Mazmuny:
ªahyryò döredijiligi
Nurmuhammet-Andalyb döredijilik iºine ýaºlykda baºlapdyr. Onuò döredijiligi
tematik hem tär taýdan köp taraply we baý. Ideýa çeperçilik taýdan bolsa, örän
ýokary hem täsirlidir. Ol özüniò çuòòur zehini, ajaýyp talanty bilen birtopar
goºgydyr-gazarlary, “Oguznama”, “Nesimi”, “Sagdy Wakgas”, “Kyssaýy
Fyrgun”, diýen poemalaryny “Ýusup-Züleýha”, “Babaröwºen”,
“Zeýnelarap”, “Leýli- Mejnun” ýaly dessanlaryny “Melike-Mährinigär”
powestini döredýär. ªahyr mundan baºgada arap dilinden “Maksatnama”, pars-täjik
dilinden “Dört peri”, “Mürze Hemdem” diýen dessanlaryny türkmen diline terjime
edýär. Ussat ºahyr Nowaýynyò, Fizulynyò, Jamynyò, Wepaýynyò we baºgalaryò
gazarlaryna tahmyslar ýazýar.
Andalybyò poemalary
1. “Oguznama” poemasy türkmenleriò ata-babalary bolan Oguzlar
barada taryhy maglumatlar berýär. Onda Oguzlaryò ýaºan ýurtlary, durmuºy, harby
ýöriºleri, ir-iýmiºleri, däp-dessurlary, Oguzhanyò nebereleri, olaryò
ýaºaýyºlary çeper teswirlenýär. Eserde baº gahryman Oguzhan bolup, onuò obrazy
örän täsirli ynançly berilýär. Oguzhanyò öwüt-nesihatlary, il-halk, adyllyk
baradaky syýasatlary örän ähmiýetlidir.
Bu poema on bir bapdan ybarat bolup, goºgy düzüliºiò meslewi ºeklinde
ýazylandyr.
2. “Nesimi” poemasy dünýä belli ºahs türkmen ºahyry Seýit
Nesiminiò (1370-1417) durmuºy ýaºaýºy we tragik ykbaly beýan edilýär. Eser 1312
setirden ybarat bolup, Nesimini öwrenmekde örän gymmatly, taryhy hem çeper
materialdyr.
3. “Sagdy Wakgas” poemasy VII asyrda ýaºan taryhy ºahs bolan
sahaba Sagt ibn Ebi-Wakgasa (Muhammet pygamberiò iò ýakyn adamy) bagyºlanypdyr. Sagdy
Wakgas sahylykda dünýä özüni tanadan adam bolupdyr. ªahyr by eseriò üsti bilen
adamlary adamkärçilige, sahylyga, myhmansöýer hem agzybir ýaºamaga, men-men
bolmazlyga çagyrýar.
4. “Kyssaýy-Fyrgun” poemasy bolsa, adyndan belli bolºy ýaly
gadymy Müsür Fyrgunlary (Faraonlary) baradadyr. Bu eserde Musa pygamberiò dünýä
iniºi, terbiýelenºi we kemala geliºi baradaky rowaýat çeper beýan edýär.
Andalybyò dessanlary
1. “Babaröwºen” dessany. ªahyr bu dessany dini temada ýazmak
bilen dördünji çaryýar Hz. Alynyò mysalynda adamlary garyplara hemaýat bermeklige
çagyrýar.
2. “Ýusup-Züleýha” dessany. Andalyp bu dessany 1715-1723 -nji
ýyllarda Hywada hanlyk eden ªirgazy hanyò haýyº etmegi bilen ýazylypdyr. Dessanda
mukaddes söýgi temasy haýyr hem ºer iºler, agzalalyk, talaòçylykly uruºlar bilen
baglanyºykly çözülýär. ªahyr bu eserde erkin söýgi, insanperwerlik,
watansöýjülik, parahatçylyk ýaly hemme döwre derwaýys pikirleri öòe sürýär.
Dessanyò baº gahrymanlary, ýedi sany hak aºyklaryò biri- Ýusup hem Züleýha
durmuºyò iò pajygaly günlerini baºdan geçirýärler. Eserde Züleýhanyò mähirli
söýgisi, Ýusubyò akylly-baºly hereketleri Müsür ilini heläkçilikden gutarmakda
ähli elhenç güýçleri ýeòip geçýär, hakyky söýgi rowaçlanýar.
3. “Leýli-Mejnun” dessany. Bu eser hem Gündogar edebiýatynda,
halk döredijiliginde belli bolan “Leýli-Mejnun” arap ertekisi esasynda ýazylandyr.
ªahyr eseri özüçe iºläp, ony türkmen däp-dessurlary bilen baýlaºdyryp, dessan
ºeklinde ýazypdyr.
Dessanyò temasy yºk-söýgi sosiýal deòsizlik. Onda azat päk söýgi, wepalylyk,
dostluk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, zuluma, adalatsyzlyga garºy göreº pikirleri
öòe sürýär. Dessanda ähli waka Leýli bilen Mejnun päk söýgüsi, eneden doglan
günlerinden baºlanan söýgüniò iò ýokary derejä ýetiºi bilen baglanyºyklydyr.
“Leýli-Mejnun” dessany, olaryò päk söýgüsi-ýedi hak aºyklaryò biri,
gözelligiò wepalylygyò alamaty hökmünde adamlaryò aòynda ýaºaýar.
4. “Zeýnelarap” dessany hem ºahyryò Yslam dininiò wekilleri
barada ýazan eserleriniò biridir. Dessanda Hz. Alynyò ogly Muhammet Hanapýanyò
Zeýnelaraba bolan söýgisi beýan edilýär. Nurmuhamet-Andalybyò “Zeýnelarap”
dessany hyýaly ertekilere çalymdaº, örän çeper hem gymmatly eser bolup, ol türkmen
edebi mirasynda uly goºantdyr.
Nurmuhammet-Andalybyò ºahyrana pähimi bilen dürli temalarda döreden ajaýyp
dessanlary türkmen edebiýatynyò milli hem hakyky ºekili bolan dessançylyk tärini
kämilleºdirdi hem baýlanyºdyrdy.
JYKYR
Höweslik daýhanlara bir näzenin jenan jykyr,
Bolsa suw wagty ekiºde, aýlanar çenden jykyr,
Iki ýüz tylla bahasy bolsa hem arzan jykyr,
Bulduran suwny guýar-da öresi lerzan jykyr,
Eºki silap gözlerinden akuzur girýan jykyr.
Her säherler nala eýläp, kyçkurur ºeýda bolup,
Aýlanar ýüz nagma bilen, bilbili göýä bolup,
Kölçe-kölçe ýerlere rehmet suwy derýa bolup,
Rehmetinden gögerer jümle nebadat ja bolup,
Hak tagala zikrin aýdar gijeler efgan jykyr.
Sen gulak goýsaò, ýakar her dembe-dem owazy hoº,
Balaman, dutar, rebap, setardan agazy hoº,
Suwy perawan bolsa hem bolar anda ýazy hoº,
Dembe-dem tökse digir suwny pykyrdap näzi hoº,
Biz kibi uftadalarnyò derdine derman jykyr.
Bolsa göýä bir sapar kim, oýlanur-da joº eter,
Eýesi ýüz müò sena birle köòlüni hoº eter,
Mähriban bolsa huda, kimge jykyrny duº eter,
Kim jykyrnyò lezzetin bilmez, ki ol medhuº eter,
Der hakykat bilgen ilge asly bu daýhan jykyr.
Bu jykyrga münde bir ýagaç biliò derkar erur,
Her biri bir labz ile zikru hudaga ýar erur,
Biri subhan, biri diýr, alhamdululla ýar erur,
Aýlanur-da gysgany çarhy pelek dek bar erur,
Diýgeri hüw-hüw diýip, bagyrar birýan jykyr.
Öresi bakyp semaga, arºy-agla görgüsi,
Hak tagala birligine hem güwälik bergüsi,
Eýgesi hak sunguna daýym tomaºa kylgusy,
Suw gelip pest-belent ºorga bu zeminler tolgusy,
Abyrehmetden gögerur bag ile bostan jykyr.
Lailaha-illa diýip, arpa-bugdaý baº urur,
Laºerike wada hu diýp, jugary hem çaº urur,
Käºiru-künji, sogan, ºaly ajaýyp aº olur,
Jugarany köp ekiò, anyò huruºy mäº olur,
Yhtyýat eýläò ýaranlar, bolmasyn weýran jykyr.
Hem üzüm peýda olur enjiru, zerdalylar,
Alma, kiºmiº, harbuzy-tarbuzy, garalylar,
Pisteler, enarlar, naºbaty ºeptalylar,
Sowsanu-sünbül, gyzyl gül açylyp gül-läleler,
Uºbu güllerni görüp, hakdan bolar mestan jykyr.
Kimiòki bilmez bu jykyrnyò lezzetin haýwan erur,
Telmuryp oltursa suw diýp, akmagu-nadan erur,
Taºmasa suw ýer üçin, iºimiz müò efgan erur,
ªükür Alla, Andalyp kyldy jykyr jöwlan erur,
Bizi kibi uftadalarynyò derdine derman jykyr.
|