Bash sahypa
Habarlar
Türkmenistan
Edebiýat
Taryh
Bilim
Maºgala
Güýmenje
...we º.m.

ÄNEW METJIDINIÒ ANSAMBLY

 

Halk arasynda Seýit Jemaleddiniò metjidi ady bilen belli bolan bu ymaratyò galyndylary Änew ºäherçesiniò gündogarsynda ýerleºýär. Arheologik maglumatlar Günorta Türkmenistanyò eneolit zamanynyò ýadygärliklerini “Änew medeniýeti” diýen at bilen ylmy dolanyºyga girizmäge mümkinçilik berdi.

Ansambly dört desga - metjit, onuò öòündäki gabyrüsti we beýik gümmezli zaly bolan iki sany jaý emele getiripdir. Bu çylºyrymly desga metjidiò, guburhananyò, medresäniò we hanakanyò wezipelerini ýerine ýetiripdir.

Änewdäki metjidi öwrenmegiò baºlangyjyny 1886-njy ýylda W.A. Žukowskiý baºlapdyr.1904-nji ýylda harabaçylygy R. Pompelliniò amerikan ekspedisiýasy gazypdyr. Sonky ýyly A.A. Semýonow metjidiò gysgaça beýanyny hen-de ony öwrenmäge çakylygy çap etdiripdir. 1920-nji ýyllarda A.A. Karelin we W.R. Tripolskiý deformasiýanyò we weýranlanmagyò sebäplerini barladylar, inžener S.S. Sklaýarowskiý bolsa çyzgysyny ýerine ýetirdi. Ýadygärligi konserwasiýa etmek iºlerini dürli wagtlarda W.R. Tripolskiý we N.M. Baçinskiý amala aºyrdy. 1947-nji ýylda M.Ý. Massonyò ýolbaºçylygy astynda Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasy ansambly çuò we hemmetaraplaýyn öwrenmek iºini geçirdi. ªonuò netijesinde-deençeme makalalar we G.A. Pugaçenkowanyò giòiºleýin monografiýasy (1959 ý.) peýada boldy.

Metjidiò portalynyò ýokarsynda Horasanyò hökümdary soltan Abul Kasym Babyryò (1446-1457ý.) ady getirilipdir. Ondaky ýazgyda ºeýle diýilýär:”Bu gurluºyk beýik soltan, öz halklarynyò eýeleri, ýurtlaryò we asyrlaryò penakäri Abul-Kasym-Bayr Bahadur han patyºalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiò özi onuò häkimiýetini we onuò paryºalygyny ebedileºdirsin”.

Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniò öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-d-diniò ýadygärligi üçin öz seriºdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär.

G.A. Pugaçenkowa metjidiò ýüzündäki ýazgyda ady gelýän Muhammedi soltanyò weziri bolan Muhammet Hudaýdot bilen bir diýip ynandyrýar, özi-de onuò bu ýerde jaýlanan kakasy Jemaleddiniò doglan ýeri Änew eken diýýär. Desga gurlup tamamlanmandyr, çünki soltan Babyr ölenden soò (1457 ý.) özara uruºlar we weýrançylyklar döwri baºlanypdyr.

Oòat biºen kerpiçden bina edilen metjit keramik mozaika bilen we syrça bilen gysganylman bezelipdir. Beýik portalynda inli depesi çowly arasy bolan metjidiò gapysy howlynyò içine tarap açylýar eken. Gapynyò arkasynda ellistik gümmez bilen örtülen inedördül (taraplary 10,5 metr) zaly bolupdyr. Gümmez çekili arkalaryò we konstruktiw taýdan tamamlanmadyk stalaktit dekorasiýaly paruslaryò üstüde durýar eken. Peºtagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyò jümmüºinde günorta diwaryò ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr. Onuò gapdallarynda günorta diwaryò ýüzünde insizje tagçalar edipdirler, olar diwaryò daº ýüzüne çykytly edilipdir. Metjidiò beýleki iki diwarynda hersinde ikiden inli çuò tagçalar edipdirler. Bu tagçalar hem hüjreli sokol etažynyò derejesinde metjidi üç tarapyndan gurºan eýwanyò içine çykytly edilipdir.

Iki gapdalynda oòa goºulyp guralan gurluºyklar metjidiò portalynyò öòündäki giò howlyny gabsapdyr. Olaryò gümmezli zallary (diametri 7 metr töweregi) iki etažynda hem kiçeòräk otaglar bilen gurºalypdyr.

Portalyò ýozaik bezeginiò çeperçilik özboluºlylygynyò uly gymmaty bolupdyr. Ol bezegde arkanyò, üstünde bir-birlerine tarap kellelerini uzadyp süýnüöip gelýän iki sany eýmenç görnüºli aždarhanyò ºekili çekilipdir. Olaryò sarymtygarak göwresi ownuk ösümlik nagyºly garamtyl-mawy mozaik düºegiò üstünde towlanyp barýat, ol ownuk ösümlik nagyºlary fantastik janawarlaryò her biriniò açylan agzyndan baºlanýar.

Jaýyò öò ýüzündäki monumentel sungatda ºuòa meòzeº aždarhalaryò ºekillendiriliºiniò nusgasy Orta Aziýada baºga ýok. Änew metjidinde aždarhalaryò ºekillendirilmeginiò manysyna has ynamlyrak düºündiriºi G.A. Pugaçenkowa berýär. Ol “munuò özi XV asyrda Änew töwereginde ýaºan ... esasy türkmen taýpasynyò totemidir, ähtimal Änewde jaýlanan ºeýh Jemaleddin hem ºol taýpadan bolandyr“ diýip hasap edýär.

Bu metjidiò gurluºygy hakda ýerli ilatyò arasynda ur döwürlerden bäri ºeýle rowaýat dowam edip gelýär:”Bir wagtlar ºäheriò gala diwarynyò düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaò asylyp goýlupdyr. Baºyna iº düºen her bir ýolagçy jaòy kakmak bilen ºähere duýduryº berýär eken, ilat bolsa oòa kömege gelip, baºyna düºen iºden ony halas edýärler eken. Bir gezek adalatly we parasatly Jamalyò ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaòyò gaty we howsalaly kakylýandygyny eºidipdirler. Derwezäniò agzyna ylgaºyp gelenerinde olar ägirt uly towlanyp duran aždarhanyò jaòy kakandygyny görüpdirler. ªunda ol aždarha bir zady görkezýän ýaly edip, daga tarap ümläpdir, soòra bolsa märekäniò arasynda elleri paltaly we byçgyly duran iki ussa tarap ümlenip, daga tarap ugrapdyr. Patyºa aýal Jamal ussalara aždaranyò yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Bular daga baranlarynda, agyr jebir çekip ýatan baºga bir aždarhany görüpdirler : ol uly dag geçisini diriligine ýuwdupdyr, emma onuò buýralay ºahlary aòryk geçmän, aždarhanyò bokurdagyna iliºip galypdyr. Edermen ussalar aždarhanyò açylyp ýatan agzyna girip, dag geçisiniò ºahlaryny byçgy bilen kesip aýrypdyrlar we geçiniò etini böleklere bölüºdiripdirler whem-de aždarhany jebirden gutarypdyrlar. ªundan soò birinji aždarha ussalary hazynadan doly bolan bir derä eltipdir we olara ºol hazynadan gereklerini hem-de göterip bilenlerini almaga ygtyýar beripdir.

Ertesi ºäheriò ilatyny ýene-de jaòyò sesi oýadypdyr. Olar galadan çykanlarynda iki aždarhany hem görüpdirler, ol aždarhalar köp altyn we gymmatbahaly daºlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyºa aýalyò öòünde goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler. Jamal bu gymmatbaha zatlardan uly metjit gurmagy we onuò peºtagynda ºu zatlary beren aždarhalaryò ºekilini çekmegi buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiò ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär, olaryò ºekili bolsa ýykylan metjidiò ýüzündäki ýazgyda atlandyrylyºy ýaly “Gözellik öýüni” gorap saklapdyrlar.

 

Geziº ýoly: Baº / Taryh / Türkmenistanyò taryhy ýadygärlikleri / Ahal welýaty / Änew metjidi

© TM (2001)
Sahypa barada

Ýokaryk ýokaryk