony bize beýan kylyò. Näme ahwalat bolan bolsa, olarny maòa aýdyò - diýdi. ªu ýerde Ybraýym Halyl Ysmaýyl jany okadýan ahuna garap, baºa gelen ahwalatny beýan edip bir söz diýdi:

Ýalòyz perzendimiò eziz pederi,
Ysmaýyly gurban dilär hudaýym.
Budur bize haknyò beren gadyry,
Ysmaýyly gurban dilär hudaýym.

Ysmaýyl jan gurban üçin gelipdir,
Bu iºlerge aklym haýran bolupdyr,
Bu dünýäde kimler ölmän galypdyr,
Ysmaýyly gurban dilär hudaýym.

Diòle indi Ybraýymnyò sözüni,
Ýaradandan aýra tutmaz özüni,
Hak ýanynda gara kylma ýüzümni,
Ysmaýyly gurban dilär hudaýym.

Ybraýym Halyldan bu sözni eºiden ahun gözlerini ýumdy. Süòòi gowºap gitdi. Göýä onuò gözleriniò öòünde Ysmaýyl janyò damagy çalnyp barylýana döndi. Ahun ep-esli wagtlap sandyrap durdy. Ahun bir zamandan soò özüne gelip, elini Ybraýym Halylnyò eline goýdy:
- Eý, pygamberimiz Ybraýym Halyl, siz bu hudanyò ýaradan bir bendesi. Allanyò iò eziz görýäni sizsiòiz. Dini yslam ymmatynyò eýesi sizsiòiz. Hudanyò eden iºine närazy bolmagyn. Hak buýrugyna barça kaýyldyr - diýip, Ybraýym Halyla göwünlikler berip, bir söz diýdi:
Ymmatyò eýesi Ybraýym Halyl,
Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim!
Bize kysmat etdi ýaradan Jelil,
Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim!

Ysmaýyl jan meniò jigerim görki,
Älemiò guwanjy, jahanyò görki,
Gözümiò göreji, bilimiò berki,
Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim!

Gördüòizmi bu jahandan doýany,
Heý, barmyka ºum ajalnyò goýany,
Adamyò ganaty, ýeriò bezegi,
Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim!

Ahun aýdar bu gün aýralyk güni,
Razydyryn bu gün soýsalar meni,
Jahanda amanat bu dünýe maly,
Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim!

Ahundan bu sözlerni eºidip, Ybraýym Halyl aýtdy:
- Hak buýrugyna alaç bolmaz, ahunym. Ol berjaý kylynmalydyr. Mundan zyýat gep bolup bilmez. Allaga ikilik bolmaz. Bar, ahunym, meniò balam Ysmaýyl jany çagyr - diýenden Ysmaýylny çagyrmaga gitdi. Ahun çagalaryò okap oturan jaýyna baryp girdi. Ahun jaýa baranda çagalar çök düºüºip, tegeleniºip okaºyp otyrdylar. Ahun seredenden Ysmaýyl janyò ºöhlesini, onuò mährini görüp, onuò dili basyldy. Oòa bu ýowuz habaryny aýda bilmedi. Ol eýläk-beýläk ýöredi, emma ýene dili diýen etmedi. Bu ýowuz habaryny ahyry aýtmalydygy ýadyna düºdi. Ol göwnüni bire baglap, bu habarny aýtmakçy bolup, ilki Ysmaýyl janyò çat maòlaýyna geçip, onuò maòlaýyndan ogºap, oòa aýtdy:
- Eý, Ysmaýyl jan, balam, daºarda ataò Ybraýym Halyl durandyr. Ol saòa garaºyp dur. Ol seni çagyrýar, Ysmaýyl jan - diýip, sözüni oòa aýdarman boldy:
Älemniò bezegi, jahan çyragy,
Ysmaýyl jan, ataò çagyrýar seni.
Dawut aždar bolan dünýä diregi,
Ysmaýyl jan, ataò çagyrýar seni.

Tiz bol balam, ataò girýan bolmasyn,
Gül ýüzüòe hijran ody çoýmasyn,
Muny görüp, ºeýtan horram gülmesin,
Ysmaýyl jan, ataò çagyrýar seni.

Hak iºine çäre barmy, dermany,
Zowal barmy, haknyò kylan permany,
Ýoldaº borsuò, balam, hüýri-gulmana,
Ysmaýyl jan, ataò çagyrýar seni.

Ahun aýdar, hazan degdi gülüme,
Ylym berip, guwanjakdym boýuòa,
Huda jennet gülün düºär ýoluòa,
Ysmaýyl jan, ataò çagyrýar seni.

Ahunyò bu sözlerini eºiden Ysmaýyl janyò ini dyglap gitdi. Ol bir belanyò barlygyny bildi. ªonda-da hiç bir zatdan habarsyz ýaly bolup, tarsa ýerinden turdy, elini döºüne goýup: “Lepbeý, mollam” diýip, tagzym edip durdy. Soòra ol gapa tarap ugrady. Emma ol gapa ýetmänkä, ahun beýleki oglanlara gözüni ümledi. “Siz bir sellem daº çykyò” diýen yºaraty kyldy. Ahun Ysmaýyl jany alyp daº çykdy. Görse, atasy elini döºüne goýup, elip ýaly bolup, ýüzüni aºak salyp dur. Onuò ýüzlerinde gan-pet ýok. Ruhy öçene meòzeº. Ony görüp, Ysmaýyl janyò ini dyglap gitdi. Ol ºonda-da atasynyò göwnüne zat getirmejek bolup, ylgap gelip, gülümjiräp, atasyna salam berip, oòa garap bir söz diýdi:
Essalawmaleýkim, eziz pederim,
Men seni hoº gördüm bu gün, jan atam.
Maksada ýetiren jennetde hüýrüm,
Men seni hoº gördüm bu gün, jan atam.

Neçün bu gün ýüzüò gamgyn salar sen,
Bilmen ne külpetler özüò alar sen,
Bilmen neçün syryò menden gizlär sen,
Men seni hoº gördüm bu gün, jan atam.

Janym atam, bir söz diýgin sen maòa,
Boýnum burup, gulak goýaýyn saòa,
Kadyr Alla rehim kylsyn zaryòa,
Men seni hoº gördüm bu gün, jan atam.

Ysmaýyl diýr bu gün on dört ýaºymda,
Boýnum burup, tagzym edýän gaºyòda,
Perwaz eýläp, men aýlansam daºyòda,
Men seni hoº gördüm bu gün, jan atam.

ªu ýerde Ybraýym Halyl ogly Ysmaýyly gujaklap, ony bagryna basdy. Ysmaýylyò aýaklaryndan hem maòlaýyndan ogºady. Soòra ol aýtdy:
- Ysmaýyl jan, ýör oglum öýe gideli. Men kadyr hudaga boýun boldum.
Onuò: “Ysmaýyl jan, seni gurban çaljak” diýmäge birbada dili barmady. Ol syrny birbada aýda bilmedi. Näler aýtjak bolýar, ýene bolanok, onuò dili basylýar. Teýahyr näme diýjegini bilmän:
- Ýör, oglum Ysmaýyl jan, ýör, öýe gideli. Ýör, balam, gideli - diýip, ogly Ysmaýyl jana garap, ýaýdana-ýaýdana bir söz aýtdy:
Älemde guwanjym, ýeke perzendim,
Ysmaýyl jan, ýör öýmüze ýör indi.
Jigerim, daýanjym, jennetim, genjim,
Ysmaýyl jan meniò bilen ýör indi.

Ne diýer sen ataò eden iºine,
Rehim eýlegin gözden akan ýaºyna,
Çarhu-pelek tor gurupdyr daºyma,
Ysmaýyl jan meniò bilen ýör indi.

Ylym berip guwanjakdym baºyòa,
Ne kylsa yrza men hakyò iºine,
Hudanyò edeni köòül hoºuma,
Ysmaýyl jan meniò bilen ýör indi.

Ybraýym diýr, bu gün dünýä azary,
Hemmäniò üstünden geçýär güzeri,
Hak her kime bir salypdyr nazary,
Ysmaýyl jan meniò bilen ýör indi.

Ybraýym Halyl ogly Ysmaýylga ýene aýtdy:
- Wah, ylym berip, boýlaryòa guwanyp bakjakdym. Hak iºine çäre bolmaz. Ýör ogul - diýdi.
ªonda-da hiç bir syrdan zat bilmeýän ýaly bolup, Ysmaýyl jan:
- Ýör atam, ýör. Indi gideli -diýdi.
Ybraýym Halyl ogly Ysmaýylnyò elinden tutup, soòra ol öýe tarap ýöredi. On-on bäº ädim ädip, Ysmaýyl jan yzyna garady. Görse, ýedi ýyl okadan ahuny ak sellesini tegeläp, olarnyò yzyndan garap, gözlerinden ýaº akdyryp dur. Gapdalynda ýedi ýyllap bile okan dostlary bularam hiç bir zada düºünmän, gözlerini tegeleºip durlar. ªu ýerde Ysmaýyl jan atasyny gujaklady-da:
- Eý, atam, janym atam, bir azajyk saklan. Men ahunym bilen hoºlaºaýyn - diýip, atasyndan rugsat aldy-da, ylgap baryp ahunyò boýnundan asyldy. Ahunam Ysmaýylny gujaklap, ony ýokary göterip, aýagyny ýere degirmän, esli wagt saklady. Görse, ahunyò gözünden akýan ýaº Ysmaýyl janyò ýüzüne damýar. ªu ýerde:
- Eý, ahunym, ýedi ýyl men seniò eliòde okadym. Bir ýalòyºlyk, säwlik bolandyr. Siziò göwnüòize degen ýerim bolandyr. Bu ýagdaýlarga düºünemok. Eger men gaýdyp gelmesem, menden razy boluò - diýip, ol ahuny bilen hoºlaºyp, oòa garap, bir söz aýdar boldy:

Atama deò bolan eziz pederim,
Dolanyp gelmesem, menden yrza bol.
Medetkärim bolsun kadyr hudaýym,
Gaýdyban gelmesem, menden yrza bol.

Bilmen ne çün atam äkider meni,
Ýere salyp durar gamgyn ýüzüni,
Bilmen ne köòüle salar özüni,
Gaýdyban gelmesem, menden yrza bol.

Hyzmat eýläp gullugyòda durjakdym,
Sapak okap, ençe ylym aljakdym,
Gurhany men didelerme syljakdym,
Gaýdyban gelmesem, menden yrza bol.

Ysmaýyl diýr, gözüm açyp görenim,
On dört ýaºa çenli ylym berenim,
Biý mollada okan dosty-ýaranym,
Gaýdyban gelmesem, menden yrza bol.

ªu ýerde ahun Ysmaýyl janyò ýüzüne garap, onuò maòlaýyndan, ýüzünden ogºady. Ysmaýylny ýene bagryna basdy. Soòra ol aýtdy:
- Eý, Ysmaýyl jan, biz senden müòde bir razydyrys. Senem bizden razy bolgun - diýip, gözlerinden ýaº akdyryp duran ahun Ysmaýyl jana garap, bir söz aýdarman boldy:
Bize kysmat ozaldan,
Ýaradan permana, balam.
Hiç bir çäre gelmez elden,
Ýaradan permana, balam.

Çarhy pelek çarhyn çalan,
Kimler aglap, kemler gülen,
Seni bizden aýra salan,
Ýaradan permana, balam.

Kimse mundan ädim äden,
Kimse doýan, kimsi dadan,
Seni bizden alyp giden,
Ýaradan permana, balam.

Ahun aýdar jana tenden,
Müò bir yrza balam senden,
Senem razy bolgun menden,
Ýaradan permana, balam.

Ahun ýene Ysmaýyl jany bagryna basyp, onuò maòlaýyndan ogºap, arkasyndan sypady-da, oòa soòky gezek garap:
- Bar, Ysmaýyl jan, saòa Alla garaºyk etsin - diýdi. Soòra Ysmaýyl jan atasynyò ýanyna ylgap gitdi. Atasynyò ýanyna gelip:
- Ýör, atam, indi gideli - diýip, ol atasynyò elinden tutdy. Ataly ogul ýola düºdüler. Ybraýym Halyl ogly Ysmaýylny özüniò sag taýyndan ýöretdi. Ol oglunyò kä kellesinden, kä-de egninden sypap barýar. Özem pikir edýärdi. “Ýeri, indi Ysmaýyl jany ol ýere eltmänkäm bu syrny aýtsammykam, eger bu syry oòa aýtman eltsem-ä bolmaz” diýip, içini gepletdi. Ýene dili basylyp diýen etmedi. Ýeri, Ybraýym Halyl nädip aýtsyn. Eger aýtmalam bolsa, oòa “OglumYsmaýyl jan, oglum, ºol ýere baryp, seniò damagyòy çaljak” diýip aýtsynmy? Aýtmakçy bolsaòam-a diòe ºeý diýmeli. Ybraýym Halyl näçeler aýtjagam bolsa bolmady, dili basyldy. Ahyry oòa tirkeºip, orta ýola baryberenlerinde Ybraýym Halyl sakga durdy. Oglunyò ýüzüne garap: “Eý, oglum Ysmaýyl jan, sen indi bäri bakgyl” diýdi. Ysmaýyl jan atasyna garady. ªu ýerde Ybraýym Halyl aýtdy:
- Eý, oglum Ysmaýyl jan!
- Näme, atam, näme? - diýip, Ysmaýyl jan atasyna seretdi. Ýene Ybraýym Halyl dillendi.
- Eý, oglum, men seni häzir öýe alyp barýan. Emma näme üçin alyp barýanymam sen entek bileòok.
Ysmaýyl atasyna garap:
- Bilemok, atam, men hiç zat bilemok. Aýtgyl, atam, öýümize myhman-mediwan geldimi? Ýa eneme dagy bir zat boldumy? - diýdi.
Ybraýym Halyl oglunyò ol sowallaryna jogap aýtdy:
- Wah, balam, myhman-mediwanyò çaky bolan däldir. Sen bäri gulak salgyl - diýip, ogly Ysmaýylny näme üçin alyp barýanyny beýan edip, ogluny bagryna basyp, orta ýolda bir söz diýdi:

Bu iºler bizlere geldi hudadan,
Gurban üçin alyp barýan, jan balam.
Iki dünýe yrza bolgul sen menden,
Gurban üçin alyp barýan, jan balam.

Ne diýer sen ataò eden iºine,
Rehim eýlegil gözden akan ýaºyma,
Çarhy-pelek tor gurupdyr daºyma,
Gurban üçin alyp barýan, jan balam.

Ybraýym diýr, sendiò köòlümiò hoºy,
Ýaòy on dördüòe ýetirdiò ýaºy,
Sen bolarsyò hüýr gyzlaryò ýoldaºy,
Gurban üçin alyp barýan, jan balam.

Atasy Ybraýym Halyldan bu sözlerini eºiden Ysmaýyl jan teswir güldi-de, ºol ýerde ol aýtdy:
- Eý, atam, sen meniò janym atam, ertirden bäri ýüzüòi sallap, gamgyn bolup ýörºüò ºondanmydy? Atam, sen hergiz beýle bolmagyn. Huda bizni peºgeº beripdir. Hudanyò ýolunda gurban bolsam, ne armanym bar! Eý, atam, “Oglum ýok” diýip, asla gam kylmagyl. Mydam köòlüò hoº bolsun. Men jan berenimde ýanymda gülüp oturgyl, atam. Hudaý bizi sylapdyr. Ol bize sylag kylypdyr - diýip, ºu ýerde atasyna garap, Ysmaýyl jan bir söz aýtdy:
Budur bize haknyò beren sylagy,
Hak ýolunda gurban bolsam, ne arman.
Kabul bolsun hemme guluò dilegi,
Hak ýolunda gurban bolsam, ne arman.

Gurban bolsam ýaòy nowça çagymda,
Aglamagyl, gülüp otur ýanymda,
Huda jennet gülün düºär ýoluma,
Hak ýolunda gurban bolsam, ne arman.

Ysmaýyl diýr, hak iºine müò yrza,
Jennet ýolun hak beripdir karyza,
“Oglum ýok” diýp, atam bolmagyl gümra,
Hak ýolunda gurban bolsam, ne arman.

Ysmaýyl jandan bu sözlerini eºiden Ybraýym Halyl haýran galdy. “Be, meniò beýle merdana perzendim bar eken-ow! Tüweleme!” diýip, ol perzendini bagryna basdy. Pygamber ºol ýerde ýene aýtdy:
- Eý, oglum Ysmaýyl jan, balam jigerbendim, sen meniò günämi ötgül. Henize bu güne çenli pygamberlik bilen, mal-gara bilen meºgul bolup, asyl seniò merdanalygyòam bilmändirin. Meniò günämi ötgül, balam. Indi wagt az galdy. Tä öýe ýetýänçäk meniò öòümden ýöregin. Seniò kaddy-kamatyòny synlap, gözlerimni ýagºy gandyraýyn. Meniò diýenimi etgil, öòümden ýöre, oglum Ysmaýyl jan - diýip, ºu ýerde bir söz aýtdy:

Hak buýrugna yrza bolan perzendim,
Düº öòüme, boýòy göreýin, oglum.
Budur jigerbendim, dinim-imanym,
Düº öòüme, boýòy göreýin, oglum.

Gözläp tapa bilmen güler ýüzüòni,
Sürteýin gözüme gadam tozuòny,
Gidýän diýip, aýra salma özüòni,
Düº öòüme, boýòy göreýin, oglum.

Bu dünýäden kimse gider, kim galar,
Bize bu aýralyk gör, kimden geler,
Bu gün üstümizden salypdyr güzer,
Düº öòüme, boýòy göreýin, oglum.

Ybraýym dilegim kadyr Alladan,
Bizlerer kysmatdyr kadyr hudadan,
Jebraýyl emrine ýollagan bizem,
Düº öòüme, boýòy göreýin, oglum.

ªu ýerde atasyndan bu sözlerni eºiden Ysmaýyl jan ömründe birinji gezek aglady. Gözlerini ýaºa dolduryp, atasyny gujaklady:
- Eý, atam, janym atam, ol iºni maòa buýurmagyn. Indi men ylymly-sowatly boldum. Senden öòe düºsem, onda aýdarlar: “Be, bu atasyndan öòe düºd-ow” diýip, ulus-il maòa güler. Meniò ýüzüm gyzar. Eý, atam, maòa ºeýtan güler. Atam, ol ºeýtanny güldürmäli. Jan atam, maòa öòe düº diýmegil - diýip, ºu ýerde atasyna garap, bir söz aýdar boldy:
Närazy bolma atam, huda berendir,
Sizden öòe düºmek uýatdyr, atam.
Eziz ogluò dergähiòde durandyr,
Sizden öòe düºmek uýatdyr, atam.

Sizden öòe düºsem, il muny biler,
Uýalmakdan ýaòa gül ýüzüm solar,
ªeýtan-melgun muòa birehim güler
Sizden öòe düºmek uýatdyr, atam.

Ysmaýyl diýr, atam, gamgyn bolmagyl,
Hudanyò halanyn agyr görmegil,
Ýörgül, atam, orta ýolda durmagyl,
Sizden öòe düºmek uýatdyr, atam.

Bu sözlerini eºiden Ybraýym Halyl ogly Ysmaýylga aýtdy:
- Bolýar, oglum Ysmaýyl jan. Seniò göwnüòe degmäýin - diýip, ogluny özüniò sag tarapyndan ýöredip, onuò käkillerinden sypalap, ýene ýola düºdüler. Emma bu wagta çenli “Ybraýym Halyl öz ogly Ysmaýyl jany gurban çaljakmyº” diýen habar ymmata ýaýrady. Bu habarny eºiden halaýyk: ýedi ýaºdan ýetmiº ýaºa çenli erkek, aýal, oglan-uºak, garry-gurty - hemmeler Ybraýym Halylyò obasyna ýygnanypdy. Ýygnanan halaýyk obaga sygmandy. Ýaºulular özara maslahatlaºyp, obanyò gapdalyndaky uly dagyò etegindäki giò meýdana barmaly edipdiler. ªol meýdana halaýyk ýygnanypdy. Hemme gerek zatlary hem tapyp, taýyn edip goýupdylar. Halaýyk üýºüp dur. “ªeýle-de bir pajyga bolarmy? ªeýleki hanjar bilen öz perzendiò damagy çalnar oguºýa?!” diýºip, adam bary hümürdeºip durdular.
Ine, seretseler, bir tarapdan Ybraýym Halyl gelýär. Onuò ýanynda ogly Ysmaýyl jan hem bar. Olar has ýakyn geldiler. Üýºüp duran adamlaryò hümürdisi artdy. Olar ýakyn geldigiçe Ysmaýyl janyò ºöhlesi halaýyga düºdi. Halaýyk olarny gördi. Adamlaryò aýaklarynyò ysgyny gaçyp, mejallary bolman, hemmeler aºaga bakyp oturdylar. Ysmaýyl jan gelip, halaýyga mübärek gollaryny galdyrdy. Bu onuò halaýyga salam berdigidi. Soò ol iki elini döºüne goýup, halaýyga tagzym etdi. Bu bolsa onuò halaýyga “Hoº galyò” diýdigidi. Ysmaýyl jan soòra yzyna garady. Görse, özüniò ýedi ýyllap okadan ahuny sellesini tegeläp, gözýaº edip dur. Ahunyò ýanynda Ysmaýyl janyò ýedi ýyllap bile okan ýoldaºlaram gözýaº edip durlar. Ysmaýyl jan bularnyòam huzuryna bardy. Olarga baº egip: “Hoº galyò, mähriban ýoldaºlarym” diýdi. Soòra ol aýlanyp baryp görse, hemme zatlar taýyn edilipdir. Ullakan çukur gazylypdyr. Dört-bäº boý ýüp bilen ak saply pyçak hem-de ýassyk ýaly çalgy daºy bar. Ysmaýyl jan bularny birin-birin synlady. Olarnyò hemmesini barlaºdyryp geçdi. Hemme zat ýerbe-ýer bar.
Ine, bir görse, bir tarapda ejesi Bibihajar Kybla taraplarga garap, ellerini döºüne goýup:
- Eý, hudaý-a, biz hemmesine razydyrys. Güýç-kuwwatlarga mydar bergil. Ýüreklerge aram bergil - diýip, Hudaga tagzym edip durardy. Ysmaýyl jan ylgap baryp, mähriban ejesiniò öòünde çök düºdi. Ol:
- Bimar bolmada dideleriòi hun edip, ak süýt berip emdiren mähriban enem, belki, ýaºlyk çaglarym göwnüòe degendirin. Agyran-ynjan bolsaò, senem menden razy bolgul - diýip, gülüp ejesiniò maòlaýyndan ogºady. ªu ýerde Bibihajar ogly Ysmaýyl jany gujaklady. Soòra onuò her ýaòagyndan bir ogºady. ªol pursat Bibihajarnyò gözlerinde bir katra ýaº togalanyp gitdi. “Hoº balam” diýip, onuò bilen hoºlaºdy. ªondan soò Ysmaýyl jan ylgap atasynyò ýanyna gitdi. Ybraýym Halylyò huzuryna bardy. Ol atasy Ybraýymga aýtdy:
- Eý, atam! Bu iºlerni berjaý kyljak bolsaò, örän merdan bolgul. Hergiz aljyramagyl. Göwnüòe gorky getirmegil. Eger-de göwne gorky getirseò, seniò üstüòden ºeýtan güler. Ol ºeýtany hergiz güldürmegil, atam! Mert bolgul - diýip, atasy Ybraýym Halylga maslahat berip, Ysmaýyl jan bir söz diýdi:

Janym atam, gurban çalar bolsaòyz,
Bu iºleriò baryn berjaý jaýlagyn.
ªeýtan güler, göwne gorky salsaòyz,
Güldürmegin, onuò bagryn daglagyn.

Güler ýüzüò hergiz ºikest tapmasyn,
ªemli çyragyòy tozan tutmasyn,
Jan howluma dyzanymda sypmasyn,
Gol-aýagym mäkäm güýlüp baglagyn.

Haýp boldy nowça çagda gezenim,
ªeýle ýazylandyr kysmatym meniò,
Gözüò görüp eremesin ýüregim,
Ýüzüm bir az aºagrajyk towlagyn.

Ysmaýyl diýr, nury-iman diläp,
Ýitirmegil özüò ºol dem aljyrap,
Köòlüòni baglagyn, ýüzüòi salyp,
Pyçak ýiti bolsun, ony sazlagyn.

Ysmaýyl jan sözüni tamam edip, takdyra ten berip, hudaýy ýat edip, çukuryò gyrasyna baryp ýatdy. Ybraýym Halyl gapdaldaky dört-bäº boý ýüpi alyp, Ysmaýyl janyò el-aýagyny mäkäm güýldi. Soòra ak saply pyçagy alyp, Ysmaýyl janyò arka tarapynda çök düºdi. Ybraýym Halyl ak saply pyçagy ýokary göterdi. Ol Ysmaýyl janyò aýdyºy ýaly, çep eli bilen oglunyò kellesini tutup, ýüzüni aòyrrak edip, “Bissimilla” diýip, pyçagy ýokary göterdi weli, gapdalda duran Ysmaýyl janyò enesi Bibihajarda gurbat galman, soò aºak oturyberdi. Ybraýym Halyl “Bissimilla” diýip, Ysmaýyl janyò bokurdagyna pyçagy dartdy. Pyçak, göýä, buzuò üstünden ýüzen ýaly, taýyp, typyp gaýdyberdi. Ybraýym Halyl “gan ºowlap gidendir-ow” diýip pikir etdi. Görse, ol ak saply pyçak yzam etmändir.
- Eý, bar hudaý-a, bu nä hekmet boldy? - diýip, ol pyçagyny ikinji gezek dartdy. Ýene bolmady. ªol ýerde Ybraýym Halylyò gahary geldi:
- Eý, Alla, indi näme günäm bardy? Ryswaýy kyldyò meni - diýip, nagra tartdy, ýaòky pyçagy gapdalda ýatan çalgy daºyò ýüzünde goýup, bir dartdy welin, ýaòky pyçak çalgy daºny misli bir ýumºajyk bagry kesen dek iki böldi. ªol wagt asmandan bir owaz ýaò berip geldi:
- Eý, Ybraýym Halyl, saklan! Seniò kesjek gurbanyò, ynha, bärden barýar. Huda seni ýalkady, dilegleriò baryny hem-de gurbanlaryòyzy kabul kyldy. Ogluòny kesme-de, bärden barýany kes - diýip, yzy üzülmän, asmandan owaz geldi durdy. ªonda Ybraýym Halyl:
- Bu nä gudrat boldy? - diýip, asmanga garady. Görse, ýokardan ºahlary burum-burum bolup duran gara goç aýaklaram güýlüngi, çaluwa taýýar bolup, Ysmaýyl janyò gapdalyna çukuryò gyrasyna patylap gaçdy. Ybraýym Halyl oglundan aýrylyp, ol gara goçny gurban çalmaga durdy. Soò bolsa Ysmaýyl janyò üstüne özüni oklady. Ysmaýyl janyò gol-aýagyny çözmän, gözünden ýaºlar akdyryp, bir söz diýdi.
- Tur indi, balam, Alla bizni sylady, azat eýledi - diýip, bir söz aýdar boldy:

Hak buýrugna yrza bolan perzendim,
Turgul balam, Alla azat eýledi.
Sensiò nury-didäm, dini-imanym,
Turgul balam, Alla azat eýledi.

Gurban bolmak üçin meýdana geldiò,
Ýaradan buýrugyn boýnuòa aldyò,
Ähli musulmannyò nusgasy bolduò,
Turgul balam, Alla azat eýledi.

Käpir-ºeýtan bizni azdyrjak boldy,
Azdyra bilmedi, armanda galdy,
Hudanyò synagy bizden sowuldy,
Turgul balam, Alla azat eýledi.

Ybraýym diýr, oglum, razy men senden,
Meniò üçin geçdiò ºirin janyòdan,
Huda aýyrmasyn nur-imanyòdan,
Turgul balam, Alla azat eýledi.

Ybraýym Halyl bu sözni tamam edip, ogly Ysmaýylnyò el-aýagyny çözdi. Olarnyò ikisi-de ýokary galdy. Bularny gören halaýyk yzlaºyp, ataly-ogluò üstüne eòdiler. Ol wakanyò salgyny berer ýaly bolmady. Halaýyk Ybraýym Halylny, Ysmaýyl jany, Bibihajary, ahuny gujaklap durdular.
Külli musulmanlarnyò köòülleri Hudadan hoºal boldy.
- ªeýle hoºal ýaºamagy Hudaýym hemmelere miýesser etsin - diýip, Ybraýym Halylnyò bu kitap-rowaýaty tamam bolýar.
- Ine, bu kitap-rowaýatnyò söhbeti ºeýleräkdir. Tamam.


“Ybraýym Halyl” dessanyny ýazyp alan Akmuhammet Aºyrow. Mary ºäheri, 1983-nji ýyl.
“Türkmen halk dessanlary”, tom II, Aºgabat, “Türkmenistan” 1993.

 

Geziº ýoly: Baº / Edebiýat / Halk döredijiligi / Dessanlar

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk